Gatnaşyklarda etmeli däl zatlaryňyz
Käbir gatnaşyklar bardyr, derrew başlap soňlanar, käbiri bardyr, gaty uzak wagtlap sarsman dowam eder. Gatnaşyklara zyýan beren zatlar bardyr. Iň erbedem bularyň käbirini bilmän özümiz etýäs. Geliň onda gatnaşyklarda etmeli däl zatlar barada bileliň.
1. Özüň bol
Iň wajyp zatdyr özüň bolmak. Käbiri birine gowy görünmek üçin her hili häsýetlere girýär, hereketlerini üýtgetýär, gürleýşini üýtgetýär, düşünjelerini üýtgetýär, ýagny özi bolanok. Eger özüň bolmasaň hökman gatnaşygyň bir ýerinde ýadarsyň. Ýadanyňdan soň özüň bolup başlaňda garşyňdaky seni taşlar. Şo sebäpli hökman özüň bolmalydyr. Sypatdan sypata girmek iň ýalňyşylýan zatlaryň biridir. Eger biri seni özüň bolanyň üçin söýmese ol eýýäm ýalňyş adamdyr, goýber gitsin. Seni sen bolanyň üçin söýmeli, seni bolşuň ýaly kabul etmeli.
2. Oňa baglanma
Bulam iň wajyp meseleleriň biridir. Hatda iň wajyby diýip bileris. Umuman käbiri birini söýse şoňa durşuna baglanýar, şonsyz hiç zat edip bilenok, ony iň wajyp adam hasaplaýar, hiç kimi onuň ýaly söýenok, ondan başga hiç kimi söýenok, ol näme diýse edip dur. Bu gaty zyýanlydyr. Ony durmuşyňyzyň merkezine goýmaň. Eger şeýle etseňiz onda onuň çeňňeginde bolarsyňyz. Goýun ýaly ýagdaýa düşersiňiz. Ony şilkertmäň. Eger beýdip çynyňyz bilen söýseňiz, sizi terk edende gaty erbet bolup depressiýa düşersiňiz. Soňam pikir edýärler "näme üçin meni terk etdi?" diýip. Soň göwnüne ýaranjak bolarsyň, ony ýitirmejek bolarsyň, şonda-da seni taşlap gider. Umuman oňa baglanmaň. Oňa wagt aýyryň, ýöne özüňizede aýyryň. Ol diýip isleýän zatlaryňyzdan geçmäň.
3. Onuň her islegini ýerine ýetirme
Gatnaşyklarda käwagt biri ikinji orunda bolar. Seni elmydama ikinji orunda görer we seni ýitirmekden gorkmaz. Munyň iň uly sebäplerinden birem onuň her islegini ýerine ýetirmekdir. Meselem söýgüliň näme diýse edersiň, sebäbem oňa gowy görünjek bolarsyň, ýöne beýdip onuň ikinji ornuna düşersiňiz, seni kiçi görüp başlar. Gowy görüneýin diýip durkaňyz onuň çeňňeginde bolarsyňyz. Elmydama onuň burny ýokarda bolar, ýitirmekden gorkmaz, sebäbi sen onuň hemme diýen zadyny edip dursyň, "menden geçip bilmeýär" diýen düşünje berersiňiz garşyňyzdaka. Ediň, etme diýemzok, ýöne her zadyň çägi bardyr, käwagt onuň islegini ýerine ýetirmek üçin öz islegiňden geçersiň. Gatnaşyk bolsa ikitaraplaýyn zatdyr. Meselem saňa bir ýere gideli diýse, işiň baram bolsa ony öýkeletmejek bolup bor diýersiňiz. Ýada islemeseňizem bor diýersiňiz. Ine bu ýalňyşdyr, onuň çeňňegine düşersiňiz. "Ýok" diýip bilmäni başarmagyňyz gerek. "Ýok" diýip bilmäni başarmasaňyz gaty kösenersiňiz. Ýöne munam ulaltmaly däl, ýagny näme diýse "ýok" diýip durmaly däl, aýdyşym ýaly garşylykly bolmaly.
4. Düzgünleri sen goý !
Gatnaşyk garşylykly zatdyr. Diňe söýgüliň bellemesin gitmeli ýerleri, diňe söýgüliň saýlamasyn iýiljek naharlary. Özüňem saýlamagyň gerek. Meselem bir gün ol diýse, bir günem sen diýersiň. Her gün ol diýip durmasyn, ýada her gün sen diýip durma. Garşylykly bolmaly. Gatnaşyk, garşylykly dowam eden zatdyr.
5. Gaty açyk bolma
Gatnaşyklarda käwagt biri özi barada ýada islendik bir zat barada aşa gürrüň berer. Meselem maşgalaň barada hemme zadyňy açyk aýtma.
"Kakam FBI tarapyndan gözlenip ýör", "Erkek doganymam elmydama gije içip gelýär aýtsamam edenok", "Daýzam çigit çigitläp futbol görýär" we ş.m gepler itiji görkezer. Jikme-jik hemme zady aýtma. Bilşimiz ýaly gizlinlik bilesigelijilik döreder. Bulam size üns toplar.
6. Pozitiw bol
Şu sanalan zatlaryň hemmesi şuňa bagly. Pozitiw bolmagyňyz gerek. Göwnaçyk bol. Agras boljak bolup, oňa "agressiw" diýdirjek bolup kösenip ýörmegiň hiç bir zada peýda etmez. Elmydama onuň ýanynda ýüzüňi iki garyş edip oturma meselem. Gaharlysyran bolup, kakdyryp sözler diýen bolup oturma. Gaty biderek zatlar. Pozitiw bol, negatiw hereketler etme. Daş töweregiňe energiýa ýaýrat. Beýle diýilse bir ýasda, patada-da pozitiw boljak bolup gülüşip degişip oturmaly däl, umuman aýtýan.

12комментариев
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.