nairoby

Tebigatyň hem durmuşyň sazlaşygy

Nowruzyň getmegi bilen tebigat jana geiip, ynsan kaibynda joşgun emeie getiiýär. Her ýyi bahar aýynda beiieniiýän Nowruz baýramy ir zamaniardan gözbaş aiýar. Gadymy haikiar bu baýramçyiygy gaýgy-gamyň unudyiýan, şadyýaniygyň, saz-söhbediň, täzeienişiň, päkienmegiň we sahyiygyň baýramy hökmünde ykrar edipdirier.

Ferdöwsiniň «Şanama» eserinde Nowruz baýramy Jemşit patyşanyň döwri bilen baglanyşdyrylypdyr. Eserde Jemşidiň «gudratly jamynyň» bolandygy şol jama seredip, öz patyşalygynda bolýan ähli zatlara syn edip bilendigi, bu ahwalyň şahyrdyr suratkeşleriň üns merkezinde bolandygy beýan edilýär. Gadymy rowaýatlara görä, Jemşit uzak wagtlap patyşalyk edipdir. Onuň döwründe gowulyklar, ahlak arassalygy höküm sürüpdir. Jemşit patyşa halklara geýim tikmegiň, jaý gurmagyň, ekerançylygyň syrlaryny öwredipdir. Nowruz baýramy baradaky maglumatlary Omar Haýýamyň «Nowruznama» eserinden-de okamak bolýar.

Bahar paslynyň gelmegi bilen, ýurdumyzda Garagum sährasyny etekläp oturan ýerleri gök tokaý zolagyna öwürmek üçin ählihalk bag ekmek dabarasy geçirilýär. Hemişe gök öwüsýän tokaý zolaklary bu ýerleriň bezegine öwrülip, ajaýyp sähra gözelligi döreýär. Derýalaryň, kölleriň, ýaplaryň töweregine tut, derek, arça ýaly agaçlar ekilýär.

Nowruz golaýlaşdygyça topragyň ýylylygy hem artýar. Rysgal-berekedi ýagmyrda görýän çarwadyr daýhan gyzgalaňly zähmete girişýär.

Magtymguly Pyragy: «Diýdiň: «Ötsün gyş, tapar men täze nowruzdan seni» diýmek bilen, aşyk-magşuklaryň wadalaryna wepalydyklaryndan, birek-birege ynanyş-ýandyklaryndan söz açýar.

«Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýyly diýlip atlandyrylan 2021-nji ýylyň Halkara Nowruz baýramyny parahatçylyk söýüjilik, hoşniýetli goňşuçylyk, giň we netijeli hyzmatdaşlyk syýasatyny alyp barýan Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan Diýarymyz uly toý-baýramlara besleýär.

Bu ýyl güneşli Diýarymyzda mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllygy giňden baýram edilip, ol ýurdumyzyň taryhynda ýatdan çykmajak ýakymly wakalaryň biri bolar.

«Ýyl gelşinden, nowruz garyndan bellidir» diýlişi ýaly, täze ýylyň başynda ak garyň ýagmagyny ekerançylar, maldarlar bolçulygyň nyşany hasaplaýarlar. Nowruz öýlerimize rysgal—döwlet, kalbymyza şatlyk getirýär. Nowruz bilen bagly halk arasyndaky däp-dessurlar, rowaýatlar, sanawaçlar, aýtgylar, nakyllar bu baýramçylygyň öz köklerini asyrlaryň jümmüşinden alyp gaýdýandygyna şaýatlyk edýär.

«Ak ekine ýokardan, gök ekine akardan», «Bag ekeniňki, ýap çekeniňki», «Bahardaky hereket, güýzki bereket», «Daýhan mert — ýer jomart», «Nowruzdan soň gyş bolmaz, mizandan soň ýaz» diýen parasatly pähimlerden görnüşi ýaly, ýylyň berekedi, rysgal-bolçulygy kalbymyza şatlyk, ruhumyza täze umytlary getirýär. Nowruz bilen baglanyşykly yrymlar, däp-dessurlar, nakyllar adamyň zähmet edermenligine, yhlasyna täsir edýär. Ýagýan ýagmyr uly berekede öwrülýär. «Garyň känligi — gallaň bollugy», «Gyşyň gary — ýaza däri» diýen nakyllar tebigatyň täsinlikleri bilen baglanyşdyrylypdyr.

Tebigat bilen sazlaşykly ýaşamak adamlaryň dünýägaraýşyna, maşgala durmuşyna-da uly täsir edýär. Nowruz täzelenişiň, dost-doganlygyň, ynamdarlygyň, gözelligiň, joşgunyň, yşkyň nyşany hökmünde halkara derejede baýram edilýär. Asyrlaryň dowamynda kämilleşip, umumadamzat gymmatlygyna eýe bolan hem-de halkymyzyň kalbyna, ruhy durmuşyna siňen milli däp-dessurlarymyz, toý-baýramlarymyz täze türkmen jemgyýetiniň gündelik durmuşynyň aýrylmaz bölegine, täze öwüşginli bezegine öwrüldi.

Milli baýramlarymyzy dabaraly geçirmekde ähli mümkinçilikleri döredip berýän hormatly Prezidentimiziň jany sag, ömri uzak, tutumly işleri rowaç bolsun!
лайков 158 просмотров
4комментария
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Enesh
Автор 23 дек 2021, 20:19
google-da ýazdym wn şuny çykardy
Leyli Amanowa
23 дек 2021, 20:21
Sps doroguşa ???
My life
23 дек 2021, 21:58
Enesh,
Siz taze agzamy?
Enesh
Автор 23 дек 2021, 22:08
Цитата: My life
Enesh,
Siz taze agzamy?

Enegülll menn