«Aşgabat-siti» üçin Halkara bäsleşik

Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministrligi «Aşgabat-siti» ýaşaýyş toplumynyň ýerleşjek ýeriniň inžener-geologik gözleg işlerini toplumlaýyn geçirmek üçin bu ugurda baý tejribesi bolan ýöriteleşdirilen kompaniýany işe çekmek üçin HALKARA BÄSLEŞIK yglan edýär. Bu barada “Türkmenistan” gazetinde bildiriş çap edildi.

Gyzyklanma bildirýän taraplaryň haýyşnamalary we teklipleri Aşgabat şäheriniň Arçabil şaýolunyň 84-nji jaýynda ýerleşýän Gurluşyk we binagärlik ministrliginiň «Aşgabat-siti» Gurulýan desgalaryň direksiýasynyň daşary ykdysady gatnaşyklar bölüminde bellenilen tertipde kabul edilýär we resmileşdirilýär. Haýyşnamalar 2022-nji ýylyň9-njy fewralyna çenli kabul edilýär.
1 лайков 120 просмотров
5комментариев
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Shahrukh khan
26 дек 2021, 20:05
Bagyr Bekrewe Yalkym Gokje yykylyp shol yerden gurulya Asgabat siti
Asyrow_Danco
Автор 26 дек 2021, 20:06
Shahrukh khan,
Özä bet boljakmy kä diýýän
Aýnur
26 дек 2021, 20:22
Şo jaýlarda ýaşasaňay:)) arbuz
Kalp doctory
26 дек 2021, 20:52
Mena bu binalary dalde tokayly owadan agacjan yazalan jay bn gozel tebigaty halayan
Kalp doctory
26 дек 2021, 20:58
yasalan bolmaly