Ynsanyň özüne eden iň uly zyýanlary

Käwagt ynsanyň özüne eden erbetligini duşmanam şoňa etmez. Ençeme erbet meseläniň sebäbi biz ýada biziň görüşimiz üçindir. Muny köpümiz bilmeris, käwagt bilsegem çäre tapmarys. "Şeýle geldi şeýle gider" şeklinde dowam ederis durmuşymyza. Maksadymyz "iň gowy" bolmakmy ? Elbetde ýok, hiç kimem "iň gowy" däldir. Ýöne maksadymyz dury we gowy ýaşaýyş, maksadymyz özümize has köp üns bermek.

1. Başgalarynyň sözlerine we düşünjelerine has köp üns bermek.
Eger başgalarynyň düşünjesini gaty köp pikir etseň ýada üns berseň özüňize gaty uly zyýan edersiňiz. Hemme kişiniňkini däl, meselem maşgalaňdyr, ýakyn dosduňdyr, ýada pozitiw görüşli bir maslahatdyr, bulara üns ber. Ýöne gidip ol çetki obada ýaşaýan Aýnabat daýzanyň sözüni gaty üstüňe alma. Bulara gaty köp üns berseň hem seni yza çekerler, hem eliňi-goluňy baglarlar. Başgasy üçin hereket etme, has dogrusy başgasy üçin ýaşama.

2. Özüňi gizläp "rol" oýnamak.
Rol oýnamak, rol oýnap özüňi muňa kabul etdirmek ynsanyň özüne eden iň uly zyýanydyr. Sen näme bolsaň şeýle dowam etmeli. Üýtgemäne, özüňi gizlemäne synanyşmaly däl. Eger ädimleriň özüňe üns bermek bolsa mesele ýok, has gowy biri boljak bolmak, has köp zat öwrenmek, has medeniýetli bolmak gowudyr, muňa sözümiz ýok. Ýöne seni "sen" eden bir aýratynlygyň bar bolsa, muny gizlejek bolma. Bir pikir beýan etmeli meselede, hakyňy gözlemeli meselede, "aý meni uzyn dilli hasaplamasynlar" diýip gizleme özüňi meselem. Bu özüňi gizlemek sebäbi. Ýöne uzyn dillem bolma. Muny gowy ulan we pikiriňi aýt. Ýagny özüňizi bolşuňyz ýaly söýmek gerekdir.

3. Gorkulara tabyn bolma
Hemmämiziň gorkulary bar, birimiz ýylandan, birimiz filmden we birimizem ýalňyzlykdan. Ençeme gorkularymyz bolup biler, bu adaty zat, ýöne bulara tabyn bolmak zyýandyr. "Men göwnüme degilmeginden gorkýan" diýip ynsanlardan gaçmak, "ýalňyz galmakdan gorkýan" diýip, bolmajak kişiler bilen gatnaşmak we ýene-de ençeme zat. Gorkunyň hijem peýdasy ýokdyr. "Gorkýadym ýitirmekden seret soňunda nähili şadyýan gatnaşygym boldy" diýen ýok. Käwagt üstüne gitmeli, we käwagtam göreşmelidir munyň üçin.

4. Geljekden umytsyz bolmak
"Şeýle geldik şeýle gideris", "Bu wagtdan soň näme üýtgär", "Bizde şans barmy", "Aý bu ýaşdan soň näme üýtgär", eger şu we şuňa meňzeş sözleri diýýän bolsaňyz özüňize zyýan edersiňiz. Durmuş "surprizler" bilen doly, nämäniň haçan boljagy belli däl. Sen bu sözler bilen umydyňy ýitirýäň. Maksadyň bolsada başa barmaýar. Meselem bir gatnaşykda aýrylyşypsyňyz, otyrsyň iki garyş bolup, hiç kimi pikir edeňok, hiç zat iýeňok, diňe şony düşünýäň. Şol wagt ýanyňdaky çaýdan bir jyn çykyp "Dile menden näme dileseň" diýmese seniň gowy zadyň tapmagy mümkin däl. Ol jynada "Şony isleýän" diýersiň meselem, olam geler "Men islämok" diýer, gider. Islemeli, etmeli zatlary ýerine ýetirmeli. Islärsiň we ýerine ýetirersiň, bak isläp garaşmaly diýemok, aýaga galmalysyň, herekede geçmeli. Sebäbi "Hak etýänim şu" diýmeli, "Men şuňa laýyk" diýmeli. Herekede geçmeseň, aýaga galmasaň, jyrjaşmasaň saňa hiç kim "Dilegiň näme" diýmez. Geljekden umydy kesmeli däl.

5. Başgasyny has başarjaň görmek
Özümize üns bermän, başgalaryna özümizden has üns berseň, hatda has başarjaň görseň özüne ýene-de zyýan edersiň. Bu söýgüliňem bolup biler, dosduňam bolup biler, işdeşiňem bolup biler, gowy görýän aýdymçyňam bolup biler. Şuny diýeris, birini halap bilersiňiz, medeniýetlidir, akyllydyr, owadandyr. Ýöne onuňam ynsandygyny unudyp özüňizden has üstün görseň bu meseledir. Meselem ol kişä özüňizden paý berersiňiz, ol gözüňizde ulaldygyça, siz pese düşersiňiz. Munam, siz edersiňiz. Sizem düşdügiňizçe, ol ezmäne başlar. Elbetde hemme kişi üçin däl bu, ýöne çeňňekde bolmak şekli köpüňiz bilýänsiňiz.

6. Bir tarap
Hemme durmuşyňyzy bir ýagdaýa, bir pikire, bir käre ýada bir adama baglamak. Bulam gaty zyýanlydyr. "Biz partiýanyň adamy, asla dönmeris", "Biz dawa adamy", "Men oňa gaty ynanýan, ol näme diýse şol" bir gün ol adam ortadan ýiter, bir gün ol partiýa dagar ýada pikir ýok bolar, we sen ortada galarsyň, arassa galarsyň. Ol pikirlere ýada ol adama we ş.m zatlara durmuşyň 100-de onuny aýyr, galanyny özüňe seretmek bilen geçiriň, sosial gatnaşyklar guruň, özüňe köp wagt aýyr.
5 лайков 276 просмотров
12комментариев
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Hanguly
Автор 29 дек 2021, 21:19
Çeşme ýene-de SW. Özüm üýtgetdim käbir zady, aslynd köp bu ýazgy, 3-e 4-e çenli bar, ýöne birinjisi iň wajyby
Ejegyz.
29 дек 2021, 21:22
Dogry
Leyli Amanowa
29 дек 2021, 21:22
Ejemden gorkyan diňe...
Kalp doctory
29 дек 2021, 21:22
Salam agam meng gozlap yoren jogaplam shular sagbol kop kopWlad,
Hanguly
Автор 29 дек 2021, 21:25
Nairobi,
Gork, eger bu gorky arzuwlaryňy köreltýän bolsa onda bu gorkunyň diňe zyýany bar
Ogulşirin Bayramowa
29 дек 2021, 21:26
Bolýa!
Leyli Amanowa
29 дек 2021, 21:45
Wlad,
uly mesele şu. Birine aydyp bermesem bolanok. Şol gorkylar diyip wara aslynda okuwdan yykylmagymyň duyp sebäbi şol ene-atamdan gorkyanlygym
Hanguly
Автор 29 дек 2021, 22:07
@Nairobi
Ene-ata çaganyň we maşgalanyň iň uly öňdegelenleri şo sebäpli maşgalanyň, çaganyň nähili boluşy şolara bagly. Umuman her ene-ata çagasy üçin peýdaly zat edenok. Hatda Türklerde "Toksik anne babalar" diýip bir adam çykdy olara. Ene-ata her tarapdan bilýän bolmaly aslynda, çaga hökman gowy ýetişýär onsaň. Meselem seniň gamgyn wagtyňy, ýaşyň 18-i geçen soň seniň bilen edil jora ýa dost ýaly bolmalydygyny, kiçijek jikme-jikleri, ýüzünden okamagy, ýatanda mydama bolmasada käwagt ogşap ýada gowja sözler diýmegi, sögüp soňam iň biderek ýaly görünen zat bilen göwnüni almagy, dogry terbiýe berlişini, nädip gürleşmelidigini umuman hemme zady bilmeli. A nirde bar olar ýaly ene-ata ? Bardyr ýöne azdyr. Diýýäler bir söz boldy çaganyň aňyna ýapyşýar şo söz soň mydama.
Senem gorkmajak bol, bak durmuşyň köýer, bu durmuş seňki, soň has ulalaňda peýdasy ýok. Seretýän eýýäm wagt gidipdir. Şo sebäpli biraz düşünişjek bolmaly.
Leyli Amanowa
29 дек 2021, 22:11
Wlad,
uly tema bu yerde aydasym gelenok
Hanguly
Автор 29 дек 2021, 22:11
Seniň ene-ataň käbir zatlary bilenok meniň pikirimçe. Meselem 18 ýaşdan soň çaga bilen dost ýa jora ýaly bolmaly dp ýöne ýere aýdamok. Seniň bn edil jora ýaly gürleşmeli, käbir zatlaryňy etmeli, edil gowy joraň ýaly arkaňy goldamaly. Käbir ene-ata bolsa ullakan bolsada çagasyny elinde saklajak bolýar. Çaga kişiligini gazanyp başlaýar ulaldygyça we dostlaryna ýakynlaşyp başlaýar. Ene ata muňa dogry düşünmeli.
Sen gyzda olar ýaly gygyrşyp ýa çekeleşibem bilyän dälsiň.
Meselem men eýtýän-beýtýän etdirýän bir zat islesem. Gerek bolsa öýkeleşýäs, sowuklyk bolýar, şonda-da düşünişýäs.
Leyli Amanowa
29 дек 2021, 22:17
Wlad,
dogry...
GuljemilE
30 дек 2021, 00:18
Like