TÄZE ÝYLY NÄHILI GARŞYLAMALY? 

Maşgala baýramy bolan Täze ýyl baýramçylygynda edilen arzuwlaryñ hasyl bolýandygyna, onda täze güýç, ruhubelentlik bilen indiki ýyllara gadam basmaga iterýän güýjüñ bardygyna, şol günki wakalaryñ geljegimize öz täsirini ýetirjekdigine hemmeler ynanýarlar. Şonuñ üçin hem dünýäniñ dürli halklary täze ýyly garşy alanlarynda öz tebigatyna, yrymlarydyr ynançlaryna görä, özboluşly däp-dessurlary berjaý edýärler. Täze ýyly gülki bilen, bezelen arçadyr nazy-nygmatdan doly saçaklarda goýulýan lezzetli tagamlar bilen garşylaýarlar. Elbetde, Aýazbabadyr Garpamyk hem hökman täze ýylyñ gadyrly myhmany bolýar. 
Ýetip gelen her täze ýyl boýunça halkymyzyñ arasynda yrymlardyr ynançlar bar. Şol sebäpli her geljek ýyla bagt, şatlyk, ruhubelentlik getirjek ýyl bolar diýip umyt edilýär. 
Täze ýyl baýramçylygyny mynasyp, şowhun-şagalañda, bagtyýarlykda garşylamak üçin käbir maslahatler hem berilýär. 
Täze ýylda hiç kimden kine saklamañ, düşünişmäge çalşyñ. Agzybirligiñ pajarlaýan ýerinde bagt hem rysgal-bereket bolar. Täze ýylyñ ilkinji gününi maşgalañyz hem ähli dostlaryñyz bilen şadyýanlykda garşylamak size üstünlik getirip biler. 

■ Täze ýylda nähili reñkdäki eşikleri geýmeli? 

Täze ýylda hemmeler bezemen lybaslar geýinýärler. Köplenç hem ertekileriñ gahrymanlaryna, kinodyr multfilmlerindäki söýgüli gahrymanlaryna meñzäp geýinýärler. Lybas saýlanyñyzda, her ýylyñ özüne mahsus reñkiniñ bardygyny-da unutmañ. 

■ Täze ýyl baýramçylygynyñ tagamlary 

Türkmen gelin-gyzlarynyñ aýratyn bir häsiýeti bar. Olar haýsy kärde zähmet çekýändigine seretmezden, milli tagamlarymyzyñ islendigini tagamly edip taýýarlamagy başarýarlar. Şeýle-de häzirki wagtda beýleki halklaryñ tagamlaryny taýýarlamakda hem türkmen gelin-gyzlary kem oturmaýarlar. Täze ýylyñ bosagasynda öý bikelerine öz çeper hyýallaryny, etsem-petsemlerini çäklendirmezlik gerek. Etli naharlar, dürli görnüşli işdäaçarlar we balyk saçagyñ bezegi üçin amatly hasaplanýar. Etli naharlaryñ ýanynda deñiz önümleriniñ bolmaklygy-da hökmany. Deñiz önümleri size egsilmez bagt getirmäge ýardam berer diýip hasaplaýarlar. Naharlary öý bikelerine öz elleri bilen taýýarlamak maslahat berilýär. 

■ Saçagy nähili bezemeli? 

Täze ýyl saçagynyñ bezemen hem bolelin bolmagy ugrunda öý bikeleri diýseñ aladalanýarlar. Her ýylyñ özüne mahsus baýramçylyk ruhuny saçakda şöhlelendirmek üçin taýýarlanylýan naharlardyr işdäaçarlar we beýleki önümleriñ diñe bir tagamynyñ lezzetliligine däl, olaryñ bezelişiniñ aýratynlyklaryna hem köp üns berilýär. Täze ýyl gününde etli naharlaryñ üsti dürli gök otlar bilen bezelse, işdäaçarlaryñ dürli reñkli önümlerden bolmagy amatly hasaplanýar. Gök önümleriñ köp görnüşlerini saçakda goýmagy asla unutmañ. Gündogar senenamasynda saçakda bir tabakda bugdaý goýmaklyk maslahat berilýär. Şeýle-de hoz, pisse, badam ýaly önümler hem goýmak dogry bolar. Beýtmek bilen, geljek täze ýylyñ rysgal-bereketli, bolçulykly ýyl boljakdygyna itergi berer diýip umyt edilýär. 
Naharlary dürli şekiller görnüşinde bezemek hökmany. Esasan hem, gyzyl reñkli önümler bolan pomidor, şugundyr, gyzyl burç, gyzyl işbil bilen bezemek maslahat berilýär. Saçakda goýuljak tortuñ ýüzüne birazajyk zer sepelemegi unutmañ. 

■ Täze ýyl arçasyny nähili bezemeli? 

Täze ýyl arçasyny bezemeklige, esasan hem, çagalar höwes edýärler. Arçanyñ dürli yşyklar, dürli oýunjaklar bilen bezelmegi baýramçylygyñ şowhunyny has-da belende galdyrýar. Çagalar arçany owadan bezeseler, hökman Aýazbabanyñ gelip, sowgat paýlajakdygyna, arzuwlarynyñ hasyl boljakdygyna ynanýarlar. 
Täze ýyl arçasy bezelende beýleki şekiller dakylmazyndan ozal haýwanjyklaryñ dürli şekillerini asmak maslahat berilýär. Çagajyklar dürli haýwanjyklaryñ şekilini arçada görmekden hoşlanýar. Şeýle-de dürli miweleriñ şekilleri bilen birlikde gyzyl, sary we dürli reñkli yşyklaryñ dakylmagy amatly hasaplanýar. Arçanyñ düýbünde ýumurtga şekiljiklerini we maşgalañyz üçin gymmatly bolan haýsydyr bir nyşanjygy goýmagy-da unutmañ. 

■ Täze ýylda näme sowgat etmeli? 

Birek-birege sowgat etmek ynsanlary ýakynlaşdyrýar, dost-dogan bolup ýaşamaga iterýär. Ýürekden aýdylan gutlaglardyr arzuwlar, dürli sowgatlar baýramçylygyñ bezegi. Süýji önümlerini sowgat etmek indi Täze ýylyñ dessuryna öwrülip gitdi. Köpler süýjilikde, agzybirlikde ýaşamagy arzuw edip, Täze ýyl baýramynda dürli bezemen süýji önümlerini birek-birege sowgat edýärler. Täze ýylda haýsydyr bir belli zadyñ sowgat edilmegi şert hasaplanmaýar. Diñe onuñ daşky bezeginiñ diýseñ owadan hem gelşikli bolmagy hökmandyr. Şeýle-de ajaýyp jümlelerden düzülen gutlaglar, goşgy setirleri Täze ýylyñ iñ gowy sowgady bolup biler. 

Taýýarlan: Ýazbibi RASULOWA.
5 лайков 196 просмотров
4комментария
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Melikee
31 дек 2021, 01:02
Tüweleme Roman yazypsyn bravo like menden ????
Döwlet Şöhradow
31 дек 2021, 06:53
Malades++
Kalp doctory
31 дек 2021, 08:32
Gaty gowy Sagjabol
gulicka
31 дек 2021, 09:35
like mnden okamana yaltandym elim bosh bolsa okarn :]