Adamy[ Gan toparlary

Ganyň toparlaryna görä adamlaryň häsiýetleri

Bir asyr mundan ozal haýran galdyryjy açyş edip, adamlarda tapawutly gan toparlarynyň bardygyny dünýä mälim eden Karl Landşteýner Nobel baýragyna mynasyp bolupdy. Şondan bäri halkara klassifikasiýasy (ABO ulgamy) adamzady gan toparlary boýunça dört bölege bölýär:
- 0 (I) gan toparly adamlar, olaryň eritrositlerinde antigenler ýok;
- A (II) gan toparly adamlar, olarda A antigen bolýar;
- B (III) gan toparly adamlar, olarda B antigen bolýar;
- AB (IV) gan toparly adamlar, olarda A we B antigenler bolýar.
Ýüz ýyldan soňra hünärmenleriň ünsi bu açyşa täzeden gönükdi. Alymlar adamyň psihofiziologik häsiýetlerini kesgitlemekde gan toparlarynyň ähmiýeti uly diýip hasaplaýarlar. Başgaça aýtsak, adamyň häsiýeti bilen onuň gan toparynyň arasynda gönümel baglanyşyk bardyr.
Biz şu ýerde size aşakadaky maglumatlar bilen tanyşyp, bu pikiri barlamak mümkinçiligini hödürleýäris.
0 (I) gan toparly şahsyýet
Psihologlaryň tassyklamagyna görä, 0 (I) gan toparyna eýe bolan adamlar elmydama liderlige ymtylýarlar we hemişe ýolbaşçylyk wezipelerini eýelemek bilen bagly işlere meşgullanýarlar. Olar ýolbaşçylygy söýýärler we oňa hormat goýýarlar. Sebäbi olaryň özleri hem haçandyr bir wagt ýolbaşçylyk etmegi umyt edýärler.......soyguli.ru/books/7.pdf/page4Adatça, şeýle adamlar öz durmuş maksatlaryny ömrüniň başynda kesgitleýärler we 30 - 39 ýaşlarynda şol maksatlara tarap has erjellik bilen hereket edýärler. Şol döwre çenli olar köp sanly kärleri üýtgedip bilerler, emma orta ýaşa ýetenlerinde, olar öz maksatlarynyň ugruna juda aýgytly gadam urýarlar.
Birinji gan toparyna eýe bolan adamyň durmuş maksatlary, köp babatda, onuň çagalykda nähili terbiýe alandygyna bagly bolýar. Eger ol dogry terbiýelenmedik bolsa, onda bu şahsyýetde jemgyýete zelel beriji häsiýetler we hereketler kemala gelip biler.
Ýöne ýaşlykdan dogry terbiýelenip, oňyn ýagdaýlaryň bolan halatynda bu adamlardan döwlet ýolbaşçylary, korporasiýalaryň başlyklary, generallar we futbol toparlarynyň kapitanlary döreýär. Olar hemmeleriň özleri barada oňat pikirde bolmagyny, köpçülik tarapyndan söýülmegi we sylag-hormata eýe bolmagy juda gowy görýärler.
Birinji gan toparyna degişli adamlary olaryň islendik meseläni çözmäge uly höwes bilen girişmeginden we gelejege bolan oňyn garaýyşlaryndan kesgitläp bolýar. Olaryň özüne bolan ynamy bu gan toparyna degişli adamlaryň ukyply ýolbaşçylar bolup ýetişmegine ýardam edýän sebäpleriň biridir. Elbetde, olaryň çözgütleri hemişe dogry bolman biler, emma olar başgalaryň özüni ýitirjek ýagdaýlarynda hem hereket etmäge ukyply. Garaz, bu topara degişli adamlaryň duýgurlygy örän ýokary, aýratyn-da, iň derwaýys iş bilen ikinji derejeli işi tapawutlandyrmaly bolan halatynda.
Birinji gan toparly adamlar pul bilen baglanyşykly meselelerden örän gowy baş alyp çykýarlar. Dünýä belli ykdysadyýetçileriň köpüsi birinji gan toparly adamlara degişli. Şeýle hem, bu adamlar öz saglygy barada köp alada edýärler. Olar çilim çekmek, alkogolly içgileri içmek hem-de beýleki zyýanly endikleriň öz saglygyna zyýan ýetirýänligine göz ýetirseler, bu endikleri hiç hili kynçylyksyz taşlap bilýärler.
Gynansak-da, her bir adam bolşy ýaly, birinji gan toparyna degişli adamlar hem kemçiliklerden mahrum däl. Olaryň öz maksatlaryna ýetmek üçin islendik mümkinçilikleri we ýollary peýdalanmaklary daş-töwerekdäkilere ýaramaz täsir edip bilýär. Üstesine-de, bu toparyň adamlary beýlekilere “akyl bermegi” halaýarlar, ýöne olaryň özlerine bellik edilen halatynda bolsa, bu olarda uly nägilelik döredip bilýär. Şonuň üçinem bu adamlara bellik edilende örän seresap çemeleşmek gerek.
Birinji gan toparyna eýe bolan adamlar – özbaşdak hereket etmegi halaýarlar. Olar islendik ulgamda özleriçe işlemäge synanyşýarlar. Eger olara päsgel berilse, onda olaryň özleri täze ulgam döredýärler. Megerem, hut şonuň üçin, täze döredilýän kompaniýalaryň ýolbaşçylarynyň, oýlap tapyjylaryň we alymlaryň köpüsi birinji gan toparyna degişli bolsa gerek.
А (II) gan toparly şahsyýet
Adatça, ikinji gan toparyna degişli adamlar juda ynsaply bolup, kada-kanunlary gyşarnyksyz berjaý edýärler. Olaryň ýaşaýan jaýlary tertipli, egin-eşikleri nepis, saçlary ykjam bejerilendir. Şeýle adamlar işde ownuk zatlara uly üns berýärler. Kitaphanalarda zähmet çekýän işgärleriň şahsy jiltleriniň öwrenilmegi olaryň arasynda ikinji gan toparyna degişli adamlaryň möçberiniň köpdügini görkezýär. Başgaça aýtsak, takyklygy we tertipliligi talap edýän işlerde köplenç ikinji gan toparly adamlar işleýär. Olar özlerine degişli işleri doly we dogry ýerine ýetirip, beýlekiler üçin görelde bolup hyzmat edýärler. Aýdaly, bir gämide heläkçilik ýüze çykan halatynda bu adamlar ilkinji nobatda öz janlaryny däl-de, çagalaryň we zenanlaryň janyny halas etmäge synanyşarlar. Emma ikinji gan toparyna degişli adamlaryň hem özlerini alyp barşynda kemçilik ýok diýmek bolmaz. Haçan-da olara hiç kim gözegçilik etmese ýa-da üns bermese, olaryň belent adamkärçilik häsiýetleri gürüm-jürüm bolup bilýär.
Ikinji gan toparyna degişli adamlar hemmelerden has öýkelekdir. Hatda olar biderek zatlar üçin hem öýkeläp bilýärler. Eger siz olaryň göwnüne degäýseňiz, bu size örän gymmata düşer. Olar hatda çagalykda ýa-da köp ýyl mundan ozal özlerine edilen ýamanlyklary ýa-da göwnedegiji hereketleri ömrüniň ahyryna çenli ýatda saklap bilýärler.
Bu topara degişli adamlar hemişe özüne erk edip, özlerini edepli alyp barýarlar. Emma olar alkogolly içgileri içen mahaly ähli zat düýpgöter üýtgeýär. Munuň şeýleräk düşündirilişi bar: adam näçe özüne erk edip saklansa, onuň içinde şonça köp güýç toplanýar we adam erkini ýitiren mahaly bu güýç joşup çykýar.
Adatça, ikinji gan toparly adamlar introwert - daşky dünýä üçin ýapyk adamlar bolup, olaryň sypaýyçylygy, ajaýyp daş-keşbi we edep-terbiýesi beýleki adamlary kesgitli aralykda saklamagyň hem-de olary öz şahsy işleriňe gatyşdyrmazlygyň bir ýoludyr. Emma siz şeýle adamlar bilen ýakyn gatnaşyk gurup bilseňiz, asla lapykeç bolmarsyňyz. Olar örän ünsli we wepaly dostlar bolup, dostlukda we hyzmatdaşlykda ygtybarlylyga ymtylýarlar.
Ikinji gan toparyna degişli adamlar bir toparda çykyş etmek we ygtyýarlyklaryňy paýlaşmak üçin diýseň gowy ýoldaşlardyr. Emma aljyraňly ýagdaý döräninde bu adamlar tukatlyga düşüp, keýpi üýtgemelere sezewar bolup bilerler.
Ikinji gan toparyna degişli adamlar çeýeligi we çalt çözgüleri kabul etmek zerurlygy talap edýän işlere kybap gelmeýärler. Olaryň çalt karar bermek ukyby bolman, seresaply we usully hereket edip, her ädimde basjak ýerini barlamagy saýlaýarlar. Olar özlerindäki duýgurlygyň we batyrlygyň ýetmezçiliginiň öwezini ösen hyýalbentligi bilen dolýarlar. Şeýle adamlaryň hataryndan dünýäde iň gowy hekaýaçylar, ýazyjylar we şahyrlar, şeýle hem iň ussat ýalançylar çykyp bilýär.
B (III) gan toparly şahsyýet
Üçünji gan toparyna degişli adamlary beýlekilerden saýgarmazlyk mümkin däl. Birinjiden, olar akýürekliligi, dogruçyllygy we adalatlylygy bilen tapawutlanýarlar. Ikinjiden, dürli hili çäklendirmeler, etiki we edep kadalary hem-de gowy gylyklar olaryň gaharyny getirýär.
Megerem siz dükanda ýa-da saglyk öýünde öz nobatyna garaşyp duran adamlaryň arasynda nobatyndan öňe geçmäge synanyşýan, özüniň bu ýerde bir sagatdan bäri durup, edil ýaňyja bir iş bilen az wagtlyk gitmeli bolandygyny subut etmäge synanyşýan ýa-da juda gyssanmaçdygyny düşündirip duran adama duşan bolsaňyz gerek. Ine, şol adam hut üçünji gan toparyna degişli bolmaly. Çünki bu adamlar düzgün-kadalary bozmagy we täzeçillikleri girizmegi halaýarlar.
Üçünji gan toparyna degişli adamlar ähli ýagdaýlarda özlerini örän çeýe alyp barmaga ukyply. Olaryň arasyndan Şerlok Holms we Erkýul Puaro ýaly ussat detektiwler ýetişýär. Ötgür aňyň kömegi bilen olar islendik meseläni beýlekilere garanyňda gowy çözmäge we çykgynsyz ýagdaýlardan baş alyp çykmaga ýardam edýär. Emma munuň oňaýsyz tarapy – bu adamlar islendik jemgyýetçilik kadalaryny inkär edýärler we bidüzgünçilige hem-de eden-etdilige berlip bilýärler. Hut şonuň üçinem olar toparlaýyn hereket edip, kollektiwden tapawutlanman işlemeli ýerlerden daş dursalar ýagşy.
Ähli döwürleriň we halklaryň gahrymanlary, megerem, üçünji gan toparyna degişli adamlar bolan bolsa gerek. Döredijilik mümkinçilikleri we çalt hereket ukyplary bu adamlary diýseň edermen we gaýratly şahsyýetler hökmünde tapawutlandyrýar. Olaryň ünsüni bir zatda jemlemek mümkinçilikleri haýran galdyrjydyr. Emma, başga bir tarapdan, olar bir zatda ünsüni jemläp, beýleki zatlary gözden salyp bilýärler. Muňa “nusgawy professoryň ünssüzligi”, ýagny agaçlaryň aňyrsynda tokaýy görmezlik diýilýär.
Üçünji gan toparynyň adamlary beýlekilerden özboluşlylygy bilen tapawutlanýarlar. Adamlar bilen gatnaşyklarda olar ilkibaşda araçäk saklaýarlar, emma soňabaka dostlaşmagyň ýollaryny tapýarlar. Emma şeýle adamyň dosty bolmak daşyndan görnüşinden has kyndyr. Çünki olar joşgunly, örän täsin we özüni juda söýýän adamlardyr. Ýöne olaryň joşgunlylygy uzaga çekmeýär. Bu adamlar tiz köşeşýärler we kine saklamaga ukyply däl. Şeýle hem, olarda mekirlik we aldawçylyk ýaly häsiýetler düýbünden ýok. Şonuň üçinem, eger siziň sabyr-takadyňyz ýetse, onda siz üçünji gan toparyna degişli adamlar bilen gatnaşyklaryň hemişelik bolmasa-da, örän degerlidigine göz ýetirersiňiz.
Bu topara degişliler köpçülikleýin şüweleňlere gatnaşmagy gowy görýän bolsalar-da, olar alkogolyň täsirine beýlekilerden has az düşýärler. Eger-de siz üçünji gan toparyna degişli adamyň öýüne nahara çagyrylan bolsaňyz, bagtyňyzyň çüwdigi hasap ediň. Olar iňňän gowy aşpezlerdir. Ýapon restoranlarynyň ýazylmadyk kanunlaryna görä, baş aşpezler hemişe üçünji gan toparyna degişli adamlardan saýlanylýar. Şeýlelikde, restoranyň myhmanlary özlerine diňe bir gowy naharlaryň däl-de, eýsem, hakyky toý-meýlisiň garaşýandygyna ynamly bolup bilerler.
Eger-de siz ýolbaşçy bolup, üçünji gan toparly adamlar bilen işleşmeli bolsaňyz, olary taktiki pikirleri we meýilnamalary düzmek üçin ulanyň. Olaryň gündelik gaýtalanýan we içgysgynç işlerde iş kollektiwine diňe ýük boljakdygyny unutmaň. Kärhanada üçünji gan toparyna degişli adam üçin iň gowy kärler – ýolbaşçynyň orunbasary, täze pikirleri dörediji ýa-da erkin we özbaşdak, hiç kime bagly bolmadyk işgär.
АВ (IV) gan toparyna degişli şahsyýet
Dördünji gan toparyna degişli adamlar adatdan daşary ýokary duýgurlyga eýedir. Ýapon alymlarynyň aýtmagyna görä, bu topara degişli adamlary täleý aýdyjylaryň, palçylaryň we bilgiçleriň arasyndan tapmak bolýar. Olaryň arasynda dini ýolbaşçylar hem az däl.
Haçan-da dördünji gan toparyna degişli adamlara emele gelen ýagdaýda haýsydyr bir zat ýaramadyk halatynda, adatça, olar öz nägileligini gizläp duranoklar. Olaryň sözleri taýýarlyksyz adamlary aljyradyp biler. Şol bir wagtyň özünde-de, bu adamlarda kollektiwiň güýçlerini guramak we sazlaşdyrmak boýunça ajaýyp başarnyklary bolup, olary islendik guramada dogabitdi lidere öwürýär. Dördünji gan toparyna degişli şahsyýet üçünji gan toparyna degişli “pikir öndüriji” bilen bilelikde işlän mahalynda olar beýlekileriň diňe arzuw edip biljek, iň ynanylmajak taslamalary hem durmuşa geçirmäge ukyplydyr.
Dördünji gan toparynyň adamlary rejeleri taýýarlamak, işgärleri ugurlar boýunça gönükdirmek we wezipeleriň wajyplygyny kesgitlemek ýaly işleri hemmelerden gowy başarýarlar. Olar bu babatda guramanyň ussatlarydyr.
Dördünji gan toparynyň adamlary häsiýeti boýunça ynam gazanýanlaryň hatarynda öňdäki orunlary eýeleýär. Olar çydamly işgärler bolup, dartgynlylykdan çekinmeýärler. Bu adamlar özlerine ýaranjaňlyk etseler ýa-da ýalan sözleler halamaýar. Olaryň seljermek ukyplary örän gowy. Eger-de siz olaryň ünsüni çekmek ýa-da olar bilen dostlaşmak isleseňiz, onda olar bilen anyk, aýdyň we dogry gepleşiň.
Ýokarda görkezilen oňyn häsiýetler bilen bir hatarda dördünji gan toparly adamlaryň hem kemçiligi ýok däl. Olar kollektiwde diňe ähli zat düzüwkä işleýärler. Başgaça aýtsak, olar gämi bilen birlikde gark bolýan kişilerden däl. Haçan-da “gämi heläkçiligi” başlanan mahaly olar aňsatlyk bilen guramasyny, kompaniýasyny, hatda ynam-ygtykatlaryny hem üýtgedip bilýärler.
Dördünji gan toparynyň adamlary örän seýrek gaharlanýarlar, emma gaharlananlarynda olaryň öňünde durmak juda kyn. Olar, göýä ukyda ýatan gaplaň mysaly. Siz olary gaharlandyrmak üçin ýyllary sarp edip, hiç hili jeza alman bilersiňiz, ýöne olar oýanan mahaly welin, günäni diňe özüňizden görüň.
Siz bilmeseňizem, bu adamlar öz isleglerine we meýillerine ähmiýet bermeýärler. Şol bir wagtda olar örän syr bermezekdir. Size şeýle adamy has gowy tanamak üçin onuň bilen maşgala gurup, bäş çagany terbiýeländen, onuň bilelikde sport bilen meşgullanmak ýa-da bir umumy gyzyklanma edinmek has gowy netije berer.
Olar öz saglygyna juda biperwaý garaýarlar, ýöne durmuşy biçak söýýärler. Olaryň gowy görýän zatlary hökmünde oňat iýmitlenmegi, gymmat bahaly we nepis lybaslara, kaşaň awtomobillere hem-de üýtgeşik “oýunjaklara” bolan söýgüni görkezmek bolar. Bu adamlar illerden üýtgeşik, emma gysganç däl. Dördünji gan toparynyň adamlarynyň iň uly ejizligi – uky. Bu olar üçin örän möhüm zerurlyk. Olara gije ýa-da ukyly mahalynda awtomobil sürmäge rugsat bermeli däl. Emma olara 15-20 minut irkilmäge mümkinçilik berseňiz, onda olar ýene-de şol öňki gujurly adamlara öwrüler.
Dördünji gan toparynyň wekilleri arzuwçyl adamlar. Olaryň durmuşa guramaçylykly çemeleşmelerine garamazdan, gahrymançylyklara we arzuwdyr hyýallara hemişe orun tapylýar. Olaryň hyýallary derwaýysdyr. (Bu adamlaryň eline erk berilse, olar söýgüde hem joşgunly ýanýoldaşlara öwrülýär).
Size köňül beren dördünji gan toparyna degişli adama ikilik etmek barada milt hem etmäň. Olaryň örän duýgur tebigaty bolup, şahsy durmuşyny dramalaşdyrmak tendensiýasy ýüregi ýaralanan dördünji gan toparly adamy kert gaýa itekläp biler.
3 лайков 674 просмотров
10комментариев
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Döwlet Şöhradow
01 янв 2022, 14:14
Saol ullakan!
+2
gulicka
01 янв 2022, 14:15
muny ookamak ucn mana arassa iki sagat gerek popkorn
Kalp doctory
01 янв 2022, 14:21
1 topar
Geñ.at
Автор 01 янв 2022, 14:23
kalp doctory,
2topar zadam bardyr arasynda gozle hany
Kalp doctory
01 янв 2022, 14:30
yiok haw men+1toparyna degishli turkmenimHanjar,
IDEALLIDER
01 янв 2022, 15:10
Şu ýylda birinji peýdaly post??
Geñ.at
Автор 01 янв 2022, 15:34
Ozuminkileri doldurdym shunyaly gyzykly mowzuklardan
Biohimik
01 янв 2022, 18:33
+2 menem
Aýnur
01 янв 2022, 19:32
Menem +2
Гость Madina
Гость Madina
18 апр 2024, 12:48
Gan toparym 4+