Bagtly garyplyk
Bile bagtly pursatlaryn
Hem şatlygyn gysganan,
Iki dilli gyzlar geçdi gaşymdan,
Men begenýän olaň yzynda ýatlap,
Şol geçiren ajap güni yzarlap,
Ýetip bilmän öz bagtymyň yzyndan!
Ýigrimbiriň gyşy geçýär häzir ol,
Ýa men öz kejirligme buýsandym,
Ýa-da kejir gördüm şol gyzlary men,
Ýok men doňýürekdim olaň ýanynda,
Ine men şulary boýnuma alýan,
Söýgi günlem az bolupdyr söýgümem,
Ýa-da men söýmegi başarmadymmy?
Ýa gyzlara düşünmedim bilemok,
Ýöne duýýan ýürek sesim, söýgümem,
Maňa ýazylan gyz barmyka bagtyma?
Uly Asman Ýokardaky Gök Taňry,
Diýip men Taňrymdan sorardym günde
Bagş etseňem hemmeleri söýmegi,
Gyz diýilen ajap edip ýaradan,
Zadyňy men asla söýüp bilmedim,
Söýäýsemem ýa düşünmek isledim,
Bir üýtgeşik duýgularyň şalygna,
Haýp meniň kiçi göwnüm sygmady.
Ýeri bolýar men söýmegi bilmedim,
Tukat günde ýeke özüm içimi,
Käte-käte hümmürdedip oturýan,
Zeminiň baýlygna aklyn aldyran,
Hemem galyňlardan-galyňlar islän,
Pul üstüne baýlyk islän gyzlary,
Nädip söýüp bilerin men eý Taňrym,
Olaryň söýgüsi durmuş gurmak däl,
Özün pula satdyrmakdan ybarat,
Ine meniň düşündirjek bolýanym,
Garyplygy maňa berilen bagt bildim,
Sag bol saňa Asmandaky Gök Taňry,
Wagtynda garyplygy peşgeş edenňe!
A häzir sen olary haýp agladyp,
Başgalara göwün aldyryp, şatlanyp,
Durmuşa çykanna ökündirýärsiň.
Şeýdip bagtly garyplygym bilen sen,
Iki dilli biwepadan goradyň!
31.12.2021.
http://site/news/bagtly_garyplyk/2021-12-31-18830
Hem şatlygyn gysganan,
Iki dilli gyzlar geçdi gaşymdan,
Men begenýän olaň yzynda ýatlap,
Şol geçiren ajap güni yzarlap,
Ýetip bilmän öz bagtymyň yzyndan!
Ýigrimbiriň gyşy geçýär häzir ol,
Ýa men öz kejirligme buýsandym,
Ýa-da kejir gördüm şol gyzlary men,
Ýok men doňýürekdim olaň ýanynda,
Ine men şulary boýnuma alýan,
Söýgi günlem az bolupdyr söýgümem,
Ýa-da men söýmegi başarmadymmy?
Ýa gyzlara düşünmedim bilemok,
Ýöne duýýan ýürek sesim, söýgümem,
Maňa ýazylan gyz barmyka bagtyma?
Uly Asman Ýokardaky Gök Taňry,
Diýip men Taňrymdan sorardym günde
Bagş etseňem hemmeleri söýmegi,
Gyz diýilen ajap edip ýaradan,
Zadyňy men asla söýüp bilmedim,
Söýäýsemem ýa düşünmek isledim,
Bir üýtgeşik duýgularyň şalygna,
Haýp meniň kiçi göwnüm sygmady.
Ýeri bolýar men söýmegi bilmedim,
Tukat günde ýeke özüm içimi,
Käte-käte hümmürdedip oturýan,
Zeminiň baýlygna aklyn aldyran,
Hemem galyňlardan-galyňlar islän,
Pul üstüne baýlyk islän gyzlary,
Nädip söýüp bilerin men eý Taňrym,
Olaryň söýgüsi durmuş gurmak däl,
Özün pula satdyrmakdan ybarat,
Ine meniň düşündirjek bolýanym,
Garyplygy maňa berilen bagt bildim,
Sag bol saňa Asmandaky Gök Taňry,
Wagtynda garyplygy peşgeş edenňe!
A häzir sen olary haýp agladyp,
Başgalara göwün aldyryp, şatlanyp,
Durmuşa çykanna ökündirýärsiň.
Şeýdip bagtly garyplygym bilen sen,
Iki dilli biwepadan goradyň!
31.12.2021.
http://site/news/bagtly_garyplyk/2021-12-31-18830
2комментария
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.