Töweregimdäki adamlaryň biridim

Sekiz ýyllap ýazman ýaşamagyň nämedigini siz göz öňüne bir getirip bilersiňizmi? Aslynda, sekiz ýyl ýaşaman ýaşamak ýaly bu. Maňa säher bilen gijäniň parhy ýokdy… Ýagyş ýagýarmy, garmy, şemal öwüsýärmi, asmanda Aý barmy ýa ýyldyzsyz galdymy asman, gözüme görünmezdi. Töweregimdäki adamlaryň biridim. Içimden özümi tapyp bilmedim…
Nirä gidipdimkäm? Sekiz ýyllap nirde ýaşadym?
Şonda-da diridimmi? Allanyň rehimi inse, hiç zat hem däl eken, haýran edip goýaýar eken. Nämeetjegiňi bilmän galýan ekeniň! Tizräk! Tizräk ýazyp başlasadym… ýene… ýene… hemme tarapym Söz! Sözleriň gurşawynda men! Dem almak kyn, Demligiňe söz sünjülýär! Şunuň ýaly pursatlaryň gedasydym düýn… Düýnem men bardymmy? Ýüregim urýardymy, diridigimi nirden bilýärdim? A ýaşap ýörendigimi? Anyk ýadymda, ýazsam, ýazyp biläýsedim diýerdim Hudaýa. Birdenkä ýazýan wagtym ölüp galaýsam näme diýip üstüni ýetirerdim… Içim ot bolup ýanybererdi. Men otda ölüm tansyny oý-
nardym. Her aýlanamda agzymdan öli sözler bilen ölmeýän duýgular saçylardy töwerege! Şemalyň rehimi inerdi… Ýagyş gözlerini giňden açyp, penjirämden meni idärdi. Menden umydyny üzen gar ýere siňip barýarka hem şeýle bir nebsagyrynç garanardy welin, näler seretmejek bolsam-da, görüp galardym. Emma üns bermän, dikilgazyk ýaly bolup durubererdim. Hemme zada kaýyldym, takdyra ten beripdim… emma… içimdäki gopguna, bir-birden jan teslim kylýan duýgularyň gohuna çydamak müşgildi… Onsoň bir gün näme boldy diýsene, Sen geldiň!
Seniň bilen birlikde gözüme ýaş geldi. Hemmesi ýadyma düşdi. Sözler şeýle bir diridiler welin, meni öz elleri bilen bogup öldürseler hem, hiç zat diýip bilemokdym. Çünki men olary juda küýsäpdim…
1 лайков 176 просмотров
9комментариев
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Gultac
28 янв 2022, 07:33
Salam Adamlqr Juma gununde okajak Jumga namazlarynyz kabul bolsun!
Gultac
28 янв 2022, 07:34
Fewralyn 1ne Aybolek Atly Owadan gyz Dunya indi. Uyajygym Cykanym sen doglan gununde gapyda irdenden abeda cenli nobqtcy boljak diydim Nesip bolsa Geljek ministri goresim.gelyar
ESSALAMUNALEÝKUM
28 янв 2022, 08:26
Цитата: Cicek
Fewralyn 1ne Aybolek Atly Owadan gyz Dunya indi. Uyajygym Cykanym sen doglan gununde gapyda irdenden abeda cenli nobqtcy boljak diydim Nesip bolsa Geljek ministri goresim.gelyar

ýaşy uzun bolsun welin intäk fewralyň 1-i ýetonoga
Pegas
28 янв 2022, 08:44
Цитата: ESSALAMUNALEÝKUM
Цитата: Cicek
Fewralyn 1ne Aybolek Atly Owadan gyz Dunya indi. Uyajygym Cykanym sen doglan gununde gapyda irdenden abeda cenli nobqtcy boljak diydim Nesip bolsa Geljek ministri goresim.gelyar

ýaşy uzun bolsun welin intäk fewralyň 1-i ýetonoga

???
Gultac
28 янв 2022, 09:07
Caga yalyda men Yene 4gun bamay gaharly
Gultac
28 янв 2022, 09:09
In uly Lezzet Enem atam Diri Jigim gullukda Men Mugallym yakynlarymy gujagyma gysyp guzel kokularyndan ganmak goja
Gultac
28 янв 2022, 09:10
Guwanc Yok Indi soyussemem bolya toydan Gaydyancam garasyp durya ogurlaymasynlar diyip hihi
Gultac
28 янв 2022, 09:11
Nesip bolsa Ak kejebam gelip Shazadama gowusmaly Bir tiy tutun Alem Galsyn Hayrana kabir agzalarymu toya cagyraryn atly k
Gultac
28 янв 2022, 09:19
Gowy Sozler Awtor Kim Humayun Men barik On Rybka nikden girdim nadip tapyp bolya sahypasyny aydayynda
Ladybug
28 янв 2022, 11:09
Цитата: Cicek
Guwanc Yok Indi soyussemem bolya toydan Gaydyancam garasyp durya ogurlaymasynlar diyip hihi

Ogurlaysalaram reski yzyna getirip goyarlarla,otunc sorap)