Sen oýunjak däl-de,oýunçy!

Näme diýdiň, «Men oýunjak däl» diýdiňmi?
Kim Saňa oýunjak diýdi? Sen oýunjak dälsiň, Sen oýunçysyň! Sen ýürek bilen oýnaýan, duýgulary aýak astyna alyp, depeleýän we munuň hem üstüne olary masgaralaýan oýunçysyň! Men Seniň ýanyňa töweregimdäki hemme diwarlary kül edip bardym. Men Seniň ýanyňa şemallardan belentde, guşlardan tiz uçdum. Men Seniň ýanyňa ýetýänçäm bulutlara adyňy ýazyşdyryp bardym… akyldan azaşyp bardym… Şygyr deý seçilip-dökülip bardym, özümde ýitip-ýok bolup bardym. Agladym, aglaberdim… gözýaşlarym säheri şam, durmuş meni bütinleý tamam eýledi…
Sen bolsaň meniň üstümden gülýärsiň, suratlaryň bilen magtanýarsyň… Biçärejigim! Meniň bolsa suratlaryňa seredenimde, nebsim agyrardy, suratlaryňy gujaklap aglasym gelerdi. Sen ýat adamlaryň gepine ynanýarsyň! Şunuň ýaly pursatlarda seni erbet görýärin, senem şol adamlaryň biri bolup görünýärsiň gözüme! Gözlerim hem ýaman görünýärdi gözüme. Bu halat betbagtlygyny ýaşyrýan biçäre adamlary ýada salýar. Saňa bir sowal bersem bolarmy? Seniň suratlaryňdan başga magtanar ýaly zadyň ýokmy? Sen meniň üçin juda başga-
ça ahbetin… parhyň ýokmy bu adamlardan? Men her gün asmana hiňňildik salyp uçýan mahalym heýjan-joşgunlarym daş-töweregimde lemmerlemmer ap-ak bulutlara öwrülýär! Men bulutlaryň hojaýyny ýaly duýýaryn özümi. Belki, senem meniň duýgularymy oýnaýan mahalyň özüňi patyşalar kibi duýýan bolsaň, men saňa düşünýärin, çünki meniň duýgularymam, menem ýönekeý oýunjak däldiris… Seniň baý bolmagyň mümkin, ýöne meniň duýgularymy satyn almaga hiç haçan puluň ýetmez. Sen nähak beýle etdiň … özüňi aýamadyň!
Sen kem-kemden gözümiň alnynda hemme zadyny utduryp barýan ölemen humarbaza meňzäp barýarsyň! Ýene men oýunjak dälem diýýärsiň! Biz
— oýunjak, Marina! Biz — takdyryň elindäki
Allanyň oýunjaklary! Takdyr bizi her küýlere salýar. Islese, gumlara döküp taşlaýar, islese, deňze oklaýar. Şu Deňiz sözüni nähak aýtdym... gözümden ýaş dökülip gitdi. Sen meniň Deňzimsiň!
6 лайков 157 просмотров
5комментариев
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Enejan
29 янв 2022, 09:35
Salam, Saýrak guş ! Özüňiz ýazýaňyzmy ?! Gaty gowy.
Humayun
Автор 29 янв 2022, 09:37
Цитата: Jk_Anime
Salam, Saýrak guş ! Özüňiz ýazýaňyzmy ?! Gaty gowy.

Salam jan, ýok-la. Köp sag bol okaýanyňa.
Enejan
29 янв 2022, 09:39
Humayun,
Sagboluň ýetireniňize
ProfeSSor
29 янв 2022, 13:08
Elbetde, oýunjak bolmasa oýunçy näme oýnasyn?!
ýüreksözi
29 янв 2022, 14:46
Gaty dogry aýdylypdyr owadan ýazylypdyr ylhamyňyza bereket Tüweleme like menden