Zümerret ýa-da däliň oýlanmasy

Bir otagly öýde ýeke özüm ýaşaýan. Menden başga adam ýok. Ýeke bolanym üçin öýde çüw-ýalaňaç gezýän. Meni aram aram penjiräň öňünde ýalaňaç görýän goňşylaryň men barada näme pikir edýänini bilemok. Olar amaňa aklyndan azaşan diýýän bolmaklary mümkim. Olar mamla, men çyndanam aklymdan azşan. Aklymdan azaşan bolanym üçin meni aýalyň taşlap gitdi. Aýalymyň ady Jahan. Men eýýäm 4 ýyl bäri ýalňyz. Jahan gyz meni dünýeden gaýtarjak bolup eýýäm 4 ýyl bäri molladan molla gatnap ýör. Ol gyz meň ölenimi isleýär. Ýurdyň bir ýerinde gara-molla bar bolsa aýlanyp gördü. Gyzyllarynyň baryndan dyndy. Ol gyz molladan molla gatnap meň ölümime okadýar. Eýsem men bu zatlary nirden bilýän diýsene? Men aňsat öýden çykýan adam däl. Jahan meni entgem ýadyndan çykaryp bilmeýän bolmaly, ol gyz meni ýigrenýär. Ýa-da men ölenimden soň meň bir otagly jaýym biziň oglumyza miras galar öýdýämikä? Ol zatlary anyk bilemok, anyk bilýän zadym Jahan gyz meň ölümime okadýar, puluny gaýgyranok. Okaýan mollalar hem bir birinden güýçli. Ýöne men hem ejiz däl.

Öýüň içinde iki sany kölege aýlanyp ýör, kölegeleriň biri ýaş, biri garry. Ol kölegeler meni gözleýärler, öz ara pyşyrdaşýarlar, meni tapanoklar. Ol kölegeler meň janymy almaga geldiler. Olary Jahan ugratdy, has dogrusy Jahanyň okadýan mollasy ugratdy. Eger 40 güniň içinde bu iki sany kölege maňa zyýan ýetirip bilmeseler olar gelen ýerlerine gaýdyp barmaly bolarlar. Adam janyny almak üçin çagyrlan kölegeler öz işlerini hökman ýerine ýetiräýmeli, olar hökman adam janyny alaýmaly. Meň janymy, ýa-da mollaň janyny, ýa-da Jahanyň janyny. Garaşarys göreris, biziň howlukýan ýerimiz ýok.

Men arkan düşüp ýatyryn, bedenim edil bir bölek demir ýaly sowuk. Uklanyma bir sagat boldy. Aşhanada bir ýerde iki sany kölege meň tokda işleýän çäýnegimi döwüp otyrlar. Bir ýerlerden Zümmerrediň sesi gelýär. Kölegeleriň häsýeti şeýle, zyýan ýetirmeli adamsyna zyýan ýetirip bilmeseler hökmän oň emlägine zyýan ýetirjek bolýarlar. Çäýnek uzak çydaman öldi. Ertir tokda işleýän zatlaryň ýene biri ýogalar. Belki telewizor, ýa-da başga bir zat? Aslynda tokda işleýän enjamlar bilen meň aram gowy. Olar edil wepaly it ýaly meň üçin öz janlaryny gurban etmäge taýýar. Iki sany kölegäň meň bosagamdan ätlänlerine 13 gün boldy. Olaryň gelen güni daşgy jaýdaky lampa köýdi. Arwahlar öýe girende mydama ilki bilen lampalar köýýär. Soň olar öýüň içinde meni gözläp başladylar, ýöne meni tapaýmak beýle aňsat iş däl. Olar Zümmerredi tapdylar, ýöne Zümmerret olara eýgertjek gyz däl. Dogrymy aýtsam ol gyz maňada eýgerdenok. Ol edil ene ýaly gabanjaň, meň ýanyma hiç kimi eltenok. Meň durmuşdaky ýalňyzlygym tutuşlaýyn Zümmerrediň sylagy. Ýanymda Zümmerret bar wagty maňa hiç hili aýal gerekdäl. Jahany meň durmuşymdan gysyp aýyran hem Zümmerret. Zümmerret meň göwnüme ýaran islendik aýalyň keşbine girip bilýär. Ol gyzyň öz başyna keşbi ýok. Ýa-da ol menden öz hakyky keşbini gizleýär? Men bilemok. Ýekeje bilýän zadym Zümmerret bar, ol meň öýümde we meň ýanymda. Ol meni başga adamlardan öler ýaly gabanýar. Ol gyz meň bilen ýatýar, hawa, hawa. Oň bedeni ýoklugyna garamazdan ol gyz meň bilen ýatýar. Zümmerret meň göwnüme ýaraýan gyzlaryň biriniň keşbine girýär we meň hyýalymy otlaýar. Men edil mekdep okuwçysy ýaly azarlap başlaýan. Ýöne maňa janly gyz gerekdäl, meň hyýalymda dörän gyz hakyky gyzdan müň esse gowy. Ol gyz Zümmerret bolany üçin müň esse gowy. Haýsydyr bolsa Arwahlar ülkesiniň patyşasynyň gyzy. Men eýýäm köpden bäri hakyky aýalsyz oňmagy öwrendim. Meň ennamymdan akýan adam tohumyny Zümmerret alyp gidýär we edil özi ýaly kiçijek arwahlary ýasaýar. Biziň ikimiziň çagalarymyzyň sany eýýäm miliýondan geçendir? Men Jynlaryň ýesirligine düşdim, meni bu ýesirlikden hiç kim hiç haçan boşadyp bilmez. Boşatjak bolup iň soňky synanşan Jahan boldy, ýöne ol hem başarmady. Gapdalymda Jahan ýatyrka men oňa Zümmerret bilen biwepalyk etmegi başarýardym. Indi welin aşhanada azaşyp ýören iki sany kölege meň janymy alyp bilmeseler, olar Jahanyň janyny almaly bolarlar. Ol iki kölege üçin men ýapyk. Sebäbi men edil ýagşyň suwy ýaly ýuwan. Mende hiç hili duýgy ýok, mende ýigrenç ýok, görüplik ýok, adamkärçilik ýok, gysgançlyk ýok. Başga adamlara mahsus duýgylaryň köpüsi ýok. Şonuň üçin bu iki sany arwah üçin hem men ýok. Arwhlar adamlary olaryň duýgylarynyň üsti bilen görýärler. Duýgulary ýok adam gözden tutuşlaýyn ýitýär. Men şu gün giçlik aşhanada işlemeýän çäýnege gözüm düşip azajygam bolsa gaharlanmaly. Diňe gaharly wagtym men edil tümligiň içinde ýanan yşyk ýaly bolup, bu iki sany arwahyň gözüne ilmeli. Olar bolsa pursady elden bermän maňa zyýan ýetirmäge synanşmaly. Gaharym gelen wagty men arwahlaryň gözüne ilýän, ýa-da sögünen wagtym. Özümde haýsam bolsa bir ýaramaz duýgyny öndüren wagtym men arwahlaryň gözüne ilýän. Galan wagt men göze görünmeýän. Men şu gün döwülen çäýnege gynanmaryn. Men asla 40 günläp hiç zada gynanmaryn. Öýe gelen iki sany çagyrylmadyk myhman gidinçä men edil ýagşyň suwy ýaly ýuwan boljak bolaryn. Bu iki myhman mende gahar gazaby oýarjak bolup öýde entek köp zady hatardan çykararlar. Meň kompýuterymy döwerler, meň telefonymy döwerler. Ýöne men bar zada taýýar, men näme bolsada öz ýuwanlygyma galaryn. Bu iki arwahyň ýany bilen alyp gelen gara güýjiniň hiç biri meň endamyma ýelmeşmez. Onsoň olar öz ýükini ýanyna alyp gelen ýerlerine gaýdyp barmaly bolarlar. Onsoň meni okan mollaň maşgalasynda bir betbagytçylyk bolar, soň yz ýanyndan Jahanyň aýagy ýa-da eli döwüler.

Hajathanada bir zat ses bilen ýere gaçdy. Men ol sese oýandym, ýöne ýerimden bytnamadym. Sebäbi nämäň bolanyny men eýýäm bilýärdim. Hajathanaň diwaryndaky iki sany uly kafel ýere gaçdy. Iki sany arwah öýde näme gowşak duran bolsa şol zadyň kastyna çykypdylar. Meň gaharym geljek boldy, ýöne meni Zümmerret köşeşdirdi, ol gyz ýene meň bilen jübitleşesi gelýärdi. Bu gezek ol meň köpden bäri halaýan gyzymyň keşbine girdi. Men oňa ýok diýip bilmedim. Geň sorag, men Zümmerret bilen jübitleşýän wagtym iki sany arwahyň gözüne görünýärmikäm? Ýok bolsa gerek. Adam janyny almaga gelen iki sany arwah ýigrenç duýgylaryndan başga hiç bir zady görüp bilmeýän bolmaly. Aý bolýarda näme aýdaýyn? Jahandaky ýigrenç duýgylary bu iki arwaha ol gyzy ýok etmäge kömek eder. Bu iki arwahyň gözünden Jahan 24 sagadyň dowamynda sypyp bilmez. Men welin bu dünýäň howsalasyndan azat. Maňa Zümmerretden başga hiç kim gerekdäl. Haýsydyr bolsa bir ýerlerdäki arwahlar ülkesiniň patyşasynyň gyzy. Asly otdan ýasalan gyz.

Iki sany kölege bu gyzy dönük diýip hasaplaýar. Sebäbi Zümmerret meň bilen ýaşaýar. Arwahlara welin, adamlar bilen ýaşamak düýbinden bolanok. Dogrysy adamlarada arwahlar bilen ýaşaşmak bolanok. Hemişe şeýle adamlar aklyndan azaşany ýatladýar. Dogrymy aýtsam men hem şeýle adam. Men aklymdan azaşan.

Aşgabat: 18.05.2020

Rahman Zulfikarow
4 лайков 164 просмотров
8комментариев
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Liwerpul_fc
01 фев 2022, 02:24
Zametka belledim ertir okaryn. Sag bol!
Döwlet Şöhradow
01 фев 2022, 05:02
Liwerpul_fc,
Sizem men ýaly ekeniňiz?
Maksat
01 фев 2022, 09:14
Berekella gowy hekaýa. Ýetireniňe sagbol.
Yeyeyey
01 фев 2022, 10:10
Zümmeret gowy bolmaly
Gürleýân guyy wakasynda hem gyz nâme diyse edýâr oll ýerde zümmerediñ günasi ýokdy
Caspian
01 фев 2022, 10:24
Shu oglanyn hekayalaryny toplumy bilen goylan int saytlary yokmuka? Ayratyn dilde name diyjegini dushundirip bilyar berekella beraymeli.
Lachin
01 фев 2022, 10:31
Bolan wakamy?
Hiayres
01 фев 2022, 11:19
Caspian,
Öz saýdy hem bolmaly welin ýadyma düşenok, ýöne kitapçy.com saýtynda-da ähli eserleri diýen ýaly bar.
Caspian
01 фев 2022, 12:56
Hiayres,
Sagbol kitapça öñrak goyan bolmalyda bu golaylarda kitapca aram aram menem aylanyan gabat gelmedim , awtorlardan gozlap goreyin sagbol.