Ene-atalaryň çagalaryna berýän ýalňyş terbiýeleri

Belki iň wajyp temalaryň biri bolup biler. Bilşimiz ýaly ençeme kişi çagasyna dogry terbiýe berip bilenok ýada beren terbiýesine, etýän zadyna dogrudyr öýtýär. Geliň onda nähili gowy ene-ata bolmaly, biraz degip geçeliň. Belki ýazgyň size peýdasy deger, peýdasy degmesede iň azyndan görüşiňiz giňär we siz ene-ata bolaňyzda çagaňyza şeýle seredersiňiz. Ene-atalaryň käwagt "dogry" diýip eden zatlary çagada ruhy ýaralar goýup bilýär, şo sebäpli bu ýazgy bir "bilip galmak" ýazgysydyr we içindäki sözlere gaty üns berilmelidir.

1. Özüne ynamyny almak
Ene-atalaryň goýberen iň uly ýalňyşlaryndan biri, "sen edip bilmersiň", "senden adam bolmaz", "gepleme", "sen düzelmeýäň" we ş.m sözlerdir we ol çaganyň özüne ynamyny tekizleýär. Her adam üýtgär. Kyn wagtlardan geçer, ýaşlyk wagty bolar, soňra biraz kynçylykdan soň ýoluny sazlar. Çaga hiç zat edip bilenok soň, döredip bilenok. Käbir ene-atalarymyz öňki döwüriň terbiýesini merkezde hasaplaýany üçin çagasyna şony dogry görýär. Ýöne şol döwürde saňa berilen terbiýe şekli şol çaga üçin dogry däl. Siziň döwrüňiz başga çaganyň ýaşaýan döwri başga. Seniň özüňi ýetişdirilen mahaly belki internedem tanap ýetişen dälsiňiz, telewideniýalar täze gelip başlandyr. Umuman çagaňyzyň özüne ynamyny sözüňiz bilen almaň, sen alýaň ynamyny. Çagaň öňünden çekil sen bar öňünde böwet, kömek et, ýalňyş ýola gitse tut, ýöne öňünden çekil.

2. Deňeme
Bu gaty köp ýerde bar we köp ýerde gabat gelinýär. Çagany hiç kime deňeme. Goý bu çaga öz boluşy ýaly bolsun. Bir öýde üç çaga bolsada hemmesiniň zehini bir bolman biler. Biri okamakda ökdedir, biri sportda, biri sosial biridir. Dogany bir zat başarsa, meselem uniwersiteti tamamlasa, eýleki çagaňdanam şeýle zada garaşýan bolmagyň ahmal, ýöne hemme çaga bir bolmaly diýip zat ýok. Bu ýerde ene-atalaryň goýberýän ýalňyşy "ana doganyň ýaly bol, uýaň ýaly, dosdyň ýaly, pylan ýaly, onuň ýaly", ýöne hemme kişi üýtgeşik. Muny yzygiderli deňäp durýan bolsaň çaga bir ýerden soňra hiç zadam etmez, "nähilem bolsa olar ýaly bolup bilemok, bolman geçsinlaý" diýýär. Çagany doganyna ýa jigsine duşman etme. Ýada "edil ejeň ýaly, edil kakaň ýaly", ýa bolmasa halanmaýan bir tanyş bardyr meselem "daýyň ýaly, babaň ýaly" sözleri diýseň çagaňa zyýan edersiň. Käwagt är-aýal arasynda goh bolup biler, we şol wagt ejesi ýigrenýän tarapyny çaga deňäp biler ýada kaka deňäp biler. Bu sözlere üns berilse gowy, çaga üçin dogry sözler däl we oňa zyýan edersiňiz.

3. Habarçy etme
Är-aýal arasynda käwagt şeýle ýagdaýlar bolar, çagasyny edil bir habarçy ýaly ulanarlar. Meselem "Bar git ejeňe şeý diý, ejeňe aýt plan etmesin", ýada günäkärleýärler, meselem "kakaň ýanyna gitdiň derrew üýtgediň", "sen ejeňi has gowy görýäň". Bular ýaly günäkärlemeler, habarçy ýaly etmegiňiz çaga ynanylmaz bir agyr ýük berýär. Näme etjegini bilmän, gamgyn, depressiýaly bolup oturýar soň çaga. Gatnaşygy sen ýöretmeli çagaň däl. Çekeleşigi sen çözmeli, çagaň çekeleşigiň bir bölegi bolmaly däl.

4. Daş görnüşi bilen masgaralamak
Adamyň bedeni elmydama bir şekilde duranok, nahar köp iýse semräp biler, ýa horlanyp biler. Ýöne eger ene-ata çagasynyň fiziki görnüşi bilen oýun etýän bolsa, kem tapýan bolsa, meselem "Semiz sen, saglyksyz, burnyň şeýle, ol ýeriň beýle" diýip yzygiderli gaýtalanyp dursa çagaň özüne ynamyny ýykarsyň. Bu gaty wajyp zatlaryň biri, fiziki görnüşi, daşky görnüşi bilen masgaralamak, kem tapmak ýada artykmaç tankytlamak ruhy ýara döreder.

5. Bir zady tutmak
Çaganyň häsýeti ene ýada ata çekip biler, meňzäp biler. Meselem bir çaga duýgurçyl bolup biler, sözleri has üstüne alýan bolup biler, eger ene-ata şonda "gaty duýgurçyl sen, çydamsyz, ejiz" diýip dursa çaga pikir etýär "meniň kemçiliklerim bar öýtýän, men näme üçin muny beýle pikir etýän" diýip. Ene-ata diňe dürtüp durýar "adamlaryň içinde çykaňok, utanýan senden" diýip, çagaň umumy häsýeti belki içine öwrenişen bir häsýetdir. Ony bolmaýan adama öwürjek bolmak şuňa meňzeýär, çagaň ýüzmäni bilen ýöne deňize zyňýaň soň çagaň gark bolýar.

6. Düşündirmek
Maşgalada ene-atanyň goýan düzgünleri bardyr. Käbir çaga bolsa bilesigelijidir, diňe sorag berip durarlar. Olar sizden etjek zadyňyzyň manysyny sorarlar. Käbir çagada bu häsýet bolany üçin ene-atasynyň düzgünini sorar. "Muny näme üçin etmeli?", bu erbet zat däldir, şol ýerde diňe çaga manysyny düşündirmegiň ýeter. Ýöne käbiri aşa tankytlar, "sen kim, biz näme diýsek şol bolar" şeklinde. Bu garşyňdakynyň pikirlerini, barlygyny we häsýetlerini ýok hasaplamagyň iň aňsat görnüşidir. 30 ýaşlaryna gelende hiç bir pikiri bolmaýan, özüne ynamy ýok bir adam ýetişdirmek isleýän bolsaň şu usuly ulanyp bilersiň.

7. Psihologyň däl
Bilşimiz ýaly durmuş gurmak aňsat iş däl, we käbir jüwütler durmuş gurmana taýyn bolman öýlenýärler ýada durmuşa çykýarlar, we netijede düşünişmezlikler, meseleler döräp ugraýar we kyn durmuş başlaýar. Şu ýagdaýda meselem enesi gyzy bilen yzygiderli atasyny gürleşýär, "kakaň maňa şeýtdi, plan etdi" diýýän bolsa, muny yzygiderli etýän bolsa gyz ýada oglan çaga, kakasyna duşman bolup başlaýar. Bu ýerde gatnaşygy bilmek gerek. Bir adam gowy är bolmasada gowy kaka bolup biler, we eje kakasyny çagasyna ýamanlanda, duýgularyny aýdanda çagasyny kakasyndan mahrum etýär bilmän. Käwagt bolsa ene çagasy bilen şahsy durmuşynam paýlaşyp bilýär, meselem jynsyýetçilik we ş.m, "kakaň menden şuny isledi, şuny etdi" diýip, we öňem aýdyşym ýaly bolan bir wakada gyz çaga kakasy bilen elleşip bilmejek derejä gelipdir. Gaty gynandyryjy ýagdaý. Ýada geçmişiňdäki ýaşaýyşlaryňy, kemçilikleriňi, maşgalaň bilen bolan meseleleri yzygiderli çagaňa gürrüň bermek, "men şeýle boldum, şeýle ýaşadym" şeklinde. Çagaň seniň psihologyň däl. Eger dertleriňi gaýtalap dursaň ol çaga saňa kömek etmäne mejbur ýaly duýýar özüni, diňe şuny pikir etýär. Belki sen düşündirip rahatlaýansyň ýöne çaga göterip bilmejek ýüküň aşagynda bolýar we gaty uly meseleler döräp bilýär.

8. Urmak
Iň erbedi, gaty urmak, aşa urmak, diňe urmak. Bir ýerde eşdipdim çaga köpçülige öwrenişmeýän, ganhor ýaly biri bolup ýetişýär diýip. Bu barada gaty köp zat bar. Öňem aýdyşym ýaly bu kanuna laýyklykda ýalňyş zat. Ol eşek däl, duşmanyň däl, çagaň ol seniň. Duşmanyňa edilmez beýle zatlar. Elbetde urmaly, elbetde käwagt gygyrmalam bir şarpyk çalmalam, ýöne gidip kemerläp, oklaklap, tagta eýle beýle zatlar bilen urar ýaly sende näme hak bar we ol seniň nämäň ? Şeýlebir kellesiz ene-atalar bar welin özünde ýok terbiýäni çaga berjek bolýar. Duş gelipdim, ogly aýtýar kakamy bogup, ýaba kellesini sokup urýar eken atasy. Soňam şondan şeýlemikä kakam diýip zeýrenýär. Meselem başga ýurtlarda edilse ilkä hemme ýerde ýaýradylardy we döwlet çagany goraga alyp goýbererdi ene-atanam türmä. Sebäbi agyr günä bu we bikanun zat. Bu barada aýdyljak zat köpem welin diňe şulary ýazasym geldi. Gaty ýalňyş we gaty zyýanly zat. Ur, ýöne ýerini bilip ur.

9. Ol sen däl
Başga üýtgeşik deňeşdirmegiň görnüşem şudyr, "men seniň ýaşyňda öz pulumy gazanýardym, plan ýere gitýärdim, men sen ýaly wagtym eneme-atama şeýle etýärdim" ýöne indi seniň döwrüňde ýaşamzok, we seniň bilen çagaň başga adam. Bu sözler çaga bilen araňyzdaky bagyň gopmasyna sebäp bolup biler.

10. Çagany tehnologiýa zyňmak
Çagadan halas bolmak üçin tehbologiýa berýäň çagaňy. "Görsünle how görsün, YouTube görsün, oýnasyn ýumsa bolýar". Muny aýtmak aňsat elbetde görmeli, oýnamaly, ýöne iň azyndan nämeleri görýänini barlap bilersiň, YouTube Kids diýip çagalar üçin wersiýasy bar. Bu ýerde siziň çaga düşünjäňiz näme, meselem çagaň gelipdir 17 ýaşyna, "gel oglum gel, gel bile lego oýnaly", soňra çaga pikir etýär "meniň kakam näme üçin beýle", soň göwnüňi ýykmajak bolup gelip seniň bilen oýnan bolýar, senem pikir etýäň "meniň bilen wagt geçirmäne begenýär" diýip.

11. Öz-özüne goýbermek
Çagaňyza jynsyýeti, din meselelerini özüňiz aýdyň, özüňiz düşündiriň. Diniňiziň nämedigi hiç bildirenok, esasy zat düzgünleri, aýatlary zatlary düşündiriň, eger siz düşündirmeseňiz ertesi gün başga bir ala aklyny bular. Hem internediň bir tarapy bilim barada bolsa bir ädim aňyrsy Google. Şo sebäpli ilki siz düşündirmeli.

12. Duýgularyny diňlemek
Çagaň duýgylaryna goşulmaň, meselem sorarsyň "söýgüliň barmy", olam yňňa-myňňa edip gürlejek bolar welin "söýgüliň barmow?" Boldumy indi şeýtmegiň ? "Etme beýle zatlar" näme üçin etmesin ? Çaga durmuşy öwretmeseň ol çaga ulalmaýar. Dostlaryny tanamasaň, gatnaşýanlaryny bilmeseň, çaga sessiz üýnsüz gezýär, pikir edýäň senem "otagynda sessiz otyr", sessiz otyr welin kim bilýär ol çaga "metaverseniň" nirsinde gezip ýör.

13. Ýalňyş motiwasiýa
"Bol et, et diýýän gelýär bolmasa taýak", näme bu ? Motiwasiýamy bu ? "Etmeseň şeýle bolar, beýle bolar", intek motiwasiýa bermäni, ruhlandyrmanam bileňok. Iki zat okasaň bilersiň welin başga zatlar gürleýäň
9 лайков 421 просмотров
34комментария
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
doctor
05 фев 2022, 20:53
salam agam gowy peydaly like
Hanguly
Автор 05 фев 2022, 20:54
Bu diňe bilip galmak ýazgysydyr, umuman özümem çagajyklaryny gowy görýän, @Shakrukh khan agza her gezek maşgalasy barada mowzuk açanda birhili çalt kaka bolasym gelip dur, begenip gitýän
Hanguly
Автор 05 фев 2022, 21:04
Bagul_Atayeva,
Näme boldy ?
Hanguly
Автор 05 фев 2022, 21:07
Bagul_Atayeva,
Gynanma, meňkide-de dogry bolany bar. Hemme kişiňkide bardyr belki 1-2 sanam bolsa. Daşary ýurtly ene-ata boljak kişilere şeýle dersler geçilýär ýada okap öwrenýär ekenler. Ene-atalarymyz belki bilýän däldirdä, iň uly kemem şuda
Enejan
05 фев 2022, 21:08
2. Deňeme
Bu gaty köp ýerde bar we köp ýerde gabat gelinýär. Çagany hiç kime deňeme. Goý bu çaga öz boluşy ýaly bolsun. Bir öýde üç çaga bolsada hemmesiniň zehini bir bolman biler. Biri okamakda ökdedir, biri sportda, biri sosial biridir. Dogany bir zat başarsa, meselem uniwersiteti tamamlasa, eýleki çagaňdanam şeýle zada garaşýan bolmagyň ahmal, ýöne hemme çaga bir bolmaly diýip zat ýok. Bu ýerde ene-atalaryň goýberýän ýalňyşy "ana doganyň ýaly bol, uýaň ýaly, dosdyň ýaly, pylan ýaly, onuň ýaly", ýöne hemme kişi üýtgeşik. Muny yzygiderli deňäp durýan bolsaň çaga bir ýerden soňra hiç zadam etmez, "nähilem bolsa olar ýaly bolup bilemok, bolman geçsinlaý" diýýär. Çagany doganyna ýa jigsine duşman etme. Ýada "edil ejeň ýaly, edil kakaň ýaly", ýa bolmasa halanmaýan bir tanyş bardyr meselem "daýyň ýaly, babaň ýaly" sözleri diýseň çagaňa zyýan edersiň. Käwagt är-aýal arasynda goh bolup biler, we şol wagt ejesi ýigrenýän tarapyny çaga deňäp biler ýada kaka deňäp biler. Bu sözlere üns berilse gowy, çaga üçin dogry sözler däl we oňa zyýan edersiňiz.

3. Habarçy etme
Är-aýal arasynda käwagt şeýle ýagdaýlar bolar, çagasyny edil bir habarçy ýaly ulanarlar. Meselem "Bar git ejeňe şeý diý, ejeňe aýt plan etmesin", ýada günäkärleýärler, meselem "kakaň ýanyna gitdiň derrew üýtgediň", "sen ejeňi has gowy görýäň". Bular ýaly günäkärlemeler, habarçy ýaly etmegiňiz çaga ynanylmaz bir agyr ýük berýär. Näme etjegini bilmän, gamgyn, depressiýaly bolup oturýar soň çaga. Gatnaşygy sen ýöretmeli çagaň däl. Çekeleşigi sen çözmeli, çagaň çekeleşigiň bir bölegi bolmaly däl.



Aglasym gelip gitdi
Enejan
05 фев 2022, 21:09
Wlad,
Sagboluň ýetireniňize altyndan gymmat mowzuk 1 aý halananda durmaly şu
Hanguly
Автор 05 фев 2022, 21:12
Цитата: Bagul_Atayeva
Ýöne ýene şular ýaly temalar açsaň gowy bolar.

Nesip bolsa, şahsyýeti ösdürmek barada paýlaşyp duraryn, iň azyndan bilip galsaňam öňkiden biraz ruhly bolýaň
Enejan
05 фев 2022, 21:15
Bagul_Atayeva,
Giň boluň !
Ejegyz.
05 фев 2022, 21:18
Wlad,
Eger syr däl bolsa, nirede okaýaňyz ?! (islemeseňiz aýtmaň)
Ejegyz.
05 фев 2022, 21:20
Bagul_Atayeva,
Dogry aýdýaňyz !
Hanguly
Автор 05 фев 2022, 21:20
Bagul_Atayeva,
Hawa, esasy zat janlary sag bolsun, käbiri ýörite bilip etsede käbiri bilenok bu zatlary, şonda gören wideoarymda "Ene-atalaryňyz eger düşünjeli bolsa şuny görkezip bilersiňiz" diýip maslahatam berýär
Hanguly
Автор 05 фев 2022, 21:24
Ejegyz,
Türkmenistanyň S.A Nyýazow adyndaky Oba hojalyk uniwersitetiniň baýramaly agrosenagat orta hünär okuw mekdebinde şuwagtlykça, muny dynybam @Nairobi dagy bn okamagym ahmal bir ýerde :)
Hanguly
Автор 05 фев 2022, 21:24
Ejegyz,
Türkmenistanyň S.A Nyýazow adyndaky Oba hojalyk uniwersitetiniň baýramaly agrosenagat orta hünär okuw mekdebinde şuwagtlykça, muny dynybam @Nairobi dagy bn okamagym ahmal bir ýerde :)
Hiayres
05 фев 2022, 21:42
Gowy mowzuk. Çaga terbiýesi häzirki döwürde örän derwaýys mesele. Jemgyýetimizi ösdürmek üçin, intäk, bu ugurda örän-örän köp işleri amala aşyrmaly. Şolaryň esasysam özümizi (ulular) terbiýelemek bolmaly. "Mal eýesiniň gözünden suw içer" diýilýär, çagalaram özleriniň terbiýelerini, häsiýetlerini ulalardan, ene-atalaryndan alýar. Käbir maglumatlara görä her kim öz ene-atasynyň (gyz-ejäniňkini, oglan-kakanyňkyny) ykbalyny gaýtalaýar. Özümize gowja üns bersek, adaty durmuşymyzda bir wagtlar ene-atamyz näme eden bolsa bizem şony özümize duýdansyz gaýtalaýanmyzy göreris. Şahyr aýtmyşlaýyn:

Megerem şolardyr – ýagny, bizdiris
Adamkärçiligiň serhedin bozup,
Nebis küşdün oýnap, kellämiz gyzyp,
Kasparowdan ozup, Karpowy pyzyp,
Ynsaby basgylap, wyždany çyzyp,
Ogul-gyza nusga bolmaga derek
Olaň bozulmadyk ahlagyn bozup,
Ne-hä enemiziň ahwalyn sorap,
Ne-de ikibarmak essalam ýazyp,
Hawa, hut bizdiris, diňe bizdiris
Hasrat getirýänler müňlerçe enä
Biz ilkinji nusga, perzentler bolsa
Kopirkadan geçen ikinji nusga – ikinji günä.

Megerem şeýledir, şonuň üçindir
Alty balasynyň ötüp günäsin,
Müňleriň günäsin ötmeýänligi,
Şübhelenme parasatly enä sen.

Megerem şeýledir, uşak günäden
Halas däl bolsa-da bu juwan nesil,
Senden gören zadyn öwrendi çaga
Öwreden zadyňa jogapkär sensiň!

Atadan hannaslyk öwrenen ogul
Bolup atadan-da beterräk hannas,
Enesin ketege göçürer ertir,
Özüňem ketekden bolmarsyň halas.

Hawa, bu şeýledir, belanyň körügi –bizdedir.
Çagany näletleme, bes!
Günämiziň asyl nusgasy hakda
Oýlanaryn diýseň enä gulak as.

Ýazypdym nesilleň günäsi hakda,
Özümiz ýadymdan çykan eken tas.
Biahlak gullaryň günäsi hakda
Oýlanaryn diýseň enä gulak as.

Şonuň üçinem ilki bilen herimiz özümizi igelemeli. "Miwe agajyndan daşa düşmez" diýlişi ýaly, özümizde ýok zat, çagada bolmaz.
Gokhan Durdyyew
05 фев 2022, 21:49
Wlad aga gaty gowy altyndan gymmat mowzuk kop kop sag bolun .. yene-de sheyle mowzuklary paylashmanyza garashyan.....
Hanguly
Автор 05 фев 2022, 21:50
Hiayres,
Hawa, dogry
Hanguly
Автор 05 фев 2022, 21:50
Demeter,
Minnetdar, nesip bolsa
Shahrukh khan
05 фев 2022, 22:01
Kaka bolanyny gormek Bizede nesip etsin :)
Leyli Amanowa
05 фев 2022, 22:08
Ene-atamy şu sayta agza edesim gelip gitdi-dä
Leyli Amanowa
05 фев 2022, 22:10
Şu yokardaky agzalanlary diňe maňa garşy edyärler beyleki 3 doganyma beyle edilenok. Men anyk şolaň çagasymykam?
Shahrukh khan
05 фев 2022, 22:11
Nairobi,

DNK test edip goray. Mumkin owey bolmagyn mumkin ya eje bashga ya kaka bashga
Leyli Amanowa
05 фев 2022, 22:15
Shahrukh khan,
2002nji yylyň martynda toy edipdirler menem 2003iň aprelinde boldum. Göbegimi kesen ayalam tanayan goňşym. Anyk şolaň gyzy welin imenno meni gynamalary geň
Hiayres
05 фев 2022, 22:15
Цитата: Nairobi
Şu yokardaky agzalanlary diňe maňa garşy edyärler beyleki 3 doganyma beyle edilenok. Men anyk şolaň çagasymykam?


Göwnüňedir. Senem, ur diýilse gözüni çykarýaň.
Shahrukh khan
05 фев 2022, 22:17
Nairobi,

Dushnukli 1 yyl 1 ay gowramde goterdim meni gynadyn indi sen gynal diyyan bolmaly ejen
Leyli Amanowa
05 фев 2022, 22:19
Hiayres,
göwnume dagy däl
Leyli Amanowa
05 фев 2022, 22:20
Shahrukh khan,
layyjak 9 ay 9 gun 9 sagat 9 minutda doglupdyryn
Shahrukh khan
05 фев 2022, 22:21
Nairobi,

Ejene D witamin yetenok shony bermeli onson duzeler
Leyli Amanowa
05 фев 2022, 22:22
Shahrukh khan,
duzelmesin öwrenişipdirin eger uytgese öz ejem däl yaly bolar durar
Hanguly
Автор 05 фев 2022, 22:27
Цитата: Shahrukh khan
Kaka bolanyny gormek Bizede nesip etsin :)

Sagbol, nesip eder inşalla
Mona Lisa
05 фев 2022, 22:29
Käbir ene-atalar çagasyna "Seni ýumrukda saklamaly" diýýärlerem...