Maşgala basgysy çekenler gelsin

Şuwagt ençeme kişi maşgalasy ýada ene-atasynyň basgysy sebäpli özüni öldürýär. Söze şeýle başlamak isledim sebäbi bularyň derdi ynanylmaz derejede uly. Şo sebäpli uly toplum meselesi bolan tema barada, "her kime peýda bolar" umydy bilen ýazdym temany. Bular şeýle bir köp welin gynansakda ençemesi ýalňyş ýollara düşýärler.
Ilki bilen gowy ene-ata bolmak üçin ençeme zady bilmegiňiz gerek, ene-atalyk mukaddeslik diýilip tanalýar bilşimiz ýaly, şo sebäpli oýun-oýunjak zat däl bu. Oýnamana aýdanoklar ene-ata boljak kişilere bir ders berilmeli diýip. Sebäbi bu işiň işi gaýtdy, çagasyny hiç diňlemeýänmi diýersiň, isleýän kärine goýbermeýän, öz diýen kärini tutdurýan, öýüne her gün içip gelýän, çagasyny eşekdir öýtmän diňe urýan, öýlenjek kişisine-de goşulýan we özi saýlaýan, hatda we hatda kiçijek bäbejigini zibile atanlar bar. Mesele gaty uly. Şuwagt ençeme kişi maşgala basgysy sebäpli näme etjeklerinem bilenok. Bakyň näme etjegini hiç bilenoklar. Gaty erbet ýagdaý. Elbetde çagaň öziň ýaly bolmagyny isläp bilersiň ýada gowy biri bolmagyny, beýle bolsa oturyp gürleş, derdini diňle, hiç ony diňlemän özüňkini dogry edip dursaň çagaň artyk daýanjak güýji galmaýar we ýokarda aýdyşym ýaly waka bolýar seniň mallygyň sebäpli. Men "hemme ene-atalar mukaddesdir, diňe şolaryňky dogry" diýen sözi hijem goldamadym, iň ýigrenji mal we kemakyl ynsanlaryň adaty sözi. Nähili ene-atalaryň bardygyny aýtsam ynanmarsyňyz bak hijem ulaldamok. Bu çagada şo sözleri görüp gaty kemsinýär, we bir tarapdanam olar näme diýse dogry kabul edip ugraýar şonuň üçin. Netijede durmuşdan hiç keýp almaýan kişi bolup geçirýär ömrüni, seretse garrap gidipdir.
Eý mal humanist duýgy nökerçileri, siziň derrew hassahana-da bejerilmegiňiz gerek. Maslahatam beren bolýarlar özleriçe. Elbetde şadyýanlary köp, hemme maşgala beýle däl, gül ýaly gatnaşyklary bolanlar gaty köp. Ýöne meniň diýýänim has başga. Çagaň söýýän kärine ene-ata näme üçin goşular ? Elbetde düşündirip bilersiň, elbetde gürleşip bilersiň, ýöne diňe özüňkini dogry etmek nämäň ynamy ? Seniň ony dogurmagyň ýada ene-atasy bolmagyň onuň üstünde hemme tarapdan hakyň bardygyny hiç aňladanok. Ol seniň harydyň däl.
Muny aýtmagymyň we ýazgyny ýazmagymyň sebäbi düýnjek Türkiýe-de Enes Kara atly bir oglanjyk janyna kast etdi, özümem Türk mediýasy bilen gyzyklananym we düşünýänim üçin bu barada çykan hemme tankytlara çenli okadym. Ol oglanjygam hiç islemese-de Gurhan dersine iberipdirler, diňlemändirler, hatda ençeme ýyldan bäri bu derdi çekip ýör eken, özüni öldürjegem bolupdyr öň, wideosynda hemme zady aýdypdyr çaganyň artyk çydajak güýji galmandyr, netijede gynansakda özüni öldüripdir. Diňe şu saýdyň özünde eýýäm bilşim ýaly 4-5 kişi bar maşgala basgysynda bolan. Bular gaty köp. Şuwagt dünýäde ençeme kişi egzamyndan ýykylyp ene-atasyndan gorkup özüni öldürýärler ýüzlerine bakyp bilmerin diýip. Soňrada pikir etýärler "näme boldy" diýip, näme bolsun sen etdiň ony, ganhory sen bolýaň aslynda. Ene-atalaryň ýada boljak kişileriň bilmeli gaty köp zady bar.
Gaty gynandyryjy waka bar, gyzyna kakasyny şeýle bir ýamanlapdyr welin gyzy kakasynyň ýanyna barmana gorkýar, oňa bir "jynsy köseýji" gözi bilen bakyp ugrapdyr. Ene-ata çaga olar ýaly zatlary aýtmaly däl, ýamanlamaly däl, ol seniň psihologyň däl derdiňi aýdar ýaly. Çagada ynanylmaz bir dert döreýär soňra belki sen bilýän dälsiň welin, depressiýa düşýär, ýatyp bilenok, psihologiýasy bozulýar. Umuman gaty köp zat bar ene-ata bolmak barada.
Intek özi terbiýe alyp ýetişmändir, nädip çaga terbiýe bersin. Hiç taýyn däl ene-ata bolmana, durmuş gurup goýberýärler. Käbir ene-atalar sözleri bilen çagalaryny zäherleýärler. Ene-ata bolmana taýyndygyňy bilmek gerek. Çaga hökman gowy ýetişýär eger ene-ata gowy terbiýe berse, dogry terbiýe berse, gowy şertlerde ýetişse.
Eger neşe ulanyp başlan bolsa, ol işlere zada giren bolsa goşul temamyz bu däl bärde, agzaýan zadymyz has ýönekeý zatlar, goý özi saýlasyn okajak ugruny, goý özi saýlasyn işlejek ýerini, goý özi pikir edip bilsin. Kösäp bir zat etdirme, gaty köp kişi bar kösäp etdirilen. Bir kişini kösäp bir zady etdirip bilmersiň, etdirmelem däl aslynda, beýtmek bikanun zat, ynsan haklarynyň bozulmagy bu bilýän bolsaň. Bir ynsana seniň çagaňam bolsa kynçylyk bilen kösäp bir zat etdirýän bolsaň resmi şekilde günäli sen bolýaň. Aýdyşym ýaly özüň bir zady dogry hasaplaýan bolsaň onuň bilen gürleş, dertlerini diňle derman bol, söhbetdeş bol, näme üçin dogry ýada däldigini gürleş. Beýdip haýbat atyp, gorkuzyp bir zat etdirmeli däl, kemakyl adam bu ÝALŇYŞ, BIKANUN ZAT. Intek köp gabat gelenem däldirin beýle gowy gatnaşanlara, bardyr elbetde şadyýan, gowy düşünişýänler, ýöne 100-de 100 gowy gaty azdyr. Çagalykda trawmatiki ýagdaý galýar soň köp kişide, we soň unudyp bilenoklar ýara bolup galýar, ulalsalaram görmedik bolýarlar we maşgalasyny äsgermeýärler hatda hormatam goýanok köp kişi gynansakda. Şeýlelik bilen maşgala baglary düýbünden bozulýar. Hökman biri sypaýçylykly bolmaly, eger iki tarapam dikbaş bolsa onda gutardy.
Maşgala basgysy çekenler näme etjeklerini bilmeýärler ýaňam aýtdym, çyndanam bilenoklar. Bu hasam gynandyrýar. Çaga bir zat etýän bolsa, şol ýerdäkileriň biri sorasa meselem "näme üçin beýle" diýip, olam "maşgala basgysy sebäpli, aslynda edesim gelenok" diýse, adaty ýagdaýda ene-atasyna jaň edip aýdarsyň meselem "çagaňyz islänok eken etdirmäň ýalňyş" zat diýip düşündirse ýa maslahat berse bir zat etse ýagny, ýöne ýok, sebäbi gynansakda bu adamlar ÇAGAŇ NÄME DIÝENI BILEN IŞLERI ÝOK. Bu düşünjedäki ene-atalaryň esasy maksady şudyr, meselem kursa berýär, "eti siziňki süňki biziňki" görüşidir. Alyň diýýär siz tembol bilýäňiz etmeli zady dogry ynsan edersiňiz diýýär. Mesele şu ine aslynda, çaga näme pikir etse hiç onuňky.
Dostlarym, gardaşlarym, uýalarym, jigilerim, tanyşlarym, aslynda hemme zat siziň eliňizde. Sizden wajyp zat ýok, bu dünýäde iki sany "sen" ýok. Çydamagyň gerek we bir zatlar etmegiň gerek. Meselem meňem maşgalam bilen aramda gaty köp meseleler boldy, hatda bu ene-atalyk barada okamda psihologlary diňlämde gaty köp ýalňyş zatlar etýändigini bilip galdym. Ýöne näme bolsada, eýtýäs-beýtýäs düşünişýäs, oňuşýarys, ýaraşýarys. Durmuşyňyzyň merkezinde diňe siz bolmaly. Bu ýazgyny okap biraz käbir zatlara düşünmegiňiz gerek bilmegiňiz gerek tembol şo sebäpli ýazdym, iň azyndan bilip galsynlar.
4 лайков 631 просмотров
65комментариев
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Ýury
17 янв 2022, 19:07
Selam kanka.....nasilsin....
Resul.
17 янв 2022, 19:13
geçip barýaka sowlan,
Okodyñmy
Hanguly
Автор 17 янв 2022, 19:15
geçip barýaka sowlan,
Iyiyim valla sen nasilsin
Ýury
17 янв 2022, 19:15
Meni gyzyklandyranok......Resul.,
Ýury
17 янв 2022, 19:20
Bende iyiyim kanka....ya.....Wlad,
Enegul
17 янв 2022, 19:21
Dogry +++
Hanguly
Автор 17 янв 2022, 19:23
Nesip bolsa nähili gowy ene-ata bolmak barada-da goýjaga gaty gowy zatlar bar, iň azyndan görüşiňiz giňär we belki siz çagalaryňyza şeýle seredersiňiz
Enegul
17 янв 2022, 19:24
Цитата: Wlad
Nesip bolsa nähili gowy ene-ata bolmak barada-da goýjaga gaty gowy zatlar bar, iň azyndan görüşiňiz giňär we belki siz çagalaryňyza şeýle seredersiňiz


heh cilimkesh
Kalp doctory
17 янв 2022, 19:25
Dogry aytyan agam goldayan barsyny
Maksat
17 янв 2022, 19:32
Dogry zatlar belläpsiňiz menem gördüm türk medýasynda janyna kast eden oglany. Menem günde görýän habarlar türkiýe demokratiýaň, adam hukuklarnyň kölegesinde edenini edip ýörler. Ynanma her gören zadyňa, ene ata haramzada bolsada çagasyna ýamanlyk islemez. Birinden biri çagasyny goldar eger goldamasa onda başga bir mesele bardyr.
Hanguly
Автор 17 янв 2022, 19:35
Bayker,
Dosdum her ene-atany bir dessandaky bolup geçmedik gahryman ýaly görkezme, olaram adam, we 10 minutlyk wideosy bar çagaň gör onsaň düşünersiň
Pegas
17 янв 2022, 19:37
Цитата: Wlad
Nesip bolsa nähili gowy ene-ata bolmak barada-da goýjaga gaty gowy zatlar bar, iň azyndan görüşiňiz giňär we belki siz çagalaryňyza şeýle seredersiňiz

Gowy ene-ata bolmagyň kesgitlemesini sen ýazdyňmy? Özüňi, hamala, ähli zady bilýän, ony hem beýlekilere öwredýän ýaly alyp barýaň-aý! "Duýgy nökerçiligi" "bak", "bakyň"... ýaly dilimize nätanyş sözleri sokmazlygy öwrenmeli ilki. "Seniň ony dogurmagyň ýada ene-atasy bolmagyň onuň üstünde hemme tarapdan hakyň bardygyny hiç aňladanok. Ol seniň harydyň däl." diýipsiň. Hemme haky hem bar çagadq ene-atasynyň. Ene-atasyna gulak asmaýan, näletkerde nesilleri ýetişdirmäge goşant goşmakçymyň?
Leyli Amanowa
17 янв 2022, 19:37
Şu diyyän zatlaryň hemmesini yaşayan. Özumi öldurmek öyden gaçmak yaly duygylary kiçijik çaga wagtymdan bäri isledim. Ahyry çäre tapypdym 5nji synpda yaryşa gatnaşdym şonda şäherdäki 26njy mekdep hakda eşitdim. Şol mekdebe synag tabşyryp girdim. Öňkiden gowy yaşadym welin kanikullary öyde geçirmek kyndy. Öye barsam bolgulyan. Okuwy gutordym "şol öyde yaşamakdan öler yaly gorkdum". Bagtyma ejekem öz öyune alyp gaytdy.
Leyli Amanowa
17 янв 2022, 19:37
bogulyan*
Hanguly
Автор 17 янв 2022, 19:40
Pegas,
Sen ullakan topluma degişli tema ýazarsyň bir malam çykyp içindäki diňe bir ýalňyşy görer. Bak dosdym, men islän şekliminde ýazaryn, sebäbi niýetim zatlary gaýtalamak däl. Ikinjidenem men hijem özümi bir zat bilýän ýaly görkezemok, ol siziň kirli zehiniňiz bilen baglanşykly
Leyli Amanowa
17 янв 2022, 19:41
Kellämdäki ejemiň yaňlanyan seslerinden gunde gaytalanyan sözlerden dynmak isleyän. Yogsa seň sesiňi eşitmedigime 3 hepde boldy. Şol yaňlanyan seslerden dunyäniň aňyry ujuna gitsemem dynyp bilerin öydemok. Sebäbi, diňe şol sesler bilen yaşadym. Ölerinem. Birje yol bar, öz sesimi eşidip bilsem seň ayylganç, gorkuly we meň inimi tikenekledip baryan yaňlaryňdan dynaryn. Yöne nädip eşitmeli?!
öňräk yazypdym
Hanguly
Автор 17 янв 2022, 19:41
Pegas,
Eý ala mal çaga, men näletkerde çagalary agzadymmy ýazgymda ? Bilmän zat ýazsaň menem saňa hormat goýmaryn bagyşla, sen ýaly mallar üçin aýdyp geçdim meniň agzaýanym başga diýip
Hanguly
Автор 17 янв 2022, 19:42
Nairobi,
Pikir etme biderek zatlary, diňe özüňi pikir et, arkaýyn bol hemme zat düzelýär, Reandyň bir sözi bar "Hemme zady edip bilersiň, diňe tur we et" diýip, ýönekeý söz ýalakdyr welin aslynda hemme zadyň seniň eliňdedigini aňlatýar
Hanguly
Автор 17 янв 2022, 19:46
Nairobi,
Eger kelläňe özüňe bir zat etmek barada düşünjeleri sokup dursaň hijem halas bolmaýaň ol düşünjelerden, lostallhopede ýörite subudy bar şunyň, bu bir yzarlaýjy zat ýaly, goýberenok seniň eliňi. Şo sebäpli biraz pozitiw boljak bol, ynan peýdasy degýär. Diňe erbet zatlary pikir etseň, eger şol zat bideregem bolsa seni hemme tarapdan basýar. Şo sebäpli ol düşünjelere ýeňilme, men nesip bolsa ene-atalyk barada okanlarymy ýazjaga, hökman peýdasy degmesede gaty köp zady bilip galarsyň
Leyli Amanowa
17 янв 2022, 19:46
Şu yyl syyasata tabsyrjak däldim. Geçip bilmejegime bilyädim. Ejem öldurdi "Kakaň şoňa tabşyr" diyyä diyip wara
Kakow
17 янв 2022, 19:46
Цитата: Nairobi
Kellämdäki ejemiň yaňlanyan seslerinden gunde gaytalanyan sözlerden dynmak isleyän. Yogsa seň sesiňi eşitmedigime 3 hepde boldy. Şol yaňlanyan seslerden dunyäniň aňyry ujuna gitsemem dynyp bilerin öydemok. Sebäbi, diňe şol sesler bilen yaşadym. Ölerinem. Birje yol bar, öz sesimi eşidip bilsem seň ayylganç, gorkuly we meň inimi tikenekledip baryan yaňlaryňdan dynaryn. Yöne nädip eşitmeli?!
öňräk yazypdym

nc yasynda
Leyli Amanowa
17 янв 2022, 19:48
MARLY_БОРЕЦ,
18
Hanguly
Автор 17 янв 2022, 19:48
Nairobi,
Bagyşla welin ol ene-ataň ýalňyşy ine, sen bileňok welin başga ýurtlarda gozgalaňa başladylar maşgala basgysy üçin, şolar ýaly agras we inçe mesele bu, ýokardaky sam.syga seret, näletkerde çagalar diýip ýatyra, umuman çydajak bol, ýa belki gürleşjek bol, düşünişjek bolup gör
Kakow
17 янв 2022, 19:49
Цитата: Nairobi
MARLY_БОРЕЦ,
18

yylynyz 03 boliamy
Hanguly
Автор 17 янв 2022, 19:51
Blä @Pegas kemakyl çaga nerwa degdiňow, bak iliň gözünde "pylan" boljak bolýan kirli ynsan. Ilki bilen meniň bu diýenlerim bir bilim ýazgysy ýada bir zadyň analiz ýazgysy däl akyllysyrajak bolar ýaly. Ikinjidenem meniň bu ýazanlarym "ýörite" tankyt däl, diňe bolýan zatlary aýtdym. Üçünjidenem bar gitde YouTube, we başga ýerlerde ussatlaryň sözlerini we şuwagt çykyp oturan tankytlary gör hassa ynsan, her kim sen ýaly şadyýan däl we kirli zehinli däl, yňňa-myňňa etme maňa, anyk zat bilen gel we dogry zat bilen gel
Kalp doctory
17 янв 2022, 19:52
uho menden beteram ba eken diyjekdim yagshy senkiNairobi,
Leyli Amanowa
17 янв 2022, 19:52
Wlad,
gmailiňi ber şoňa yazayyn giňişleyin bärde yazasym gelenok
Leyli Amanowa
17 янв 2022, 19:52
MARLY_БОРЕЦ,
hawa
Hanguly
Автор 17 янв 2022, 19:53
Hem şony başda @Bayker agza agzapdy ana Türk sözleri ulanýaň diýip, bulam özüçe gaýtalan boluşy şony, bak sözi türkmende-de bar, bolmasada men ulanasym gelýändir, netijede biderek zat ýazamok.
Pegas
17 янв 2022, 19:53
Цитата: Wlad
Pegas,
Eý ala mal çaga, men näletkerde çagalary agzadymmy ýazgymda ? Bilmän zat ýazsaň menem saňa hormat goýmaryn bagyşla, sen ýaly mallar üçin aýdyp geçdim meniň agzaýanym başga diýip

Sen ýaly ene-ata mukaddesligine garşy agitasiýa geçýänlere NÄLETKERDE diýilýär! Indem agzyňa "mal-sal" ýaly sözleri alsaň, mendenem gowusyny eşitmersiň, TÜRKSUMAK BLÝAT!