Maşgala basgysy çekenler gelsin

Şuwagt ençeme kişi maşgalasy ýada ene-atasynyň basgysy sebäpli özüni öldürýär. Söze şeýle başlamak isledim sebäbi bularyň derdi ynanylmaz derejede uly. Şo sebäpli uly toplum meselesi bolan tema barada, "her kime peýda bolar" umydy bilen ýazdym temany. Bular şeýle bir köp welin gynansakda ençemesi ýalňyş ýollara düşýärler.
Ilki bilen gowy ene-ata bolmak üçin ençeme zady bilmegiňiz gerek, ene-atalyk mukaddeslik diýilip tanalýar bilşimiz ýaly, şo sebäpli oýun-oýunjak zat däl bu. Oýnamana aýdanoklar ene-ata boljak kişilere bir ders berilmeli diýip. Sebäbi bu işiň işi gaýtdy, çagasyny hiç diňlemeýänmi diýersiň, isleýän kärine goýbermeýän, öz diýen kärini tutdurýan, öýüne her gün içip gelýän, çagasyny eşekdir öýtmän diňe urýan, öýlenjek kişisine-de goşulýan we özi saýlaýan, hatda we hatda kiçijek bäbejigini zibile atanlar bar. Mesele gaty uly. Şuwagt ençeme kişi maşgala basgysy sebäpli näme etjeklerinem bilenok. Bakyň näme etjegini hiç bilenoklar. Gaty erbet ýagdaý. Elbetde çagaň öziň ýaly bolmagyny isläp bilersiň ýada gowy biri bolmagyny, beýle bolsa oturyp gürleş, derdini diňle, hiç ony diňlemän özüňkini dogry edip dursaň çagaň artyk daýanjak güýji galmaýar we ýokarda aýdyşym ýaly waka bolýar seniň mallygyň sebäpli. Men "hemme ene-atalar mukaddesdir, diňe şolaryňky dogry" diýen sözi hijem goldamadym, iň ýigrenji mal we kemakyl ynsanlaryň adaty sözi. Nähili ene-atalaryň bardygyny aýtsam ynanmarsyňyz bak hijem ulaldamok. Bu çagada şo sözleri görüp gaty kemsinýär, we bir tarapdanam olar näme diýse dogry kabul edip ugraýar şonuň üçin. Netijede durmuşdan hiç keýp almaýan kişi bolup geçirýär ömrüni, seretse garrap gidipdir.
Eý mal humanist duýgy nökerçileri, siziň derrew hassahana-da bejerilmegiňiz gerek. Maslahatam beren bolýarlar özleriçe. Elbetde şadyýanlary köp, hemme maşgala beýle däl, gül ýaly gatnaşyklary bolanlar gaty köp. Ýöne meniň diýýänim has başga. Çagaň söýýän kärine ene-ata näme üçin goşular ? Elbetde düşündirip bilersiň, elbetde gürleşip bilersiň, ýöne diňe özüňkini dogry etmek nämäň ynamy ? Seniň ony dogurmagyň ýada ene-atasy bolmagyň onuň üstünde hemme tarapdan hakyň bardygyny hiç aňladanok. Ol seniň harydyň däl.
Muny aýtmagymyň we ýazgyny ýazmagymyň sebäbi düýnjek Türkiýe-de Enes Kara atly bir oglanjyk janyna kast etdi, özümem Türk mediýasy bilen gyzyklananym we düşünýänim üçin bu barada çykan hemme tankytlara çenli okadym. Ol oglanjygam hiç islemese-de Gurhan dersine iberipdirler, diňlemändirler, hatda ençeme ýyldan bäri bu derdi çekip ýör eken, özüni öldürjegem bolupdyr öň, wideosynda hemme zady aýdypdyr çaganyň artyk çydajak güýji galmandyr, netijede gynansakda özüni öldüripdir. Diňe şu saýdyň özünde eýýäm bilşim ýaly 4-5 kişi bar maşgala basgysynda bolan. Bular gaty köp. Şuwagt dünýäde ençeme kişi egzamyndan ýykylyp ene-atasyndan gorkup özüni öldürýärler ýüzlerine bakyp bilmerin diýip. Soňrada pikir etýärler "näme boldy" diýip, näme bolsun sen etdiň ony, ganhory sen bolýaň aslynda. Ene-atalaryň ýada boljak kişileriň bilmeli gaty köp zady bar.
Gaty gynandyryjy waka bar, gyzyna kakasyny şeýle bir ýamanlapdyr welin gyzy kakasynyň ýanyna barmana gorkýar, oňa bir "jynsy köseýji" gözi bilen bakyp ugrapdyr. Ene-ata çaga olar ýaly zatlary aýtmaly däl, ýamanlamaly däl, ol seniň psihologyň däl derdiňi aýdar ýaly. Çagada ynanylmaz bir dert döreýär soňra belki sen bilýän dälsiň welin, depressiýa düşýär, ýatyp bilenok, psihologiýasy bozulýar. Umuman gaty köp zat bar ene-ata bolmak barada.
Intek özi terbiýe alyp ýetişmändir, nädip çaga terbiýe bersin. Hiç taýyn däl ene-ata bolmana, durmuş gurup goýberýärler. Käbir ene-atalar sözleri bilen çagalaryny zäherleýärler. Ene-ata bolmana taýyndygyňy bilmek gerek. Çaga hökman gowy ýetişýär eger ene-ata gowy terbiýe berse, dogry terbiýe berse, gowy şertlerde ýetişse.
Eger neşe ulanyp başlan bolsa, ol işlere zada giren bolsa goşul temamyz bu däl bärde, agzaýan zadymyz has ýönekeý zatlar, goý özi saýlasyn okajak ugruny, goý özi saýlasyn işlejek ýerini, goý özi pikir edip bilsin. Kösäp bir zat etdirme, gaty köp kişi bar kösäp etdirilen. Bir kişini kösäp bir zady etdirip bilmersiň, etdirmelem däl aslynda, beýtmek bikanun zat, ynsan haklarynyň bozulmagy bu bilýän bolsaň. Bir ynsana seniň çagaňam bolsa kynçylyk bilen kösäp bir zat etdirýän bolsaň resmi şekilde günäli sen bolýaň. Aýdyşym ýaly özüň bir zady dogry hasaplaýan bolsaň onuň bilen gürleş, dertlerini diňle derman bol, söhbetdeş bol, näme üçin dogry ýada däldigini gürleş. Beýdip haýbat atyp, gorkuzyp bir zat etdirmeli däl, kemakyl adam bu ÝALŇYŞ, BIKANUN ZAT. Intek köp gabat gelenem däldirin beýle gowy gatnaşanlara, bardyr elbetde şadyýan, gowy düşünişýänler, ýöne 100-de 100 gowy gaty azdyr. Çagalykda trawmatiki ýagdaý galýar soň köp kişide, we soň unudyp bilenoklar ýara bolup galýar, ulalsalaram görmedik bolýarlar we maşgalasyny äsgermeýärler hatda hormatam goýanok köp kişi gynansakda. Şeýlelik bilen maşgala baglary düýbünden bozulýar. Hökman biri sypaýçylykly bolmaly, eger iki tarapam dikbaş bolsa onda gutardy.
Maşgala basgysy çekenler näme etjeklerini bilmeýärler ýaňam aýtdym, çyndanam bilenoklar. Bu hasam gynandyrýar. Çaga bir zat etýän bolsa, şol ýerdäkileriň biri sorasa meselem "näme üçin beýle" diýip, olam "maşgala basgysy sebäpli, aslynda edesim gelenok" diýse, adaty ýagdaýda ene-atasyna jaň edip aýdarsyň meselem "çagaňyz islänok eken etdirmäň ýalňyş" zat diýip düşündirse ýa maslahat berse bir zat etse ýagny, ýöne ýok, sebäbi gynansakda bu adamlar ÇAGAŇ NÄME DIÝENI BILEN IŞLERI ÝOK. Bu düşünjedäki ene-atalaryň esasy maksady şudyr, meselem kursa berýär, "eti siziňki süňki biziňki" görüşidir. Alyň diýýär siz tembol bilýäňiz etmeli zady dogry ynsan edersiňiz diýýär. Mesele şu ine aslynda, çaga näme pikir etse hiç onuňky.
Dostlarym, gardaşlarym, uýalarym, jigilerim, tanyşlarym, aslynda hemme zat siziň eliňizde. Sizden wajyp zat ýok, bu dünýäde iki sany "sen" ýok. Çydamagyň gerek we bir zatlar etmegiň gerek. Meselem meňem maşgalam bilen aramda gaty köp meseleler boldy, hatda bu ene-atalyk barada okamda psihologlary diňlämde gaty köp ýalňyş zatlar etýändigini bilip galdym. Ýöne näme bolsada, eýtýäs-beýtýäs düşünişýäs, oňuşýarys, ýaraşýarys. Durmuşyňyzyň merkezinde diňe siz bolmaly. Bu ýazgyny okap biraz käbir zatlara düşünmegiňiz gerek bilmegiňiz gerek tembol şo sebäpli ýazdym, iň azyndan bilip galsynlar.
4 лайков 631 просмотров
65комментариев
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Ýury
17 янв 2022, 21:32
Salämalik.....paşdi goñşy....DonMaxx,
DonMaxx
17 янв 2022, 21:36
geçip barýaka sowlan,
Waleykim gowymy mahriban jigim janyn sagmy ?
Hiayres
17 янв 2022, 21:58
Mowzugy doly okamadym welin, tema bir taraplaýyn seredilip, bir wakadan özen alynyp, emosiýanyň täsiri astynda ýazylana meňzeýär. Ene - atalaram dürli-dürli bolýar welin, şonda-da hiç ene - atada çagasyna erbetlik isleýän däldir.
Leyli Amanowa
17 янв 2022, 22:05
Erbetlik isleyän däldir özunden önen zada 9 aylap saklap gezip dogry zat bu. Yöne yalňyş terbiye beryän bolup biler. Meselem käbirleri aňsat durmuşy öwredyäler. Käbirleri bolsa urup yenjip "şu yaman yola gitmesin" diyp terbiyeleyär. Hersiniň zyyanly peydaly taraplary bar
Ýury
17 янв 2022, 22:07
GowyDonMaxx,
Ýury
17 янв 2022, 22:07
Nairobi,
Gördiñmi
Ötegçi
20 янв 2022, 09:27
Цитата: Pegas
Цитата: Wlad
Pegas,
Eý ala mal çaga, men näletkerde çagalary agzadymmy ýazgymda ? Bilmän zat ýazsaň menem saňa hormat goýmaryn bagyşla, sen ýaly mallar üçin aýdyp geçdim meniň agzaýanym başga diýip

Sen ýaly ene-ata mukaddesligine garşy agitasiýa geçýänlere NÄLETKERDE diýilýär! Indem agzyňa "mal-sal" ýaly sözleri alsaň, mendenem gowusyny eşitmersiň, TÜRKSUMAK BLÝAT!


GUNDAKDAKA BOGULMALYLAR bar içimizde. Ýene basgy diýen bolýalar. ? käbirleriñ poçerki juda tanysh