Maşgala basgysy çekenler gelsin

Şuwagt ençeme kişi maşgalasy ýada ene-atasynyň basgysy sebäpli özüni öldürýär. Söze şeýle başlamak isledim sebäbi bularyň derdi ynanylmaz derejede uly. Şo sebäpli uly toplum meselesi bolan tema barada, "her kime peýda bolar" umydy bilen ýazdym temany. Bular şeýle bir köp welin gynansakda ençemesi ýalňyş ýollara düşýärler.
Ilki bilen gowy ene-ata bolmak üçin ençeme zady bilmegiňiz gerek, ene-atalyk mukaddeslik diýilip tanalýar bilşimiz ýaly, şo sebäpli oýun-oýunjak zat däl bu. Oýnamana aýdanoklar ene-ata boljak kişilere bir ders berilmeli diýip. Sebäbi bu işiň işi gaýtdy, çagasyny hiç diňlemeýänmi diýersiň, isleýän kärine goýbermeýän, öz diýen kärini tutdurýan, öýüne her gün içip gelýän, çagasyny eşekdir öýtmän diňe urýan, öýlenjek kişisine-de goşulýan we özi saýlaýan, hatda we hatda kiçijek bäbejigini zibile atanlar bar. Mesele gaty uly. Şuwagt ençeme kişi maşgala basgysy sebäpli näme etjeklerinem bilenok. Bakyň näme etjegini hiç bilenoklar. Gaty erbet ýagdaý. Elbetde çagaň öziň ýaly bolmagyny isläp bilersiň ýada gowy biri bolmagyny, beýle bolsa oturyp gürleş, derdini diňle, hiç ony diňlemän özüňkini dogry edip dursaň çagaň artyk daýanjak güýji galmaýar we ýokarda aýdyşym ýaly waka bolýar seniň mallygyň sebäpli. Men "hemme ene-atalar mukaddesdir, diňe şolaryňky dogry" diýen sözi hijem goldamadym, iň ýigrenji mal we kemakyl ynsanlaryň adaty sözi. Nähili ene-atalaryň bardygyny aýtsam ynanmarsyňyz bak hijem ulaldamok. Bu çagada şo sözleri görüp gaty kemsinýär, we bir tarapdanam olar näme diýse dogry kabul edip ugraýar şonuň üçin. Netijede durmuşdan hiç keýp almaýan kişi bolup geçirýär ömrüni, seretse garrap gidipdir.
Eý mal humanist duýgy nökerçileri, siziň derrew hassahana-da bejerilmegiňiz gerek. Maslahatam beren bolýarlar özleriçe. Elbetde şadyýanlary köp, hemme maşgala beýle däl, gül ýaly gatnaşyklary bolanlar gaty köp. Ýöne meniň diýýänim has başga. Çagaň söýýän kärine ene-ata näme üçin goşular ? Elbetde düşündirip bilersiň, elbetde gürleşip bilersiň, ýöne diňe özüňkini dogry etmek nämäň ynamy ? Seniň ony dogurmagyň ýada ene-atasy bolmagyň onuň üstünde hemme tarapdan hakyň bardygyny hiç aňladanok. Ol seniň harydyň däl.
Muny aýtmagymyň we ýazgyny ýazmagymyň sebäbi düýnjek Türkiýe-de Enes Kara atly bir oglanjyk janyna kast etdi, özümem Türk mediýasy bilen gyzyklananym we düşünýänim üçin bu barada çykan hemme tankytlara çenli okadym. Ol oglanjygam hiç islemese-de Gurhan dersine iberipdirler, diňlemändirler, hatda ençeme ýyldan bäri bu derdi çekip ýör eken, özüni öldürjegem bolupdyr öň, wideosynda hemme zady aýdypdyr çaganyň artyk çydajak güýji galmandyr, netijede gynansakda özüni öldüripdir. Diňe şu saýdyň özünde eýýäm bilşim ýaly 4-5 kişi bar maşgala basgysynda bolan. Bular gaty köp. Şuwagt dünýäde ençeme kişi egzamyndan ýykylyp ene-atasyndan gorkup özüni öldürýärler ýüzlerine bakyp bilmerin diýip. Soňrada pikir etýärler "näme boldy" diýip, näme bolsun sen etdiň ony, ganhory sen bolýaň aslynda. Ene-atalaryň ýada boljak kişileriň bilmeli gaty köp zady bar.
Gaty gynandyryjy waka bar, gyzyna kakasyny şeýle bir ýamanlapdyr welin gyzy kakasynyň ýanyna barmana gorkýar, oňa bir "jynsy köseýji" gözi bilen bakyp ugrapdyr. Ene-ata çaga olar ýaly zatlary aýtmaly däl, ýamanlamaly däl, ol seniň psihologyň däl derdiňi aýdar ýaly. Çagada ynanylmaz bir dert döreýär soňra belki sen bilýän dälsiň welin, depressiýa düşýär, ýatyp bilenok, psihologiýasy bozulýar. Umuman gaty köp zat bar ene-ata bolmak barada.
Intek özi terbiýe alyp ýetişmändir, nädip çaga terbiýe bersin. Hiç taýyn däl ene-ata bolmana, durmuş gurup goýberýärler. Käbir ene-atalar sözleri bilen çagalaryny zäherleýärler. Ene-ata bolmana taýyndygyňy bilmek gerek. Çaga hökman gowy ýetişýär eger ene-ata gowy terbiýe berse, dogry terbiýe berse, gowy şertlerde ýetişse.
Eger neşe ulanyp başlan bolsa, ol işlere zada giren bolsa goşul temamyz bu däl bärde, agzaýan zadymyz has ýönekeý zatlar, goý özi saýlasyn okajak ugruny, goý özi saýlasyn işlejek ýerini, goý özi pikir edip bilsin. Kösäp bir zat etdirme, gaty köp kişi bar kösäp etdirilen. Bir kişini kösäp bir zady etdirip bilmersiň, etdirmelem däl aslynda, beýtmek bikanun zat, ynsan haklarynyň bozulmagy bu bilýän bolsaň. Bir ynsana seniň çagaňam bolsa kynçylyk bilen kösäp bir zat etdirýän bolsaň resmi şekilde günäli sen bolýaň. Aýdyşym ýaly özüň bir zady dogry hasaplaýan bolsaň onuň bilen gürleş, dertlerini diňle derman bol, söhbetdeş bol, näme üçin dogry ýada däldigini gürleş. Beýdip haýbat atyp, gorkuzyp bir zat etdirmeli däl, kemakyl adam bu ÝALŇYŞ, BIKANUN ZAT. Intek köp gabat gelenem däldirin beýle gowy gatnaşanlara, bardyr elbetde şadyýan, gowy düşünişýänler, ýöne 100-de 100 gowy gaty azdyr. Çagalykda trawmatiki ýagdaý galýar soň köp kişide, we soň unudyp bilenoklar ýara bolup galýar, ulalsalaram görmedik bolýarlar we maşgalasyny äsgermeýärler hatda hormatam goýanok köp kişi gynansakda. Şeýlelik bilen maşgala baglary düýbünden bozulýar. Hökman biri sypaýçylykly bolmaly, eger iki tarapam dikbaş bolsa onda gutardy.
Maşgala basgysy çekenler näme etjeklerini bilmeýärler ýaňam aýtdym, çyndanam bilenoklar. Bu hasam gynandyrýar. Çaga bir zat etýän bolsa, şol ýerdäkileriň biri sorasa meselem "näme üçin beýle" diýip, olam "maşgala basgysy sebäpli, aslynda edesim gelenok" diýse, adaty ýagdaýda ene-atasyna jaň edip aýdarsyň meselem "çagaňyz islänok eken etdirmäň ýalňyş" zat diýip düşündirse ýa maslahat berse bir zat etse ýagny, ýöne ýok, sebäbi gynansakda bu adamlar ÇAGAŇ NÄME DIÝENI BILEN IŞLERI ÝOK. Bu düşünjedäki ene-atalaryň esasy maksady şudyr, meselem kursa berýär, "eti siziňki süňki biziňki" görüşidir. Alyň diýýär siz tembol bilýäňiz etmeli zady dogry ynsan edersiňiz diýýär. Mesele şu ine aslynda, çaga näme pikir etse hiç onuňky.
Dostlarym, gardaşlarym, uýalarym, jigilerim, tanyşlarym, aslynda hemme zat siziň eliňizde. Sizden wajyp zat ýok, bu dünýäde iki sany "sen" ýok. Çydamagyň gerek we bir zatlar etmegiň gerek. Meselem meňem maşgalam bilen aramda gaty köp meseleler boldy, hatda bu ene-atalyk barada okamda psihologlary diňlämde gaty köp ýalňyş zatlar etýändigini bilip galdym. Ýöne näme bolsada, eýtýäs-beýtýäs düşünişýäs, oňuşýarys, ýaraşýarys. Durmuşyňyzyň merkezinde diňe siz bolmaly. Bu ýazgyny okap biraz käbir zatlara düşünmegiňiz gerek bilmegiňiz gerek tembol şo sebäpli ýazdym, iň azyndan bilip galsynlar.
4 лайков 631 просмотров
65комментариев
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Biohimik
17 янв 2022, 19:53
Цитата: Wlad
Blä @Pegas kemakyl çaga nerwa degdiňow, bak iliň gözünde "pylan" boljak bolýan kirli ynsan. Ilki bilen meniň bu diýenlerim bir bilim ýazgysy ýada bir zadyň analiz ýazgysy däl akyllysyrajak bolar ýaly. Ikinjidenem meniň bu ýazanlarym "ýörite" tankyt däl, diňe bolýan zatlary aýtdym. Üçünjidenem bar gitde YouTube, we başga ýerlerde ussatlaryň sözlerini we şuwagt çykyp oturan tankytlary gör hassa ynsan, her kim sen ýaly şadyýan däl we kirli zehinli däl, yňňa-myňňa etme maňa, anyk zat bilen gel we dogry zat bilen gel

Onsonam @Wlad bak sozi bizin sozumizde bar ony ulanyarys @pegas ulanmayan bolsada hic hili sozuni duzederine gerek yok
Biohimik
17 янв 2022, 19:55
Dogry zuluma garsy isler gaty kop gecirilip baslady yogsam cagalar gaty dusunjesiz birine garasly yada buyrulan zady edyan bolup dorap ugrady
Yene birzady gosmalydyñ
"""Caga aydanyny etmez edeniñi eder dp""
Hanguly
Автор 17 янв 2022, 19:55
seljukofficial@gmail.com şuňa ýazaý ýazsaň eýlekiler işlänoga, belki kömegim deger
Leyli Amanowa
17 янв 2022, 19:56
Wlad,
ok
Hanguly
Автор 17 янв 2022, 19:58
Pegas,
Muňa seredä, bak dosdym ýene gaýtalaýan, ene-ata garşy gitmek bilen maşgala basgysy gaty aýry zat. Muny diňe ýaşanlar bilýär. Sen şol özüni öldüren çagaň, ýada Amerikada ho günjek aglap "Enem öýden kowdy" diýip, 2 günläp köçede galyp ölenini, we ýene müňlerçe şular ýaly wakany bilýäňmi ? Bak kemakyllygyň nirvanasyny çykarma jahyl. Maňa goşuljak bolsaň dogry zat ýaz ýaňam aýtdym, adatdan çykma haýyş
Maksat
17 янв 2022, 20:00
Wlad,
Çaga tebiýesini hiç kim internetden öwrenmez. Onsaňam mal sözüni köp ulanma haýyş edýän, seň temaňa erwet diýmedim ene atasyndan nalaýan azdyr biziň ýurdumyzda, eger bar bolsa şolaň 50%günä özlerinde. Türkiýede bolan zatlar gyzykly däl sebäbi olaň düşünjesi başga ýurduň syýasy partiýalaryndan biz düýe siýdigi içip ýören adamyň ymmaty däl diýip hasap edýä. Tankytlamaly diýseler köp ene ata şeýle ýaly edipsiň bolmanam süri agsaksyz bolmaz özem şu ene atadan köp bilýän ýaşlaň döwründe.
Enegul
17 янв 2022, 20:02
Цитата: Nairobi
Kellämdäki ejemiň yaňlanyan seslerinden gunde gaytalanyan sözlerden dynmak isleyän. Yogsa seň sesiňi eşitmedigime 3 hepde boldy. Şol yaňlanyan seslerden dunyäniň aňyry ujuna gitsemem dynyp bilerin öydemok. Sebäbi, diňe şol sesler bilen yaşadym. Ölerinem. Birje yol bar, öz sesimi eşidip bilsem seň ayylganç, gorkuly we meň inimi tikenekledip baryan yaňlaryňdan dynaryn. Yöne nädip eşitmeli?!
öňräk yazypdym


seňkini eşdip şükür etdim
Hanguly
Автор 17 янв 2022, 20:07
@Pegas, @Bayker, garaşyň size gowy tema açyp düşündirmeseň düşünmeýäňiz
Ýury
17 янв 2022, 20:18
Haha gowy surat tapypsyñ hakyky öziñi tapypsyñ....Nairobi,
Harly kyuin......
Inni saña haýsyny dimeli harly kiyuinmi ýa Lakishmi bai dimelimi
Leyli Amanowa
17 янв 2022, 20:22
geçip barýaka sowlan,
mekdepdäkiler häsiyetimi harley kwine meňzedyäler)))
Leyli Amanowa
17 янв 2022, 20:22
Wlad,
yazdym gmailiňe
GuljemilE
17 янв 2022, 20:23
Цитата: Wlad
@Pegas, @Bayker, garaşyň size gowy tema açyp düşündirmeseň düşünmeýäňiz

Ozuniza psihologiya barada yazyanyz sonam birine mal diyip otynyzmy
Bar bilyan zadynmy şy.sen hakyn yok ile zat diymage.mal diyip sen ony tanayanmy ya mallygyny gordunmi.senem şuvat şona basgy edyan,birazajyk pikirlenip onam diysene diyjek zadyny
Ýury
17 янв 2022, 20:23
Saña harly kwin dimelimi ýa Lakshmi Bai....Nairobi,
Leyli Amanowa
17 янв 2022, 20:25
geçip barýaka sowlan,
Lakşmi Bai'i gowy göryän Harlin Kwinzele meňzeyän Nairobi diyiwer
Ýury
17 янв 2022, 20:26
Bal-akanly ballym kak dela......payhasly,
GuljemilE
17 янв 2022, 20:26
geçip barýaka sowlan,
Govy ozun govmy
Ýury
17 янв 2022, 20:28
Hñi ýada Hi.....
Bizem Gawydaý...... Hñi........payhasly,
GuljemilE
17 янв 2022, 20:30
geçip barýaka sowlan,
Nam un yalnyş gurleyanay hii diyyas onyda eştmesek yada birsoze duşunmesek
Ýury
17 янв 2022, 20:31
Hi nadigoýýañy......bilýän ballym.....ýöne oýun edip aýdaýýan haçan seni görsem.....payhasly,
Enegul
17 янв 2022, 20:38
geçip barýaka sowlan,
Ýurigözel gawjamy........
Ýury
17 янв 2022, 20:45
Waý gowyla gy......jora....... hehehe Enegul,
Enegul
17 янв 2022, 20:47
geçip barýaka sowlan,
gou bolsaň bolýala jorajan hihi
Ýury
17 янв 2022, 20:48
OkEnegul,
Enegul
17 янв 2022, 20:50
ismin ne dedii söýleýewrdim müsdesna müsdesna
Shahrukh khan
17 янв 2022, 21:06
Wlad dost chagany kitaplarda ya alymlaryn sozlerine gora dal oz edebimize mirasymyza gora terbiyelemeli. Mysal ucin Yewropa medenyeti bn bizinki den gelenok. Chaga dogry shuny et muny et diyip zorlamak nadogry. Yone chagany terbiyelaninde in agyryndan bashlamaly. Sebabi agyr zadyn yenil yerini gozlemegi owrenmeli. Shonda hemme kynchylygy yenmek bashardyar. Menin kakam 5 6 sagatlap kerpic goterdip goyardy bizi. Sowukda otyrdardy. Sebabi durmushyn kynchylygyny gorsun diyip. Iru gic sowukda galmagy mumkin durmushda shona owrenishsin diyendirda. Yone terbiye berende esasy uns bermeli zadymyz 1nji ilin hakyny iymezlik 2nji dogruchyllyk 3nji ishe chydamlylyk 4nji gatnashjak dost yarlaryny saylamakda yalnyshmazlyk 5nji oyun syryny hic yerde paylashmazlyk
DonMaxx
17 янв 2022, 21:11
Hmm bah cilimkesh
Leyli Amanowa
17 янв 2022, 21:13
DonMaxx,
öwren saňa gerek bu zatlar
DonMaxx
17 янв 2022, 21:15
Nairobi,
Göläñize dograp beriñ
Leyli Amanowa
17 янв 2022, 21:17
DonMaxx,
gölämiz uloldy okuz bolly hasap edenok bu zatlary
DonMaxx
17 янв 2022, 21:20
Nairobi,
bolya onna