Niýetlerinde ýok düşünişmek. @Pegas, @Bayker, @Belki

"Men näme diýýän dutarym näme diýýär", şu sözi gowy görýänaý. Ýaňam aýdyşym ýaly men islendik bir zatda çynym bilen bir zat düşündirjek bolup durkam biri gelip kiçijek ýalňyş sebäpli üstüňe ýüklener. @Pegas, özümden uly bolanyň üçin iň soňky gezek seniň bilen hormatdan çykman gürleşjek, dogrusy düşündirjek.
Ilki bilen men hemme ene-atalar beýle diýmedim :

"Elbetde şadyýanlary köp, hemme maşgala beýle däl, gül ýaly gatnaşyklary bolanlar gaty köp. Ýöne meniň diýýänim has başga."

Şu setiri şeý diyjeklerini bilip gözlerine sokup ýazdymda, ýöne onuň ters zat ýazmagy temany doly okamandygyny görkezýär. Eý birine bir zat barada tankyt berjek bolsaňyz ilki temany doly okamarsyňyzmy ? "Hemme ene-atany şeýle görkezipsiň" diýýän bara soňam, näme onda ýokardaky. Iki gezek agzadym özem şol sözi "Men bular ýalylara diýemok" diýip. Men şu ýazgyny ýazamda çynym bilen ýürekden ýazypdym, sebäbi men ýaly we mendenem beter müňlerçe adam bar şeýle, indi bizä bir zat edip oňuşýas ýöne has erbetleri bar, we men ol derdi iň soňuna çenli ýaşap görüpdim. Indi şunça zatdan soň mendenem uly bir MUGALLYM çykyp "näletkerde" eýle beýle "Hemme ene-atalar gowy" gidip barýar. Indi düşünensiňiz näme diýjek bolýanyma. Şo sebäpli aýtdym ilki bilip gel soň tankyt ber diýip.
Özem hemme ene-ata gowy däl, bu jedelleşiljek tema dälä diňe şu saýdyň özünde eýýäm köp gabat geldim, ol talyplarda wapşe köp birtopar ynanaý, we sen çykyp ol zatlary görmedik bolup maňa nädip beýle tankyt bermäne synanyşýaň ? Çynym bilen soraýan şonça ýazylan zatdan diňe şony çykardyňmy ? Bak, sen menden uly adam, özem mugallym, bilmeseň bilmeýän temaňa teswir ýazma. Hä sen "hemme ene-ata beýle däldirle" we ş.m pozitiw tankyt beren bolsaň menem "pylan-pylan" diýip jogap bererdim, sen bolsa ynanylmaz derejede kin bilen ýazypsyň dosdum nämäň duşmançylygy bu ?
Özem "bak" sözi türkmende-de bar, we şol söz araplaryň sözi bolsada men ulanýaryn, sebäbi bu erbet zat däl we meniň niýetim biderek däl, ol "manyly sözler" we ş.m zatlary ýazamok. Özem şahsy kiniň gaty uly maňa, "Türksumak" diýipsiň, bak ine bu sözüňe ynanylmaz derejede begendim. Dosdym Türklerem Türk Türkmenlerem Türk, hemmämiz bir Türk milleti, munyň nämesi erbet ? Hany diýeli men Türklere ýörite meňzejek bolýarmyşymda, munyň nämesi erbet ? Gaty guwanýan ynanaý gaty guwanýan. Hä eger seniň diliňde ýene-de "Türksumak" bolsa hawwa men "Türksumak", indi näme diýip tankyt bererkäň. "Blýät" diýenem bolupdyr owadanlap yzynda, haýran galýan mugallymow sen nämäň duşmançylygy bu ? @Pegas eger şunça düşündiren zatlaryma garamazdan ýörite düşünmejek bolsaň indi saňa hijem hormat ýok bagyşla, tembol hemme kişi şeýle ederdi.
@Belki agza, saňada köp jogap berere zat ýok, şuny bil, men hiç hili bir zady subut etdirjek ýada bir zady birine düşündirjek bolamok, we seniňem her temamda hemme zatdan habary barmyş ýaly goşulmagyňa gerek ýok. Ikinjidenem hormat diňe hak edene berilýär, akýan çeşme ýaly her kime berilip ýörülenok hormat, hem aşa pozitiw bolmak göni ters zady döretýär käwagt, jogap bermesem has topuljaň boluşlary ýaly. Umuman bu barada agzasam agzap oturmaly ýöne goşulma gaýrat et, sebäbi goşulmak üçin anyk bir sebäbiň ýok. Indi bilmän goşulsaň göwnüňe degerin.
@Bayker agza, saňa näme bolsa hormatym uly, ýöne käbir ýerde ýalňyşýaň we senem bilmän teswir ýazýaň. Dosdym ilki bilen internet diýen zat kitapdan has peýdaly, meselem aýtsam ho günjek 3 egzamyndanam 5 geçdim, hemme ýazgylaram internetden okadym. Diýjek bolýanym internediň peýdasyny agzap otursam GB-lik faýl gerek bolar. Şeýle bir peýdasy uly welin aýdyp gutarar ýaly däl. Aslynda seniň bu diýeniňe gaty uly jogap bererdim welin gaty biderek mesele, aslynda şu ýazgym biderek welin başga alajym ýokdy ýazdyrdyňyz. Düşünersiň diýip umyt edýän, saňa bir zat aýdaýynmy ýene-de, internet durmuşy halas edýär. "Biziň ýurdumyzda ene-ata sebäpli nalaýan azdyr" diýipsiň, dosdym oturan ýeriňden hiç bir zat bilmän, dogrumy ýalňyşmy bilmän, uly toplum meselesine degişli bir ýazga beýle zat ýazma, diňe tanyşlarymdan 30 sana bardyr hijem ulaldamok, bolman her kim aýdyp ýörenok dosdym ol zatlary, maňa näme bolsa ynanýarlar şo sebäpli diňleýärin. Menem aýdamok hatda. Sen bolsa hiç zada daýanman beýle zat diýme, häzir men saňa eşden wakalarymy aýtsam haýran galarsyň ynanaý.
"Türkiýede bolan zatlar gyzykly däl" diýipsiň, ilki bilen bir kişiniň näme bilen gyzyklanjagyna sen goşulyp bilmersiň bu bir, ikinjidenem sen ýalylar şeýle zat diýmesin diýip tema-da :

"Muny aýtmagymyň we ýazgyny ýazmagymyň sebäbi düýnjek Türkiýe-de Enes Kara atly bir oglanjyk janyna kast etdi, özümem Türk mediýasy bilen gyzyklananym we düşünýänim üçin bu barada çykan hemme tankytlara çenli okadym."

Şeýle ýazanymdan soň yzyndan :

"Diňe şu saýdyň özünde eýýäm bilşim ýaly 4-5 kişi bar maşgala basgysynda bolan. Bular gaty köp." diýip bularyň her ýerde bardygyny aýtdym. Siz bolsa temanam okamansyňyz.
Dosdum ýene ençeme sözüňe jogap bererdim welin gerekdir öýdemok düşünersiň diýip umyt edýän. Umuman ikiňem düşünensiňiz diýip umyt edýän. Dostlarym ýazýan zatlaryňyz ýalňyş men näme edeýin, adam ýaly düşündirýän ine şuwagt. Bilmän gürlemäň, bilmän teswir ýazmaň. Ýörite psihologiýada ýeri bar şunyň, bilmesede özüni görkezjek bolup hemme zada goşulýarlar, edil @Belki agzaň owadansyrap gürläp, temanyň aslyna hiç düşünmeýşi ýaly. Hökman bir zat ýazyp galmalydyr öýtýärler. "Bilemok" diýmek erbet zat däl we seni has gowy görkezýär bu söz. Meselem men bilmeýän temalaryma teswir ýazamok üns berseňiz, sebäbi garşydaky kişi näme pikir eder, nämeler düşüner, nähili erbet bolar ýaly zatlary bilip hiç zat ýazamok. Sebäbi şol TEMANY BILEMOK. Diňe bilýänje zatlaryma ýazýan we tema açýan, siz bolsa hiç zat bilmän "tarp" ýazýaňyz bir zatlar, meniňem onsaň hormatym galmaýar bagyşlaň nerwi doňýar, soňam "näme üçin beý diýýäň" diýýärler, sebäbi ýazylan zatlaryma hiç düşünmän, hatda okaman, diňe şahsy kin üçin ýazsaňyz onda men size adaty jogap berip bilmeýän. Indi düşünensiňiz biraz diýjek bolýanlaryma.
Bir kişi näme üçin şunça ýazylandan bir kini bar ýaly ýalňyş gözläp "Bak, bakyň" ýaly sözlerden üste çykjak bolar ? Meselem men bir ýazgyda grammatiki ýalňyş bar bolsa ýa käbir sözleri başga dilde bolsa hiç zat diýýän däldirin, diňe hemme temany türk dilde ýazsa goldamokdyryn, sebäbi temanyň asly hiç hili serýozny meseläni göterenok, götersede düşünmeýänler bar. Siz bolsa şolar ýaly birtopar tema zat diýmän maňa garaşyp duran ýaly diňe meňkä, hatda 3-4 agza 3-4 gezek agzap ýazypdyr, dostlarym bagyşlaň welin näme bu ?
Siz meni gözüňizde gaty ulaltýaňyz, men ne bir alym ne bir zat bilýän ýaly gürlejek bolýan, men diňe bolan zatlary agzap geçdim bakyň tankydam dälä ol tema. Meselem şol temany başga biri ýazan bolsa seretmezdiňizem, ýöne men ýazam soň hökman bir ýalňyş tapsa begenjek ýaly biderek tankyt berýäňiz dostlarym näme bu ?
Borla düşünersiňiz, netijede hiç kime erbet niýetim ýok, bir gün biri bilen sögüşsem bir gün parkda aýlanyp ýörendirin, ejem "Geçirimli oglum" diýip belläpdir kontaktyna gaharlandyrmaň meni :)
7 лайков 516 просмотров
56комментариев
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Hanguly
Автор 18 янв 2022, 18:34
Meselem maňa adaty pozitiw tankyt bereni diňleýändirin üns berseňiz, sebäbi adaty şekilde aýtýandyr, we dogry tankyt berýändir manysyz zada däl. Sizem şeýdiň, adaty şekilde düşündiriň menem adaty şekilde jogap bereýin, ýöne tankydyň asly MANYSYZ BOLMASYN. Meselem @Biohimik agza, @Shakrukh khan, ýada Ýuri gysgaldamyzda, şolar näme üçin tankyt berenokla, eýsem olar görmedimikä şol "bak, bakyň" sözlerini ? Belki olar siz ýaly "ýörite" ýalňyş tapjak bolman temanyň aslyna seretýän bolaýmasyn ?
Meniň hemme zada jogabym bar, eger hiç jogap bermesem ýa gaty biderekdir ýa gaty gowudyr. Şu ýazan zatlaryňyz siziň kişiligiňizi döretýär dostlar. @Belki agza, senä agzasymam gelenokdy, seni biri tema edip açaýypdyr welin ol ynam bilen has akyllysyran bolup owadan gürläp millete ders berýäňle, biz dälä görüp otyrys, diňe başgalary aldanar oňa.
yyldyz
18 янв 2022, 18:52
ol zatlary goýsana agam howa nähili siz taraplarda? wi birem Ak ýag näçeden bolup dur şony bilesim gelýä?arbuz
Hanguly
Автор 18 янв 2022, 18:54
yyldyz,
Düşünmedim ? (Ak ýag iýýänem barmy :\
Biohimik
18 янв 2022, 18:55
Hakyky okaman yazany bildiryar olaryn daje men yazamdada okamana yaltanyan diydiler gynanyp yazamson peyda deger maksatda yagsylyk maksatda yazamson yonekeyje zady uladyp ay borda nm diyjek gaharym gelya sogmayin
Biohimik
18 янв 2022, 18:56
Цитата: Wlad
yyldyz,
Düşünmedim ? (Ak ýag iýýänem barmy :\

Pagta yagyny aytya
Biohimik
18 янв 2022, 18:58
Agam men arkayyn gurlap bilyan so temada gramatik yalnyslyk bar bolaymasa basga yalnys yok we hic ulaldylman gaytam gowy soz bilen parahat yazylan
Goriplerin kopmi begen cunki sen osyarsin diyyaler
Hanguly
Автор 18 янв 2022, 18:58
biohimik.,
Saňa ýazanlara wapşe kin bar ýaly, meňem gaty gaharym gelýär ýönekeýje zada düşünenoklar, dosdum meni goldamagyňa gerek ýokla saňada atylyp durmasynlar özüm jog berýänle, prosta düşünseňiz bolýar
Kalp doctory
18 янв 2022, 18:59
Okamana yaltanyan diyerdim emma dushindirishli bolsa okayan mena biohimik.,
Hanguly
Автор 18 янв 2022, 18:59
"Degnama degip başlady" diýenem bolupdyra, içim dagy ýanaýdy :)
Yeyeyey
18 янв 2022, 18:59
Yyldyz nigindaki starmay
yyldyz
18 янв 2022, 18:59
Wlad,
Ak ýag iýmeýänem barmy diýip soramala siz dagy, şunça zat bilýäñiz tüweleme. Akýag bilen pişme(bogursak), çabaty bişirip bolýa, akýag bolmasa bolmaýa olara
Hanguly
Автор 18 янв 2022, 19:00
kalp doctory,
Ýo temany okamandyrlar wapşe
Biohimik
18 янв 2022, 19:00
Men koplenc gowy hic hili kem tapylmaz diysema yalnys bolar yone gaty gowy temalarada minus baryny basyalar men nace gezek yzarladym kim basyanlaryny ozum bilyan temada duryan minus basylya welin kim online girip goryan
Aydarlar biz halamyzok sol temany diyip norm adam kellesi yerinde adam halaymaly sebabi menem ozumden dal kelleli adamlara esaslanyp yazyan
Hanguly
Автор 18 янв 2022, 19:01
yyldyz,
Heh haýran galdym, umuman köp gyzyklanamok ol zatlar bilen, bazarda satylýara birhili yslam bolýar ap-ak, ana şolara diýýänle
Yeyeyey
18 янв 2022, 19:01
biohimik.,
Dostjan sada ekenin kim online islanok yalnys oll
Hanguly
Автор 18 янв 2022, 19:03
biohimik.,
Meni gözünde gaty ulaltýarlar, dislike hiçle heh men wapşe onuň üçin açamokla temany welin ary bar ýaly kin gusýarlar
yyldyz
18 янв 2022, 19:03
Wlad,
Wii entäk öýlenmedikmi siz?
Yeyeyey
18 янв 2022, 19:03
Цитата: Wlad
kalp doctory,
Ýo temany okamandyrlar wapşe

Kop kisi siz tarapprosta eylekilere gorunjek bolusup yalnys diyen bolyalar eger siz tarap bolmasalar like basmazdylar we olaryn acyan mowzugyna disslike basmardylar
Biohimik
18 янв 2022, 19:04
Цитата: Wlad
biohimik.,
Saňa ýazanlara wapşe kin bar ýaly, meňem gaty gaharym gelýär ýönekeýje zada düşünenoklar, dosdum meni goldamagyňa gerek ýokla saňada atylyp durmasynlar özüm jog berýänle, prosta düşünseňiz bolýar

Menin gaharym gelya size edilenlere wara. Bir cykysda bir adam bir soz gysgaltmasyny (meselem TDLU YADA ODKB). yaly sozleri yalnys aytya welin bir kelesanam ol eyle aydylmaya beyle aydylya diyen bolya mal bolmasan adam yalnysyp bilyara sonca gowy cykysdan dine yalnys gozlap dirda sol adam bular dine yalnys gozleyaler manysyna dusuneslerem gelenok mende kinesi barlar koplay juda ozum gowy bilyan
Hanguly
Автор 18 янв 2022, 19:04
yyldyz,
Ýokla intek kiçirägä öýlenerden, hä öýlenseň ak ýag iýmelimi :)
yyldyz
18 янв 2022, 19:06
Nirä egzamen tabşyryp ýörsiñiz? eger gizlin bolmasa..
yyldyz
18 янв 2022, 19:09
Wlad,
? ýokla, öýlenen ýigitler bazarda hemmezadyñ bahasyny ýatdan bilýälerdä))
Gokhan Durdyyew
18 янв 2022, 19:12
Wlad,
mena kyn gorman okayan hemme blogaryny
Belki
18 янв 2022, 19:12
Düşünmeýendägimi nireden çykardyñyz?Mowzugam başdan soña okadym.Ýa düşünenligimi bildirmek üçin arasynda "tembol,prosta" ýaly sözleri goşmalymyka? :)
Garaz,ýene meniñ tankydyma göniden göni jogap berilmän daşyndan aýlanylypdyr.Aý,howwa göni jogaby ýoklar daşyndan aýlanýar-da :)
Hanguly
Автор 18 янв 2022, 19:13
biohimik.,
Şoda, bir zatlar düşündirjek bolup durkam başga zatlar diýýärler, dislike zat hiçle, 10-15 gezegä agzandyrlar şo sözleri, haýran galýan, borla düşünerlerle
Hanguly
Автор 18 янв 2022, 19:14
yyldyz,
Ýo okap ýörnä Agroda, ýyllyk egzamyndan geçdim, nesip bolsa muny dynyp ýokara gitjek ýada daşary ýurda
Hanguly
Автор 18 янв 2022, 19:14
yyldyz,
Hä düşündim :D
Hanguly
Автор 18 янв 2022, 19:16
Belki,
Bak @Belki, men seniň bilen we seniň tankydyň bilen hiç işim ýok, men bir zatlar düşündirjek bolup durkam diňe sözler sebäpli ýalňyş diýip üste ýüklenýärler, onsaň nerwi çydanok ýaňam aýtdym
yyldyz
18 янв 2022, 19:17
Wlad,
tüweleme, dowamly bolsun, arzuwlaryña ýet Allajan. Okuw okuw diýip otyrsyñ, haçan toýa gezek gelýä bu başagaýlygyñ arasynda?)
Kalp doctory
18 янв 2022, 19:17
Цитата: Wlad
kalp doctory,
Ýo temany okamandyrlar wapşe

Agam okamasalar nadip teswir yazdykalar olar