Niýetlerinde ýok düşünişmek. @Pegas, @Bayker, @Belki

"Men näme diýýän dutarym näme diýýär", şu sözi gowy görýänaý. Ýaňam aýdyşym ýaly men islendik bir zatda çynym bilen bir zat düşündirjek bolup durkam biri gelip kiçijek ýalňyş sebäpli üstüňe ýüklener. @Pegas, özümden uly bolanyň üçin iň soňky gezek seniň bilen hormatdan çykman gürleşjek, dogrusy düşündirjek.
Ilki bilen men hemme ene-atalar beýle diýmedim :

"Elbetde şadyýanlary köp, hemme maşgala beýle däl, gül ýaly gatnaşyklary bolanlar gaty köp. Ýöne meniň diýýänim has başga."

Şu setiri şeý diyjeklerini bilip gözlerine sokup ýazdymda, ýöne onuň ters zat ýazmagy temany doly okamandygyny görkezýär. Eý birine bir zat barada tankyt berjek bolsaňyz ilki temany doly okamarsyňyzmy ? "Hemme ene-atany şeýle görkezipsiň" diýýän bara soňam, näme onda ýokardaky. Iki gezek agzadym özem şol sözi "Men bular ýalylara diýemok" diýip. Men şu ýazgyny ýazamda çynym bilen ýürekden ýazypdym, sebäbi men ýaly we mendenem beter müňlerçe adam bar şeýle, indi bizä bir zat edip oňuşýas ýöne has erbetleri bar, we men ol derdi iň soňuna çenli ýaşap görüpdim. Indi şunça zatdan soň mendenem uly bir MUGALLYM çykyp "näletkerde" eýle beýle "Hemme ene-atalar gowy" gidip barýar. Indi düşünensiňiz näme diýjek bolýanyma. Şo sebäpli aýtdym ilki bilip gel soň tankyt ber diýip.
Özem hemme ene-ata gowy däl, bu jedelleşiljek tema dälä diňe şu saýdyň özünde eýýäm köp gabat geldim, ol talyplarda wapşe köp birtopar ynanaý, we sen çykyp ol zatlary görmedik bolup maňa nädip beýle tankyt bermäne synanyşýaň ? Çynym bilen soraýan şonça ýazylan zatdan diňe şony çykardyňmy ? Bak, sen menden uly adam, özem mugallym, bilmeseň bilmeýän temaňa teswir ýazma. Hä sen "hemme ene-ata beýle däldirle" we ş.m pozitiw tankyt beren bolsaň menem "pylan-pylan" diýip jogap bererdim, sen bolsa ynanylmaz derejede kin bilen ýazypsyň dosdum nämäň duşmançylygy bu ?
Özem "bak" sözi türkmende-de bar, we şol söz araplaryň sözi bolsada men ulanýaryn, sebäbi bu erbet zat däl we meniň niýetim biderek däl, ol "manyly sözler" we ş.m zatlary ýazamok. Özem şahsy kiniň gaty uly maňa, "Türksumak" diýipsiň, bak ine bu sözüňe ynanylmaz derejede begendim. Dosdym Türklerem Türk Türkmenlerem Türk, hemmämiz bir Türk milleti, munyň nämesi erbet ? Hany diýeli men Türklere ýörite meňzejek bolýarmyşymda, munyň nämesi erbet ? Gaty guwanýan ynanaý gaty guwanýan. Hä eger seniň diliňde ýene-de "Türksumak" bolsa hawwa men "Türksumak", indi näme diýip tankyt bererkäň. "Blýät" diýenem bolupdyr owadanlap yzynda, haýran galýan mugallymow sen nämäň duşmançylygy bu ? @Pegas eger şunça düşündiren zatlaryma garamazdan ýörite düşünmejek bolsaň indi saňa hijem hormat ýok bagyşla, tembol hemme kişi şeýle ederdi.
@Belki agza, saňada köp jogap berere zat ýok, şuny bil, men hiç hili bir zady subut etdirjek ýada bir zady birine düşündirjek bolamok, we seniňem her temamda hemme zatdan habary barmyş ýaly goşulmagyňa gerek ýok. Ikinjidenem hormat diňe hak edene berilýär, akýan çeşme ýaly her kime berilip ýörülenok hormat, hem aşa pozitiw bolmak göni ters zady döretýär käwagt, jogap bermesem has topuljaň boluşlary ýaly. Umuman bu barada agzasam agzap oturmaly ýöne goşulma gaýrat et, sebäbi goşulmak üçin anyk bir sebäbiň ýok. Indi bilmän goşulsaň göwnüňe degerin.
@Bayker agza, saňa näme bolsa hormatym uly, ýöne käbir ýerde ýalňyşýaň we senem bilmän teswir ýazýaň. Dosdym ilki bilen internet diýen zat kitapdan has peýdaly, meselem aýtsam ho günjek 3 egzamyndanam 5 geçdim, hemme ýazgylaram internetden okadym. Diýjek bolýanym internediň peýdasyny agzap otursam GB-lik faýl gerek bolar. Şeýle bir peýdasy uly welin aýdyp gutarar ýaly däl. Aslynda seniň bu diýeniňe gaty uly jogap bererdim welin gaty biderek mesele, aslynda şu ýazgym biderek welin başga alajym ýokdy ýazdyrdyňyz. Düşünersiň diýip umyt edýän, saňa bir zat aýdaýynmy ýene-de, internet durmuşy halas edýär. "Biziň ýurdumyzda ene-ata sebäpli nalaýan azdyr" diýipsiň, dosdym oturan ýeriňden hiç bir zat bilmän, dogrumy ýalňyşmy bilmän, uly toplum meselesine degişli bir ýazga beýle zat ýazma, diňe tanyşlarymdan 30 sana bardyr hijem ulaldamok, bolman her kim aýdyp ýörenok dosdym ol zatlary, maňa näme bolsa ynanýarlar şo sebäpli diňleýärin. Menem aýdamok hatda. Sen bolsa hiç zada daýanman beýle zat diýme, häzir men saňa eşden wakalarymy aýtsam haýran galarsyň ynanaý.
"Türkiýede bolan zatlar gyzykly däl" diýipsiň, ilki bilen bir kişiniň näme bilen gyzyklanjagyna sen goşulyp bilmersiň bu bir, ikinjidenem sen ýalylar şeýle zat diýmesin diýip tema-da :

"Muny aýtmagymyň we ýazgyny ýazmagymyň sebäbi düýnjek Türkiýe-de Enes Kara atly bir oglanjyk janyna kast etdi, özümem Türk mediýasy bilen gyzyklananym we düşünýänim üçin bu barada çykan hemme tankytlara çenli okadym."

Şeýle ýazanymdan soň yzyndan :

"Diňe şu saýdyň özünde eýýäm bilşim ýaly 4-5 kişi bar maşgala basgysynda bolan. Bular gaty köp." diýip bularyň her ýerde bardygyny aýtdym. Siz bolsa temanam okamansyňyz.
Dosdum ýene ençeme sözüňe jogap bererdim welin gerekdir öýdemok düşünersiň diýip umyt edýän. Umuman ikiňem düşünensiňiz diýip umyt edýän. Dostlarym ýazýan zatlaryňyz ýalňyş men näme edeýin, adam ýaly düşündirýän ine şuwagt. Bilmän gürlemäň, bilmän teswir ýazmaň. Ýörite psihologiýada ýeri bar şunyň, bilmesede özüni görkezjek bolup hemme zada goşulýarlar, edil @Belki agzaň owadansyrap gürläp, temanyň aslyna hiç düşünmeýşi ýaly. Hökman bir zat ýazyp galmalydyr öýtýärler. "Bilemok" diýmek erbet zat däl we seni has gowy görkezýär bu söz. Meselem men bilmeýän temalaryma teswir ýazamok üns berseňiz, sebäbi garşydaky kişi näme pikir eder, nämeler düşüner, nähili erbet bolar ýaly zatlary bilip hiç zat ýazamok. Sebäbi şol TEMANY BILEMOK. Diňe bilýänje zatlaryma ýazýan we tema açýan, siz bolsa hiç zat bilmän "tarp" ýazýaňyz bir zatlar, meniňem onsaň hormatym galmaýar bagyşlaň nerwi doňýar, soňam "näme üçin beý diýýäň" diýýärler, sebäbi ýazylan zatlaryma hiç düşünmän, hatda okaman, diňe şahsy kin üçin ýazsaňyz onda men size adaty jogap berip bilmeýän. Indi düşünensiňiz biraz diýjek bolýanlaryma.
Bir kişi näme üçin şunça ýazylandan bir kini bar ýaly ýalňyş gözläp "Bak, bakyň" ýaly sözlerden üste çykjak bolar ? Meselem men bir ýazgyda grammatiki ýalňyş bar bolsa ýa käbir sözleri başga dilde bolsa hiç zat diýýän däldirin, diňe hemme temany türk dilde ýazsa goldamokdyryn, sebäbi temanyň asly hiç hili serýozny meseläni göterenok, götersede düşünmeýänler bar. Siz bolsa şolar ýaly birtopar tema zat diýmän maňa garaşyp duran ýaly diňe meňkä, hatda 3-4 agza 3-4 gezek agzap ýazypdyr, dostlarym bagyşlaň welin näme bu ?
Siz meni gözüňizde gaty ulaltýaňyz, men ne bir alym ne bir zat bilýän ýaly gürlejek bolýan, men diňe bolan zatlary agzap geçdim bakyň tankydam dälä ol tema. Meselem şol temany başga biri ýazan bolsa seretmezdiňizem, ýöne men ýazam soň hökman bir ýalňyş tapsa begenjek ýaly biderek tankyt berýäňiz dostlarym näme bu ?
Borla düşünersiňiz, netijede hiç kime erbet niýetim ýok, bir gün biri bilen sögüşsem bir gün parkda aýlanyp ýörendirin, ejem "Geçirimli oglum" diýip belläpdir kontaktyna gaharlandyrmaň meni :)
7 лайков 516 просмотров
56комментариев
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Hanguly
Автор 18 янв 2022, 19:18
kalp doctory,
Aýtýana şahsy kin bar köpüsinde we meni gözünde ulaltýarlar, men özümi köp zat bilýän ýaly hiç görkezjek bolamok, şeýle düşünýärler ýöne sen "alymsumakmyş" diýşip
Hanguly
Автор 18 янв 2022, 19:20
yyldyz,
Minnetdar, hehe ýola toý meselesini kiçi görýän ýaly düşünmäň :) Gürleşen bolup ýörün
Kalp doctory
18 янв 2022, 19:23
Shahsy kinlerni movzugyna goshmak hokman dallira .olara birem bilyan zadyny beylekiler halanok diyip aytman otyrmak bolmaya oz pikirimWlad,
Belki
18 янв 2022, 19:25
Wah,Wlad dogan,işiñiz ýok bolsa meni agzaman oturybermeli ekeniñiz-dä.Siz maña jogap berip oñarmansyñyz-a :)
Hanguly
Автор 18 янв 2022, 19:25
kalp doctory,
Ýo aýtsynlar pozitiw hemme pikire hormatym bar, ýöne diňe bir söz üçin kyýamat gopan ýaly etmeleri adaty zat däl, özem muny diňe maňa etýärler tutuş tema edip ýazýanlar barka, ikinjidenem ýazgyny doly okamandyrlar, munam her sözlerinden bilip bolýar, subut etdimä şu ýazgyda
Hanguly
Автор 18 янв 2022, 19:28
Belki,
Bir hakykady gülen bolup kiçi görkezmek şekli, agzajak däldim welin ullakan bir tema edip açanyňyzdan soň düşündirjek boldum bary bola zat
yyldyz
18 янв 2022, 19:30
Wlad,
oho ana, Bagtly boluñ Allajan:)
Ýury
18 янв 2022, 19:33
Köne görnişe nähili geçip bolýa bilýäniñiz ýokmy
Kalp doctory
18 янв 2022, 19:33
Цитата: yyldyz
Wlad,
oho ana, Bagtly boluñ Allajan:)

Guldirdinay jora hehehe hehehe
Kalp doctory
18 янв 2022, 19:34
Wlad,
hmm dushdim
Belki
18 янв 2022, 19:34
Eger meni kimdir birine ýaranmak üçin mowzuk açýar hasap edýän bolsañyz ýalñyşýañyz.Hamala,meni Pegas bilen Baykere ýaranmak üçin şol tankydy mowzugy açan ýaly edipsiñiz.Ýadyñyza düşüriñ, Nairobi hakdaky mowzugyñyza ýazan tankydymy.Ol wagtlar Pegas bilen Baykeriñ tankydam ýokdy, ol mowzugam ýokdy.Umuman,meni tanamaýanlygyñyzyñ etdirýän pikirleri şol.
yyldyz
18 янв 2022, 19:36
kalp doctory,
Men näme etdim? namee
Kalp doctory
18 янв 2022, 19:37
Bagyshlan weli siz gyzjagaz ekeniniz tuys yurekden otunc sorayan jora shlyapa Belki,
Kalp doctory
18 янв 2022, 19:38
geçip barýaka sowlan,
men bilya yokarda 3 cyzyk ba yenil gornish diyip yazykdu basay shona wah korpeje men dushen gunime dushipsina
Hanguly
Автор 18 янв 2022, 19:40
Belki,
Ýene ýalňyş düşünipsiň, meniň maksadym diňe saňa bir zat düşündirmek boldy, men hiç kime-de beýle göz bilen bakmaryn, özümem şonuň üçin edensiňiz öýdemok. @Pegasyň maňa ýörite şahsy kini bar, sebäbi başlarda bir temamda gowy düşünipşipdik, bolmasa şol ýazgyda-da "bak" sözleri bardy. Men hiç kimi tanajak bolamok, aýdyşym ýaly ýazan zatlaryňyz siziň kişiligiňizi döretýär, şo sebäpli ýazyp düşündirjek bolýan sizede
Kalp doctory
18 янв 2022, 19:43
Цитата: yyldyz
kalp doctory,
Men näme etdim? namee

ydushinmedin oytyan boliala
Leyli Amanowa
18 янв 2022, 19:56
Kin däl-de kine bolya
Kalp doctory
18 янв 2022, 19:57
Цитата: Nairobi
Kin däl-de kine bolya

aydanyn ucin sps
Leyli Amanowa
18 янв 2022, 20:05
kalp doctory,
gury "sps" bilen zat bitenok jora arbuz
Kalp doctory
18 янв 2022, 20:10
Ustine suw seperin arkayn bolNairobi,
Serdar
18 янв 2022, 20:20
"Dutar name diyya tar name diyya" biza
Serdar
18 янв 2022, 20:21
"dutar name diyya tar name diyya " diyyadik biza
Hanguly
Автор 18 янв 2022, 20:22
Seri,
Bolup biler
Leyli Amanowa
18 янв 2022, 20:30
kalp doctory,
:))
Kalp doctory
18 янв 2022, 20:34
shlyapa Nairobi,
GuljemilE
19 янв 2022, 01:00
Цитата: Seri
"dutar name diyya tar name diyya " diyyadik biza

Şunça temany okap takılyan zadynmy şy