Sowuklyk

SOWUKLYK

Gowluk hakda tutarygy az bolan,
Ýamasy köp “ynsan” diýen eşigmiň.
Gyryp ençe arzuwlarmyň ganatyn,
Göge bakyp ýerdeligme düşündim.

Öňýeteni ýakyn saýdym, ynandym,
Şeýdip başym kän degipdi daşa-da.
Ýöne ýene rowa görmän özüme,
Men ömrümi özge üçin ýaşadym.

Ýetilmedik menzillemde arman bar,
Uçup bilsem, düşlemezdim ýerde men.
Tapmak üçin asmanda bir çäresin,
Zemin içre derman gözlän derdimiň.

Gözlerimde ahmyr bolan ýaşlaram
Owasynda ýöne ýere doňmady.
Gussasy kän sowuklykdy, sowukdy
Maňa dünýäň bar eçilen sowgady.

…Nirä baksam, mähir küýsän dideler –
Arzuwlarny gussalarna düşeýän.
Halys indi ýadatdy bu sowuklyk,
Halas ediň, men şeýlebir üşeýän.

2016 ý.

Allanur ÇARYÝEW.
3 лайков 127 просмотров
7комментариев
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Hiayres
17 фев 2022, 08:19
Oňat ?
Гардаш
Автор 17 фев 2022, 08:25
Цитата: Hiayres
Oňat ?


Howwa
Mechta
17 фев 2022, 08:49
Halas edin,men seylebir useyan.
insonky bendini hasam haladym
Mechta
17 фев 2022, 08:50
We zametka aldym:)
Гардаш
Автор 17 фев 2022, 09:17
Цитата: felicita
Halas edin,men seylebir useyan.
insonky bendini hasam haladym



Munun kitaby hem bar ekeni
Mechta
17 фев 2022, 09:30
Gardash,aytmaly daldiniz ana indi okasym tutdy)
Ötegçi
17 фев 2022, 12:01
Duýguçyl gowy oglana meñzeya