"SÖÝGI GÖRK ISLEMEZ..."
Ýakyn günleriň birinde zerur iş bilen daş ýola gitmeli boldum. Onuň üçin taksi saklanýan ýere baryp, ulag gürleşdim-de, yzyna zatlarymy goýup, özüm hem ýerleşip oturdym. Bolsada, ulagdaky beýleki gelenlerem özüm bilen deň-duş gelinler eken.
Ýola düşdük. Ilki-ilkiler ulag dym-dyrslyk boldy. Sebäp, her kim daňdan ýol aladasy bilen ukularyny alyp bilen däldirler-da, az-owlak ýatyp, dynçlaryny aldylar. Soň ondan mundan gürrüň açyp, bir-birlermiz bn öwrenşip başladyk.
– Baý, hor çekdiňiz-ä – diýip, sürüji degişme bilen aýnasyndan yzky oturanlara tarap seretdi. Ýanymdaky oturan gelne ilki nazarym düşende, onuň owadanlygyna gözüm degäýmesin diýen niýet bilen içimden tüýkürdim. Ol geline owadan diýmek bärden gaýdýa, misli behişdiň hüýr gyzlaram muça ýokdur diýdirjekdi.
Uklap gelensoň, göräýmäne sürüji bu gelni öz ýanyndan ogrynça synlap gelerli, degişmesinem şol gelne tarap bakyp ýüzlenipdi.
– Öňem bir ýerde gören ýalydym welin, sen pylan ýerde, pylan bolup işleýän Aşyryň geln-ä dälsiň-le– diýip, ol owadan geline lak atdy.
– Hawa – diýdi-de, gelin birhili ýüzüni küşşertdi. Soňam:
– Sen nireden tanaýaň ony? – diýdi.
Sürüji kelpeňlenip başlady.
–Aý, alty aý prizyw bolup, bir ýerde gulluk etdikda-reý. Şol wagta ol gaty gülkünçdi, görmeksizdi welin, soň owadanlaşandyr-la, köpden bäri gabatlaşamokdym. Owadan geline öýlenipdir. Men-ä henizem öýlenemok–diýdi-de ýylgyran boldy.
– Hmm, şeý diýsene, häliden bäri şony aýdaýyn diýdiňmi? Sen özüňi owadan görýän bolsaň, aklyň-huşuň ýerinde bolan bolsaň, hemmelerden öň öýlenerdiň, özge gelinlere göz dikmän– diýip, gaharynyň üstüni ýapmak üçin olam ilýüzüne ýylgyran boldy. Soňam:
–Aşyr görksüz bolsa-da, sen ýaly owandyryn öýdýän kelpeňlere çalyşmaryn. Ol özüniň akly-huşy, hoşgylawlygy, adamkärçiligi, mylakatlylygy, hoşsözlüligi bilen meni özüne bendi etdi. Ýaşaşyp ýörenmize näçe ýyl geçenem bolsa, henize çenli maňa gyňralyp seretmedi. Ol käýäp aýtjak sözlerinem söýgüläp aýdyp bilýän ynsanlaryň biri. Nirede, haýsy kärde işlese-de, abraýy başyndan agdyk. Sen sylamasaň-da, il sylaýa, maňa ýetik şol. Öýünden örmejek bolsa, owadanyň ýüzüne köz degsin-le. Hanha, owadan ärli joramyň güni haly diňe gözýaş bilen geçip dur. Günüme köp şükür, görksüzimden aýlanaýyn–diýdi we gelin aýtjak sözlerini gönüledi-de, gaharyna döz gelip bilmän:
–Boluşyň şu bolsa, ýüz ýyldanam öýlenmersiň–diýdi.
Sürüjä dymaýmakdan başga, sözlemäge söz tapylmady...
Netijede: Adamy diňe söýgi bagtly edip biler. Ýoknasyz bolup, sözlejek sözüňi syzyp sözläp bilmeseň, görküň-durkuň bilen durmuşyňy bezäp bilmersiň.
Milana

10комментариев
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.