Italiýada iki ýyldan gowrak dowam eden adatdan daşary ýagdaý düzgüni ýatyrylýar

Italiýada pandemiýa sebäpli 2020-nji ýylyň 30-njy ýanwarynda girizilen we möhleti birnäçe gezek uzaldylan adatdan daşary ýagdaý düzgüni ahyry tamamlandy. Respublikada 1-nji aprelden başlap, bir gije-gündiziň dowamynda keselleýänleriň sanynyň onlarça müňden agýandygyna garamazdan, kowide garşy çäreleriň agramly bölegi ýatyrylýar.

Adatdan daşary ýagdaý düzgüni hökümete, mejlis bilen deslap ylalaşmazdan, gyssagly çäreleri görmäge mümkinçilik berýärdi, şeýle hem maliýe serişdelerini paýlamakda uly erkinligi talap edýärdi. Hususan hem, bu düzgün kowid-sertifikat («grin-pass» diýip atlandyrylýar) kimin guraldan çäklendirilmesiz peýdalanmaga mümkinçilik berýärdi.

Italiýada waksina alandygyň ýa-da keseli geçirendigiň hakyndaky güwänamanyň esasynda berilýän bu resminama ýylyň başyndan bäri ähli ýerde, şol sanda iş ýerinde hem talap edilip gelinýärdi. Anna gününden başlap, tä 30-njy aprele çenli teatrlara, kinoteatrlara, konsertlere, fitnes-klublara, basseýnlere we gijeki klublara barmak üçin ol barybir gerek bolar.

Şol bir wagtda 1-nji aprelden başlap, döwlet edaralaryna, muzeýlere, sergilere, kitaphanalara, dükanlara, gözellik salonlaryna, banklaryň we poçtalaryň bölümlerine, şeýle hem, açyk eýwanly kafelere we restoranlara hem-de myhmanhana ýerleşmek üçin hiç hili sertifikat gerek bolmaz. Şäheriň jemgyýetçilik ulagyndan hem sanitar pasportsyz peýdalanyp bolar. Şol bir wagtda, koronawirusyň testiniň otrisatel netijesiniň esasynda berilýän resminama 30-njy aprele çenli restoranlaryň içine girende henizem talap ediler. Şeýle hem ol uzak ýola gidýän ulaglara (otla, paroma, uçara) münülende gerek bolar.
1 лайков 110 просмотров
Комментариев нет
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.