REMEZAN WE ORAZA BARADA
Remezan aýy - Hijri-kamary aýlaryń onunjysydyr. Remezan sözi: aslynda güneşiń toprak ýa-da daşa düşüp döreden gyzgynlygyny ańladýar. Araplaryń aýlaryń adyny gadymy dilden geçirenlerinde şol aýyń gabat gelýän wagtyny esas alandyklary we bu aýyń gyzgyn döwre gabat gelenligi bildirilýär.
Dinimizde Remezan aýynyń örän uly ähmiýeti bardyr.
1. Dinimiziń mukaddes kitaby bolan Kurany Kerim, Alla Tagala tarapyndan Pygamberimiz Muhammet aleýhisselama Remezan aýynda iberilmäge başlanypdyr. Bu hakykat Kurany Kerimde şeýle beýan edilýär: "Remezan aýy, ynsanlara ýol görkeziji we dogrylygyń hem-de dogrylygy egrilikden aýyrmagyń anyk delilleri hökmünde Kuranyń inderilen aýydyr." (Bakara 2/185).
2. Pygamberimiz Muhammet aleýhisselama pygamberlik wezipesi hem bu aýda berlipdir. Jebraýyl perişde Pygamberimize ilkinji Kuran aýatlaryny getirmesiniń yzysüre onuń Allanyń resulydygyny (ilçisidigini), özüniń bolsa Alla Tagalanyń periişdelerinden Jebraýyldygyny beýan edipdir.
3. Kurany Kerimde müń aýdan has haýyrlydygy bildirilýän Gadyr gijesi hem bu aýyń içindedir. Bu barada Kurany Kerimde şeýle buýrulýar: “Еlbеtdе Biz оnу (Gurhanу) gаdуr gijеsindе indirdik. (Еý Мuhаmmеt) gаdуr gijеsiniň nämеdigini sen nirеdеn biljek! Gаdуr gijеsi müň аýdаn has hayyrlydyr.” (Kadr 97/1-3). Şonuń üçin hem Remezan aýynyń bu gijesi musulmanlara bagş edilen uly pursatdyr.
4. Yslamyń bäş şertinden biri bolan we ynsany nebsiniń aşa arzuwlaryndan şeýle hem maddy hyrslaryndan gorap beýgelden oraza ybadaty hem bu aýa mahsus edilipdir. Remezan gijelerinde musulmanlaryń jemagat bolup okaýan tarawa namazy-da bu aýa degişli bir ybadatdyr.
Oraza
Oraza sözi, parsça “günlik” manysyny berýän “Roze” sözünden Türkmen dilimize Oraza görnüşinde geçipdir. Bu sözüń Kurany Kerimdäki görnüşi “sawm” we “syýam”-dyr. "Sawm" sözüniń sözlükdäki manysy: iýip-içmekten özüńi saklamak, çetde durmak, berhiz etmekdir.
Yslam adalgasynda bolsa bu söz: “niyet edip imsak wagtyndan, ýagny dań ýeriniń agarmaga başlan çagyndan, tä gün ýaşýança iýip-içmekden we jynsy gatnaşykdan daş durmak görnüşindäki bir ybadaty” ańladýar. Türkmen dilimizde bu hereket “oraza tutmak” we “agyz beklemek” diýlip atlandyrylýar. Yslamyń esasyny emele getirýän bäş sütüniń biri hem Remezan aýynda oraza tutmakdyr. Kurany–Kerimde " "يَٓا اَيُّهَا الَّذ۪ينَ اٰمَنُوا كُتِبَ عَلَيْكُمُ الصِّيَامُ كَمَا كُتِبَ عَلَى الَّذ۪ينَ مِنْ قَبْلِكُمْ لَعَلَّكُمْ تَتَّقُونَۙ (Oraza, sizden öńkilere parz edilşi yaly, size-de parz edildi) (Bakara 2/183) buýrulmak bilen, orazanyń dińe bir musulmanlara däl, eýsem ynsanlyga iberilen ilkinji Pygamber Adam Atadan başlap, ondan sońky pygamberleriń we olara ynananlaryń ählisine parz edilenligini anyk görkezýär. Şonuń üçin hem oraza, ynsanlygyń başlangyjyndan bäri Alla Tagala tarapyndan ýerine ýetirilmegi parz edilen bir ybadatdyr. Çünki orazanyń ynsanyń ruhy taýdan päklenip, ahlak taýdan kämilleşmegine bolşy ýaly, başga-da birnäçe maddy we magnawy peýdalary bardyr. Ýöne käbir rowaýatlaryń daşynda öńki ymmatlara parz edilen orazanyń haçan we näçe wagtdan ybarat bolup, nähili görnüşde ýerine ýetirlenligi barada takyk maglumatlary tapmak mümkin däldir.
Oraza hijri ýyl hasabynyň ikinji ýylynda, ýagny Hezreti Muhammet Pygamberiń Mekkeden Medinä göçeninden sońraky ikinji ýylda parz edilipdir. Bu barada Kuranda şeýle buýrulýar: "Eý iman edenler! Oraza, sizden öńkilere parz edilşi yaly, size de parz edildi. Belki (erbetliklerden) goranarsyńyz.” (Bakara 2/183). “... sizden herhaýsy birińiz bu aýa (Remezan aýyna) erişse, oraza tutsyn! (Bakara 2/185). Hezreti Pygamberimiziń hadyslarynda hem Remezan aýynda oraza tutmaklygyń Yslamyń bäş şertinden biridigi nygtalyp geçipdir. (Buhari, İman, 2).
Orazanyń hikmetleri we peýdalary
Alla Tagaлаnyń her buýrygynda bolşy ýaly orazada-da biziń üçin birnäçe hikmetler we peýdalaryń barlygy bir hakykatdyr. Oraza tutmaкda esasy maksat Allanyń yrzasyny gazanmak bolmalydyr. Şonuń bilen birlikde orazanyń öz içine alýan şu aşakdaky peýdalaryny-da göz öńünde tutmak biziń üçin haýyrly bolar. Orazanyń esasy peýdalary şulardyr:
1. Oraza ynsany erbetliklerden gorar.
Orazanyń parz edilşi bilen baglanşykly aýatyń sońundaky: "Belki erbetliklerden goranarsyńyz” (Bakara 2/183) дийен sözi, orazanyń bu hikmetine biziń ünsümizi çekýär. Alla Tagala her derde bir derman berişi ýaly, erbetliklerden goranmagyń hem ýollaryny görkezipdir. Ynha orazanyń bir aýratynlygy hem onuń erbetliklerden goraýan bir ybadat boluşydyr. Hezreti Pygamberimiz bu hakykaty sada bir dil bilen şeýle düşündiripdir: “Oraza bir galkandyr, onda agzy bekli kişi erbet söz aýtmasyn. Özi bilen dawalaşyp gowga çykarmak isleýän kişä iki gezek gaýtalap “men orazaly” diýsin” (Buhârî, Sawm, 8). Oraza ynsany dińe bir erbetliklerden goramak bilen çäklenmän, eýsem ony jähennem azabyndan hem gorar. Çünki ynsany jähenneme sokýan zat, erbetlikdir. Erbetlikden uzaklaşan, jähennemden-de uzaklaşar. Her erbetligiń başy-da Allany unutmakdan we borçlulyk duýgusyny ýitirmekden meýdana gelýar. Oraza bolsa bize elmydama Allany ýatladýar we borçlulyk duýgusyny has hem berkidýar. Bir aýlap dowam edýän bu magnawy terbiýäniń netijesinde Alla gorkusy ýüreklere ýerleşip ynsany dürli erbetliklerden uzaklaşdyrýar.
2. Oraza ahlagymyzy bezär.
Oraza, belli bir wagtyň içinde ýönekeý bir aç galma hereketinden ybarat däldir. Ony dińe bu tarapy bilen häsýetlendirmek örän ýalńyş bolar. Çünki oraza düýpli bir arzuw-hyýal terbiýesidir. Ynsany erbet endiklerden, gödek hereketlerden tämizläp, ýagşy häsýetler gazandyrýan bir ahlak terbiýesidir. Çünki dinimiz orazaly kişiniń bütin erbetliklerden uzak durmasyny emredýär. Hezreti Pygamberimiz bu barada şeýle diýýär: "Kim-de kim ýalan geplemegi we ýalan bilen işlemegi taşlamasa, Alla Tagala onuń iýip-içmegi taşlamasyna ähmiýet bermez.” (Buhârî, Sawm, 8). Bu manydaky hadyslardan birinde bolsa şeýle buýrulýär: "Köp oraza tutanlar bardyr welin, olar üçin tutan orazalaryndan dińe açlyk bilen suwsuzlykdan başga peýda ýokdur. Köp gijeläp ybadat edenler bardyr welin, bu ybadatlaryndan olar üçin dińe bir ukusyzlykdan başga peýda ýokdur.” (İbn Mâce, Syýam, 21). Bu hadyslarda-da bellenilşi ýaly orazanyń esasy hikmeti gündizleri aç galmakdan ybarat däl, eýsem asyl maksat erbetlikleri emreden ynsan nebsini jylawlamak, terbiýelemekdir.
3. Oraza ynsan saglygyna peýdalydyr.
Orazanyń ynsanyń beden we ruhuna edýan ońat täsirleri we beden saglygyna berýän peýdaly netijeleri, medisina ylmy tarapyndan hem aýdyńlaşdyrylan bir hakykatdyr. Hezreti Pygamberimiz bu hakykaty şeýle dile getirýär: “Oraza tutuń, saglyk taparsyńyz.” (Keşfü'l-Hafa, c.2, s.33). Medisina alymlarynyń, orazanyń saglygy ýerinde bolan kişilere hi1-ir zyýanynyń ýokdugyny, tersine bedene peýdasynyń barlygyny nygtapdyrlar. Sińdirme organynyń, bagryń 8-16 sagatlap dynç almagynyń özi hem uly bir peýdadyr. Orazanyń beden üçin peýdaly bolan bir berhiz tarapy hem bardyr. 11 aýlap bedende ýygnanan zyýanly ýaglary eredip, ynsany semizlikden we süýjülik, damaryń gatamagy, ýürek agыry, gan basyşynyń artmagy ýaly semizligiń sebäp bolýän kesellerinden gorar. Orazanyń peýdalary dińe bir bedenimiz bilen çäklenmeýär, eýsem ol biziń ruhumyza we damar sistemamyza-da diýseń ońat täsir edýär.
4. Oraza nygmatlaryń gadyryny bilmekligi öwredýär.
Gynansakda nygmatlar heniz elimizdekä olaryń gadyr-gymmaty känbir bilinmeýär. Ynsan ogly eýe bolan nygmatlarynyń gadyryny dińe olar öz elinden gideninden sońra bilip galýär. Sońraky tüýkülik bolsa sakal ezmeýär. Oraza tutmak arkaly belli bir süreligine nygmatlardan daş düşen kişi, bularyń gymmatyna has gowy düşünýär we ynsan olary has gowy goramaklygy, isrip etmezligi we bu nygmatlary özüne beren Alla Tagala has köp şükretmekligi öwrenýär. Nygmatlara şükür etmek bolsa, olaryń has hem artmagyna sebäp bolýär. Bu babatda Alla Tagala Kuranda şeýle buýurýar: “Eger şükür etseńiz, elbetde (nygmatlarymy) siziń üçin artdyraryn.” (İbrahim 14/7).
5. Oraza sabyrly bolmaklygy öwredýär.
Sabyr, tutulan maksatda netije gazanmaklygyń iń ähmiýetli şertlerinden biridir. Eýe bolan halal nygmatlaryńa dińe orazaly bolanlygy sebäpli el degirmeýän kişi, isleglerine häkim bolmaklygy, nebsini kynçylyklara öwrenişdirip terbiýelemekligi we ýene birnäçe endik we aýratynlyklary gazanýar. Şeýdip nebsini terbiýelemekligi özüne endik edinen ynsan bolsa, durmuşda öńüne çykjak bir süri kynçylyklara sabretmegi we bulary ýeńillik bilen ýeńip geçmegi başarar. Şeýle hem agyr we gynançly ýagdaýlarda özüni sabyr-takatly alyp barar we agyrbaşlylygy elden bermez.
6. Orazanyń jemgyýete berýän peýdalary.
Orazanyń şahsa bolan bähbitleriniń ýanynda jemgyýete-de uly peýdalary bardyr. Oraza ynsanyń mähir we merhemet duýgularyny kämilleşdirip, ony jemgyýeti söýmeklige we ýardam bermeklige iterýär. Ynsan oraza tutan mahaly hakyky açlygyń nämeligini biler we jemgyýetde ýer alan pakyr-pukaranyń, ýetimiń-ýesiriń ýagdaýyna düşünip olara ýardam etme duýgusyna düşer. Hezreti Pygamberimiziń: “Gońşusy açka dok ýaşaýän kişi kämil bir mümin däldir” sözü-de bu hakykatyń açyk bir beýanydyr.
7. Orazanyń esasy peýdasy.
Oraza tutmak bilen Allanyń emrini höwes bilen ýerine ýetiren müminleriń günäleriniń bagyşlanjagyny Hezreti Pygamberimiz şeýle beýan edýär: “Her kim ýürekden ynanyp we sogabyny umyt edip Remezan orazasyny tutsa, onuń geчmişde galan günäleri bagyşlanar.” (Buhârî, Sawm, 7). Sońsuz rehimdarlyga eýe bolan Alla Tagala, biziń ýerine ýetiren ýagşylykdyr-ybadatlarymyzyń her-birine garşylyk on esse sogap berjegini bildiripdir. Orazanyń sogaby bolsa bulardan hem köp boljakdyr. Pygamberimiz aleýhisselam bu ýagdaý barada şeýle diýipdir: “Adam oglunyń her bir amalynyń sogaby gat-gat edip beriler. Bir ýagşylyk on gatdan başlap, ýediýüz gata çenli sogaplandyrylar.” Sözleri Pygambere, manysy bolsa Alla Tagala degişli bolan beýleki bir hadysda bolsa Alla Tagala şeýle buýurýar: “Her ýagşy amala on esseden ýedi ýüz essä çenli sogap bardyr. Ýöne orazanyň sogaby bu ölçegden has ýokarydyr. Çünki, ol Meniň üçindir. Onuň sylagyny diňe Men bererin”. (Buhârî, Sawm, 7). Diýmek orazanyń iń esasy we ähmiýetli peýdasy, ahyret ýurdy bilen baglanşyklydyr.
Dinimiz, bir kişiniń oraza tutmagynyń parz bolmagy üçin özünde şu häsýetleriń jemlenen bolmagyny şert edipdir:
1. Musulman bolmak.
2. Akylly bolmak.
3. Dini taýdan kämillik ýaşyna ýeten bolmak.
Bu şeрtler özünde bolmaýanlara oraza tutmaklyk parz däldir. Ýöne heniz dini taýdan kämillik ýaşyna ýetmedik çagalary, bedenlerine zyýan bermejek görnüşde oraza tutmaklyga öwrenişdirmek dürsdir.
Orazany berjaý etmekligiń şertleri
Orazanyń bir kişä parz bolmagy üçin gerek bolan şertlerden başga bu ybadatyń berjaý edilip bilmegi üçin hem käbir şertleriń jemlenmegi hökmandyr:
1. Sagdyn bolmak.
2. Oturumly bolmak (mukym bolmak), ýagny ýolagçylykda bolmazlyk.
3. Orazany tutup bilmejek derejede ýarawsyz bolan kişiler bilen, dini hasaplara görä ýolagçy hasaplanylýän kişiler orazalaryny sońa goýup bilerler. Ýarawsyzlar gowlanşanyndan sońra, ýolagçylar bolsa ýaşaýän ýerlerine gaýdyp gelenlerinden sońra tutup bilmedigi günleri kaza ederler.
Orazanyń dürs bolmagynyń şertleri
Oraza tutma şertleri özünde bar bolan kişileriń, tutjak orazalarynyń dürs bolmagy üçin şu şertler berjaý edilmelidir:
1. Oraza tutmaklyga niýet etmek (ýürekden edilen niýet hem ýeterlikdir).
2. Agyz beklenýän wagtdan, agyz açylýan wagta çenli iýme, içme we jynsy gatnaşykdan uzak durmalydyr.
3. Zenanlar adat we çaga çilesi günlerinde bolmaly däldir.
Munyń ýaly günlerde zenanlar tämizlenýänçäler oraza tutmazlar we namaz okamazlar. Tämizlenenlerinden sońra oraza dowam edip geçen günleri hem sońra kaza ederler, namazy bolsa kaza etmeleri hökman däldir.
Orazanyń görnüşleri
Orazanyń bäş görnüşi bardyr:
1. Parz bolan orazalar: Remezan aýynda oraza tutmak we bu aýda tutulyp bolmadyk orazany başga günlerde kaza etmek. Şeýle hem keffaret orazalary parzdyr.
2. Wajyp bolan orazalar: Adak-nezir orazalary bilen, niýet edilip başlananyndan sońra bozulan nepil orazalaryny kaza etmek wajypdyr.
3. Sünnet bolan orazalar: Muharrem aýynyń dokuzynjy gününü onunjy güni bilen birlikde ýa-da onunjy gününi onbirinji güni bilen birlikde agyz beklemek sünnetdir.
4. Müstehab bolan orazalar: Kamary aýlarynыń 13-14-15 günleri bilen hepdäniń Duşenbe we Penşenbe günleri, şeýle hem Remezandan sonraky Şewwal aýynda alty gün agyz beklemek müstehabdyr.
5. Mekruh bolan orazalar: Mekruh bolan orazalar iki dürlüdir:
a) Tenzihen mekruh bolan orazalar: Muharrem aýynýń dińe onunjy güni bilen dińe Anna günleri we dińe şenbe günleri oraza tutmak; bir güniń orazasyny iyip-içmän ertesi günki oraza birleşdirmek we ýylyń dowamynda oraza tutmak hem tenzihen ýagny halala ýakyn mekruhdyr.
b) Tahrimen mekruh bolan orazalar: Oraza baýramy güni bilen Gurban baýramynyń üç güni agyz beklemek tahrimen ýagny harama ýakyn mekruhtur.
Orazaда haçan we nähili niýet edilmeli?
Orazanyń ähmiýetli şertlerinden biri-de niýet etmekdir. Niýetsiz tutulan oraza dürs däldir. Şu sebäpden hem haçan we nähili niýet edilmelidigini öwrenmek zerurdyr.
Oraza niýet etmekligiń wagty ikä bölünýär:
1. Agşamdan başlap gündizki guşlyk vagtyna çenli niýet edip bolýan orazalar:
Bular, Remezan aýynda tutulýan oraza we belli günlerde tutulmagy nezir edilen orazalar şeýle hem tutulmagy nepil bolan orazalardyr. Bu orazalara gije, imsak (agyz bekleme) wagtyndan öń hem niýet edip bolşy ýaly, gündiz guşlyk wagtyna çenli-de niýet etmek mümkindir. Gije niýet etmek bolsa has gowsudyr. Eger gündiz niýet ediljek bolsa, onda şol güniń agyz bekleme wagtyndan sońra iýip-içme we orazany bozýan beýleki işler edilmedik bolmalydyr.
2. İmsak wagtyndan öń, gijeden niýet edilmeli orazalar: Remezan aýynda tutulyp bilmänligi sebäpli başga bir wagtda kaza ediljek Remezan orazasyna; her görnüşdäki keffaret orazalaryna; başlanandan sońra bozulyp başga bir wagt kaza ediljek nepil orazalara we adak-nezir edilip wagty belli edilmedik orazalara, özleri üçin bellenen bir wagt bolmanlygy sebäpli imsakdan öń niýet etmek gerekdir.
Selälige turmak islemeýän bir kişiniń, agşamdan sońra ertiriń orazasyna niýet etmegi dürsdir. Şeýlelikde gije turup täzeden niýet etmegi hökman däldir. Aslynda niýet ýürek bilen edilmelidir. Ýagny bir kişi öń ýüzündäki gijede, ertir oraza tutmagy ýüregine düwse, onuń ertirki oraza niýet etdigi bolar. Oraza tutmak pikiri bilen selälige turan kişiniń bu pikiri hem niýetdir. Oraza ýürek bilen edilen niýet ýeterlikdir. Ýöne ýürekden edilen bu niýeti dil bilen gaýtalamak has gowudyr. Bu sebäpden, oraza tutjak kişi, hem içinden niýet etmeli, hem-de dili bilen: "Niýet etdim Remezany şerifiń ertirki orazasyna" diýip aýtmalydyr. Her güniń orazasyna täzeden niýet etmek hökmandyr.
Orazany bozýan hereketler
Oraza ters bir hereket edilen halatynda oraza bozular. Orazany bozýan käbir hereketleriń netijesinde kaza hem-de keffaret orazalarynyń tutulmagy zerurdyr. Käbir hereketlerde bolsa dińe kaza orazasynyń tutulmagy ýeterlikdir.
Orazany bozup kaza hem-de keffaret orazasyny
tutmaklygy zerur eden hereketler
Keýp we lezzet berýän adaty zatlary iýip-içmek ýa-da amal etmek, kaza hem-de keffaret orazasyny tutmagy zerur edýär. Keffaret, oraza tutmazlygyň däl-de tutulan orazanyň bilkastlaýyn bozulmagynyň jezasydyr. Şonuň üçin remezany şerifde oraza tutmaga hiç niýet etmedik biri, tutmadyk günlerini diňe kaza edýär. Ýöne “niýet etmeseň keffaret gerek däl eken” diýen düşünje bilen Remezan orazasyny tutmazlyk, diniň esasy parzlaryndan biri bolan Remezan orazasyny äsgermezçilik etmekdir. Bu bolsa uly günädir.
1. Agzynyń beklidigini bilmegine garamazdan iýip-içmek ýa-da jynsy gatnaşykda bolmak. Iýlip-içilen zadyń iýmit ýa-da derman bolmagynyń arasynda tapawut ýokdyr.
2. Agza giren ýagyş, gar we dolynyń öz islegiń bilen ýudulmagy.
3. Çilim çekmek, nas atmak ýa-da başga maksat bilen tüssäni içińe çekmek.
4. Bugdaý ýa-da arpanyń dänesini ýutmak.
5. Daşardan künji dänesi mukdaryndaky bir zady alyp ýutmak.
6. Az mukdarda duz iýmek.
Remezan aýynda niýet edip oraza tutmaga başlan bir kişiniń, ýokarda tertiplenen hereketleriń birini bilkastlaýyn işlemegi onyń orazasyny bozar. Bozulan bu orazanyń kaza edilmegi we bilkastlaýyn bozulanlygy sebäpli keffaret orazasynyń tutulmagy zerur bolar.
Orazany bozup dińe kaza orazasynyń
tutulmagyny zerur eden hereketler
Аlymlar iýmitlenmek ýa-da bejermek maksady bolmadyk zatlar iýlip-içilen ýagdaýynda, orazanyň bozulýandygyny we diňe kazany zerur edýändigini belläpdirler. Bular ynsanyň özüniň meýil etmedik zatlarydyr.
1. Pagta ýa-da kagyz ýaly adatda iýilmeýän bir zady yutmak.
2. Bir gezekde köp mukdarda duz iýmek.
3. Adatda iýilmeýän zeytunyń çigdini iýmek. Adatda iýilýän çigitleriń iýilmegi bolsa keffaret orazasyny zerur edýär.
4. Daş, toprak, demir, altyn we kümüş ýaly zatlary ýutmak.
5. Şänigi bolmaýän hoz we badamy ýutmak.
6. Burnuńdan derman almak.
7. Agza alynan boýaly ýüplik ýaly zatlaryń boýagy bilen reńki üýtgän tüýküligi ýutmak.
8. Bogaza gaçan gar ýa-da ýagyşyń elińde bolman ýudulmagy. Bilkastlaýyn ýudulsa keffaret zerurdyr.
9. Başga biriniń zorlamagy netijesinde bozulan oraza-da kaza zerurdyr.
10. Dişleriń arasynda galan nohut mukdaryndaky galyndynyń ýudulmagy.
11. Täret üçin agyz we burna suw alynýärka suwyń elińde bolman bogaza düşmegi.
12. Orazalydygyńy unudyp iyip-içen halatyńda, orazań bozulandyr öýdip täzeden iýip içmek. Eger bilinmän iýip-içilen bolsa, orazalydygyń ýadyńa düşen wagty iýip-içmekligi derrew kesmeli we orazaны dowam etmelidir.
13. Öz islegiń bilen agyz dolusy gusmak.
14. Bilkastlaýyn ýa-da elińde bolman gelen agyz dolusy gusugy yzyna, aşgazana ugratmak.
15. Elińde bolman tüssäni içińe çekmek.
16. Heniz gün ýaşmanka ýaşandyr öýdip agyz açmak.
17. İmsak wagty geçen hem bolsa heniz wagt bardyr öýdip iýip-içmek.
18. Jynsy gatnaşyga girmezden aýala degmek ýa-da öpmegiń netijesinde orgaзm bolmak.
19. Remezan orazasynyń daşyndaky bir orazany bozmak.
Ýokarda tertiplenen bu maddalaryń birini бозан kişiniń orazasy bozular we bozulan bu orazanyń ýerine kaza orazasyny tutmak zerur bolar. Bu maddalardan biri bilen orazasy bozulan kişi agşama çenli orazasyny bozjak başga bir hereket etmän orazasyna dowam etmelidir.
Orazany bozmaýan hereketler
1. Orazalydygyńy unudyp iýip-içmek. Hezreti Pygamberimiz bu barada şeýle diýipdir: “Bir kişi orazalydygyny unudyp iýip-içen bolsa orazasyny tamamlasyn, bozmasyn. Çünki ony Alla Tagala iýdirip-içirendir.” (Buhârî, Savm, 7). Bu ýagdaýa düşen kişi agzyndakylary ýutman derrew boşatmaly we agzyny çaýkap orazasyna dowam etmelidir. Çünki orazalydygy ýadyna düşeninden sońra bir zat ýutsa orazasy bozular.
2. Gulagyńa suw girmek.
3. Elińde bolman bogazyńa tozan ýa-da tütüniń girmegi.
4. Elińde bolman gusmak.
5. Öz-özünden gelen gusugyń ýene özüniń içińe gitmegi.
6. Ýatyrkań iniń hapalanmagy.
7. Aýalyńy ýönekeýje öpmek.
8. Gije iniń hapalanmagy netijesinde irdene çenli ýuwunman gündiz ýuwunmak.
9. Dişleriń arasynda selälik iýmitinden galan nohut dänesi mukdaryndaky galyndyny ýutmak.
10. Agzyń içindäki tüýküligi yutmak.
11. Agzýńa gelen gakylygy yutmak.
12. Dişińe goýulan dermanyń tagamynyń bogaza barmagy.
13. Gözüńe dermen damdyrmak.
14. Gan aldyrmak.
15. Gözlerińe sürme sürmek.
Bu tertiplenen hereketleriń hiçbiri orazany bozmaz.
Orazala mekruh bolan zatlar
1. Bir zadyń tagamyny datmak. Mejbur bolunan ýagdaýlarda hiç bir zat ýutmazlyk şerti bilen naharyń duzyny barlamak mekruh bolmaz.
2. Gereksiz ýere bir zady çeýnemek. Çagasy üçin bir zatlar çäýnemäge mejbur bolan aýal maşgala, eger başga çäresi ýok bolsa muny edip biler.
3. Özüne ynamy bolmaýan bir kişiniń aýаlyny öpüp, gujaklamagy.
4. Tüýküligińi agzyńda jemläp ýutmak.
5. Gan aldyrmak ýa-da özüńi ejizletjek agyr iş işlemek. Ejizlemejekdigińe göziń ýetse mekruh bolmaz.
Orazala mekruh bolmaýan zatlar
1. Gül we misk ýaly zatlary ysgamak.
2. Özüńe ynamyń bolmagy şerti bilen aýalyńy öpmek.
3. Miswak ulanmak, agzyńy çotga bilen tämizlemek.
4. Agzyńa suw alyp çaýkamak.
5. Burnuńa suw çekmek.
6. Suwa düşmek.
Orazalynyń derman we sanjym almagy
bilen baglanşykly hökümler
Agyzdan kabul edilýän dürli görnüşdäki dermanlar orazany bozýar. Çünki, olar iýmitlendirиji häsiýete eýedir. Edil şonuń ýaly klizma etdirmek, burnuňa, gulagyňa derman ýa-da ýag damdyrmak hem orazany bozýar.
Bedene sanjylan iňňe bolsa, edil agyzdan kabul edilen dermanlar ýaly orazany bozýar. Çünki bu, orazalynyň öz razylygy bilen edilşi ýaly, beden üçin hem peýdalydyr. Bu ýagdaýda kaza tutmalydyr. Mümkin bolan ýagdaýynda sanjymy agzaçardan soň etdirmek has laýygydyr.
Demgysma keseliniň garşysyna tozan şekilinde ulanylýan dermanlar (ingalýasiýa) orazany bozmaýar.
Bedene gan goýbermek derman beren ýaly orazany bozýar. Ýöne gan aldyrmak orazany bozmaýar. Şonuň üçin «Bedenden çykýan zatlar täreti bozýar, bedene girýän zatlar bolsa orazany bozýar» diýen söz kada öwrülipdir.
Dişiňi sogurtmak hem orazany bozmaýar. Ýöne gan we dermandan hiç bir zat ýuwdylmaly däldir.

1комментарий
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.