Ezizim

aýna bakyp timarlaýaň saçyňy
hem diýýärsiň gartaşypdyryn ezizim
a men bolsa, ýylgyrýaryn bolşuňa
meň gözüme şol görküňde henizem

saçlarymda ak göründi diýýärsiň
garrap barýan, garraýaryn ezizim,
şol çalaran saçlaryňy görsemde
meň gözüme öňki görküň henizem

ýüzleriňi gaýta-gaýta sypalap,
ýygyrt düşdi, garrapdyryn ezizim,
ýüzüňdäki ýygyrtlaryň gelşipdir
şol bolşuňda gözelligiň henizem

kop wagt geçip, biliň büküp başladyň
diýdiň şindem göwnüm ýaşda ezizim
meniň bolsa saňa söýgim has artýar
meniň üçin şol görküňde henizem
R. Mämetgurbanow
1 лайков 80 просмотров
Комментариев нет
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.