Molla we Gelin
Mollaň ýanna baran eken, başy boş bir ýaşja gelin,
-näme hyzmat aýdyň, geç otyryň geliň, geliň,
-sizden bir maslahat almak üçin geldim menem,
görýäňiz meň başyma boş, goş birlejek çopan bilen.
Molla otyryp pikire batdy, soňam diýdi bolmaz, gelin,
Çopanyň her eden işi haramlykdyr şony biliň,
Durmuş gursaň çopan bilen, Jennet gapysyny ýapar,
Galanyny özüň gör, maslahatym başga tapaý,
-Onda arçyn näder, şolam iberipdir sawçy,
- Wah gelinjan ol arçynyň, özi duran bir aldawçy,
-Buhgaltere näme diýýäň, göwnümehä halal oglan,
-oňa baran gyzdyr, gelin, Dowzahyň oduna boglar,
-näme etsem Molla aga siziňemä başyňyz boş,
bir ýanýoldaş tapaýmasam, çäresiz men özümem ýaş,
-Bä gelin tüweleme, saňa başga näme aýtjak,
Durmuş gursaň meniň bilen Jennet gapysyny açjak.

3комментария
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.