Alymlar aýyň ikä bölünenni subut etdilermi?!

ALYMLAR AÝYŇ IKÄ BÖLÜNENNI SUBUT ETDILERMI?

2019-njy ýylyň mart aýynda internet sahyplarynda aýyň ikä bölünendigini tassyklaýan neşirler peýda boldy. Öňünden belläliň, bu maglumatlar Yslam bilen baglanşykly saýtlarda we sosial ulgamlardaky tematiki toparlarda peýda boldy we giňden ýaýradyldy. Bu maglumatlar häzirki günem sosial ulgamlarda öz işjeňligini saklaýar.

“Factcheck.kg” bu maglumatlary barlamak kararyna geldi.
Ilki bilen barlanmagy zerur bolan esesy ugurlary belgiläliň:
- Materialda çykyş edýän adamlar;
- Jedelsiz subutnama hökmünde görkezilen suratlar;
- Aýda haçanda bolsa bir wagt şeýle hadysa bolupmy?!


Material: NASA-da aýyň ikä bölünendigi tassyklaýan delilleriň barlygyny tassyklaýan geologiýa ylmynyň doktory Zagloul El-Naggaryň hekaýasy bilen başlanýar. Gözleg programmasy şeýle adamyň barlygyny we Gurhan ylmyny öwrenmek bilen meşgullanýandygyny tassyklaýar. Şeýle-de materialda NASA-nyň işgärleriniň aýyň ikä bölünendigini boýun alýan teleýaýlymyna şaýat hökmünde syn eden iňlis Musulman partiýsasynyň lideri Dewid Musa Pidkok agzalýar. Internet gözlegi, bu adamyň hem bardygyny we ýokarda agzalan partiýanyň ýolbaşçysydygyny tassyklady. Hünäri boýunça inžener we öý enjamlary boýunça hünärmen.

Soňra materialyň esasy ünsi NASA-nyň işgärleriniň bir wagtlar Ýeriň emeli hemrasynyň bir teleýaýlym programmasynda iki bölünendigini tassyklandygyny, şeýle hem amerikalylaryň aýa uçmagynyň esasy maksadynyň “Aýyň ikä bölünşi” hakdaky hadysa subutnama tapmakdygyny boýun alandyklaryny, NASA-nyň işgärleri “Aýyň içki gurluşyny” öwrenip, aýda “onuň daş-töwregini gurşap alýan we ýeriň ýüzünden teýine gidýän anomaliýalary” ýüze çykarandyklary görkezilýär.

Bu teleýaýlymyň haçan görkezilendigi we NASA-nyň işgärleriniň haýsynyň oňa gatnaşandygy barada materialda hiç hili maglumat berilmeýär. Aslynda, okyja bu programmany gören Dewid Musa Pidkokyň sözüne subutnamasyz ynanylmaga çagyrylýar. Materialda “jedelsiz” subutnama hökmünde bolsa aýyň üstünden geçýän “anomaliýalaryň” çekilen suratlary ulanylýar. Şonuň üçinem suratlary analiz etmek arkaly barlagymyzy geçirýäris. (1-nji surat.)

Gözleg programmasy ilkinji fotosuratda görkezilen anomaliýanyň aýyň köp bolan kanallarynyň biridigini, has dogrusy Aridean kanalydygy görkezdi. Şeýle-de aýyň iki ýüzünde-de şuňa meňzeş kanallaryň köplügi ýüze çykaryldy. Aý kanallarynyň takmynan sanawy şu ýerde. (Şu ýerde sözünde link goýupdyr men goýup bilemok).
Şol sanawda aý kanallaryň uzynlyklarynyň 10-dan 327 km çenli aralykda üýtgäp bilýändigi görkezilýär. Bu kanallaryň planetada nähili ýerleşýändigini we Aýyň umumy meýdany bilen gatnaşygyny anyk görmek üçin aýyň ýüzüne has içginräk seredeliň: (2-nji surat)

Aýyň iň uly kanallaryň biri bolan Aridean kanaly kartada aýdyň görünýär. Aýyň umumy göwrümine garanda onuň ujupsyz ölçegini aýdyň görmek bolýar. Şeýle-de ondan uly kanallaryňam birnäçesini görüp bilersiňiz. Bu suratlardan kanallaryň aýry-aýry ýerlerde ýerleşýändigini we olaryň uly bir bitewi bölünmä ýada çöketlige dahylynyň ýokdugy görüp bilýäris. Indiki suratda-da awtorlaryň aýyň ikä bölünmesiniň subutnamasy hökmünde görkezýän çöketligini görüp bilýäris. (3-nji surat)

Gözleg programmasy biziň öňümizde aýyň Lunar Reconnaissance Orbite (LRO) zondunyň Narrow Angle Cameras fotoapparatynda çekilen suratdagyny ýüze çykardy. Alymlar aýda 14 çöketligi tapdylar, olaryň ýarsy ýeriň emeli hemrasynyň ýokarky giňişliginde ýerleşýär. Ähli çöketlikler dar we uly bolmadyk uzynlykda, iň ulylarynyň uzynlygy 10 km ýetýär.

Ýene-de bir delili belläsim gelýär. Haçanda alymlar aý kraterleri, çöketlikleri ýada kanallary hem-de olaryň emele geliş taryhy barada söz açanlarynda ýüzlerçe million, kä halatlarda milliardlarça ýyl öňe salgylanýarlar, şonuň üçinem 1400 ýyl mundan ozal bolup geçen waka aý taryhy üçin düýnem däl. Eger-de şeýle ýagdaý hakykatda görkezilen wagtynda bolan bolsa onda ýer ýüzüniň ýaşaýjylary bu wakany doly manyda duýardylar we bu wakany tassyklaýan dünýä ýüzünde birnäçe salgylanmalar bolardy.

Ahyrynda welin NASA Aý Ylymlar Institutynyň (NAYI) başga bir alymy Bred Bailiniň: «No current scientific evidence reports that the Moon was split into two (ormore) parts and then reassembled at any point in the past» (Häzirki wagtda geçmişiň islendik zamanynda aýyň iki ýa-da has köp bölege bölünendigi we gaýtadan birigendigi tassyklaýan hiç hile subutnama ýok) diýen sözüni getirýäris.

Netije:
- Materialda ylmy taýdan tassyklaýan ýekejede delil ýok we ähli argumentler bilgeşleýin ýoýulan.
- NASA alymlarynyň aýdan sözleri çeşmesiz, atsyz we wezipesiz delil hökmünde sitata edilýär.
- Subutnama hökmünde görkezilen fotosuratlar tersine aýda ýakyn wagtda bitewi bir döwügiň bolmandygyny we hiç haçan hem bolan däldigini görkezýär.
4 лайков 206 просмотров
4комментария
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
IDEALLIDER
24 май 2022, 10:44
Ýogsada antihrist "Gurhandaky ähli zatlar dogry" diýmez?
Maksat
24 май 2022, 12:30
Ýalan sözleme, Aý ikä bölündi. Neme, Gurhanda bar :)
Hiayress
Автор 24 май 2022, 12:36
Keaip_begcon,
Hemme zat ýalan, hemme aldaýar, diňe biz dogruny bilýäris. :)
Aýnur
24 май 2022, 14:24
Martyñ 5-ne sagat gije 3:00 -dada Aýyñ ùstùne Hytaýlaryñ kosmos jisimi dusupdir.Howanyñ ýaramazlaşmagyna sebap boljakmyş)