“NASA” Aýyň günorta polýusyna robot ugradýar

Amerikanyň awiasiýa we kosmos gullugy (NASA) doňdurylan suw gözlemek üçin Aýyň günorta polýusynyň golaýyndaky “Nobile” kraterine robotyň iberiljekdigini habar berdi.

“Euronews” teleýaýlymynyň habaryna görä, ençeme ýyl bäri Aýyň polýar sebitlerinde suw gözlemegi meýilleşdirýän “NASA” edarasy kraterleriň düýbünde galan suw buzunyň geljekde kosmonawtlara içmek üçin suw, dem almak üçin howa we Ýere gaýdyp gelmek üçin ýangyç boljakdygyny çaklaýar.

Bu gözleg üçin “VIPER” atly kosmos gämisini göz öňüne tutýandyklaryny mälim etdiler. “VIPER’’ golf arabasynyň ululygynda we agramy ýarym tonna töweregi bolup, ýeriň aşagyndan nusgalary ýygnamaga we almaga mümkinçilik berýän birnäçe gurallary götermäge ukyplydyr.

Ylmy bölüminiň müdiri Lori Glaze metbugat ýygnagynda bu robotyň Aýyň topragy bilen barlaglary geçirip, birnäçe metr deşik açjakdygyny belläp geçdi.

Aýyň günorta polýusynyň günbatar çetinde ýerleşýän “Nobile” krateriniň golaýynda gonar. Bu 65 kilometr giňlikdäki krater bir obýektiň täsiri netijesinde emele geldi diýlip çaklanylýar.
0 лайков 177 просмотров
7комментариев
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
#B.S
23 сен 2021, 18:00
Ýokarky montaźa gep ýok!!!
Maksat
23 сен 2021, 18:13
Aýda deşik açyp suw gözlejkmikäler .
#B.S
23 сен 2021, 18:16
dalimisen hihihi
Maksat
23 сен 2021, 18:28
Suw buzy geljekde kosmanawtlara içmäge suw, dem almaga howa, yangyjam bolar diyyä.?
Hanguly
23 сен 2021, 20:23
Suw gözlejek bolýarlar, tapyldy diýen gep ýaýrapdy olam biraz ynsanlygy umytlandyrypdy. Eger çyndanam şeýle bolsa onda bir zatlar üýtgäp biler, NASA munyň üçin has işjeňleşýär
Döwlet Şöhradow
23 сен 2021, 21:43
Wlad,
Howwa
Maksat
24 сен 2021, 00:19
Wlad,
Gürrüñiñ nähilaý ulurak oglanmykañ diýdim ynanýañmy şo suwly gürrüñe.