5-nji maýda aýyň ýarym kölegeli tutulmasy bolar

5-nji maýda Ýeriň ýaşaýjylary Aýyň ýarym kölegeli tutulmagyny synlap bilerler. Bu barada duşenbe güni TASS Moskwa Planetariýasynyň metbugat gullugyna salgylanyp habar berdi.

Aý ýarym kölegeli tutulanda, Ýeriň kölegesiniň ýarym kölege diýilýän daşky sebitinden geçýär. Bu gezek ol Mizan ýyldyzlar toplumynda bolmak bilen, onuň günorta böleginden geçer.
Planetariýada Aýyň anna gününden şenbe gününe geçilen gije 20:14-den 00:31-e çenli (aşgabat wagty) Ýeriň ýarym kölegesinden geçjekdigini kesgitlendi.
Aýyň tutulmagy 4 sagat 17 minut dowam eder. Onuň aňrybaş tutulmasy, tutuş Aý Ýeriň ýarym kölegesine doly çümüberende, aşgabat wagty bilen 22:23-de bolup geçer.
Alymlar şol wagt Aýyň demirgazyk gyrasynyň garaňkylygynyň açyk howada aç-açan göze görünjekdigini bellediler.
Aý tutulmasy Antarktidanyň, Aziýanyň köp böleginde, Günorta we Gündogar Ýewropada, Awstraliýada, Afrikada we Ýuwaş ummanyň, Atlantik we Hindi ummanlarynyň suwlarynda, Russiýanyň, Taýmyrdan we Çukotkadan başga, köp böleginde görner.

Çeşme - tmcars.info
1 лайков 125 просмотров
5комментариев
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
#B.S
28 апр 2023, 08:15
Penumbral sözüni ýarymkölegeli diýip terjime edip, türkmen diline "ýarymkölegeli aý tutulmasy" (Penumbral lunar eclipse) diýen düşünjäni men girizipdimleý...

Bu görnüşli aý tutulmany synlanyňdan synlamadygyñ gowy blät. Şäher ýerde bolasaň zat wapşede. Muny synlajak bolsaň, eliňe teleskop alyp çöle zat gidäýmeseň, çyralaň yşyklaň ýok ýerine...
Perhat Sabirovv
Автор 28 апр 2023, 11:06
Khanture,
Gowy bildirmezmikä tutulany
#B.S
28 апр 2023, 11:17
Perhat Sabirovv,
0,964 magnituda oba ýerde sagat 22:23-de sähelçe bildirer. Birazajyk üsti garalar. Şäher ýerde synlajak bolup azara galmaly däl.
Esasy kölegä (umbra) dege-dege bolup tutulsada (magnituda 0,999) gynanjakdal. Esasy kölege bln aýyň arasyndaky boşluk uly...
#B.S
28 апр 2023, 11:18
https://www.timeanddate.com/eclipse/lunar/2023-may-5
#B.S
28 апр 2023, 11:21
Alymlar şol wagt Aýyň demirgazyk gyrasynyň garaňkylygynyň açyk howada aç-açan göze görünjekdigini bellediler.

Diňebir açyk howa, bulutsyzlyk full bolmaly, synlaýan ýeriňde ýagty saçýan zatlar, yşyklar bolmaly däl...