Ajalyn saklanan guni/hekaya
Üpük mergen heniz murtuna päki degirmänkä erkinligiň hatyrasyna Parzdepeden ýüz öwürdi. Muňa parzdepeliler haýran galdy. Ol bolsa öz ýüregini diňläp, entek keýikleriňem aýagy sekmedik ýerine, beýik çulbalaryň üstünde, bürgütleriň mekany bolan ýylçyr gaýalaryň gerşinde galyberdi.
Eger ol, şol gün suwsuzlykdan temegi guran oglanjygy gaty uzakdan arkasyna hopba edip getirmedik bolsa, entegem erkinligiň aşygy bolup ýaşasa ýaşar ýörerdi. Ol şonda oglanjygy ölümden gutaryp, hormata mynasyp iş etdi. Ýöne şol sebäp bolup, dünýede iň eziz zadyna – erkinligine badak saldyrdy.
Şol gün ol aňyrdan gelşine göni guýynyň başyna bardy. Guýydan bolsa, alnyndan Gün degmiş Ogulla suw çekip durdy. Üpük mergen gyzdan suw sorap oglanjygy suwdan gandyrdy, soňam tä eňeginden suw sarygýança gyzyň eli degen gowasyndan agzyny aýyrman uzak wagtlap suw içdi.
Şonda ýigidiň ötgür nazarlarynyň uzak wagtlap gyzda eglenenini gören adamlar, şeýle pikirde bolupdylar.
– Gör-de duruber, indi oglan Parzdepeden gitmez. Söýgi diýilýän zabun zatdyr. Onuň niçeme ýigitleri mugyra getirenini görüpdik. Bu-da, bahym amana geler...
Durmuşyň içinden geçen adam ýalňyşmaýar. Oklanan daş nyşana degdi. Baryp üç ýyldanam köp wagt gara bermedik ýigit, üç günem geçirip bilmän Parzdepä köwlendi.
Üpük mergeniň oba dolananyna men hemmelerden beter begendim. Ýogsam özümem erkinligiň ölemen aşygydym. Eger dünýeden bir zat dile diýseler, ýene şü owadan dünýäni dilärdim hemem erkinligi. Ýöne onda-da, öwrenişen tanyş ýüzimi – Üpük mergeni göresim gelýärdi.
Ogulla aşyk bolmagyna Üpük mergeniň sähelçe-de ýazygy ýokdy. Oňa gyzyň özi – Parzdepäniň jomartlyk bilen eçilen gyz jemaly günäkär. Ogulla durup seredilýän uçurgyz owadan gyz. Ony gören biperwaý geçip biljek däl. Onda üýtgeşik owadanlyk – biziň Parzdepämizde-de seýrek gabat gelýän oguz gyzlarynyň owadanlygy bar. Şeýle gyzlar at ýeňse, ýuka dodak bolýar. Ýene bir artykmaç ýeri, eden hereketi özüne gelşip dur. Eger başga-da bir zat aýtmaly bolsa, Ogulla gaharlanan mahaly öňküsindenem owadan görünýär.
Ýöne diňe ýigidiň aşyk bolmagy ýeterlik däl-ä, gyzyňam göwni awlanmaly. Ogulla bolsa öz owadanlygyna buýsanýan tekepbir gyz. Onda-da nähili tekepbir. Onuň göwnüni awlandan... Gowusy beýle söýgi hiç bir ýigide miýesser etmesin. Ol tüýs bir zalymyň gyz-a...
Näme diýseňem Ogullanyň Parzdepäniň gyzydygyna begenýärin. Şeýle zyba gyzyň diňe Kesearkajyň gamgyn ýelleri döredýär. Sebäp, gözellik gamgynlykdan döreýär.
Öten agşamky eşiden gürrüňim Ogulla-da, Üpük mergene-de nebsimi agyrtdy. Kişiniň gürrüňini diňlemek gabahadam bolsa, ony diňläsim gelýärdi. Sebäp gürrüň söýgi hakyndady, onda-da nähili söýgi – Parzdepede tapylan Üpük mergen bilen Parzdepäniň elýetmez gyzy Ogullanyň söýgüsidi. Şeýle söýgüniň şaýady bolmagym uly zada. Ýöne men ony eşitmedik bolsam gowy boljak eken.
Ogullanyň agyly bilen biziň köşek demli gazygymyzyň arasy eslije baram bolsa, şemal arka aýlanansoň, olaryň gürrüňi eşidilýär. Oň nähili gürrüň bolanyny bilemok, gyz gaharly şeýle diýýärdi.
– Parzdepä, adamlaryň arasyna gel...
Üç ýylyň erkinligi Üpük mergenem bozlaşdyrypdyr, olam gaharly gürleýär.
– Bi talapmy ýa haýyş?..
– Söýülýänler hemişe talap edýändir...
– Men ýüregime düşünilýän ýerde ýaşasym gelýär...
– Beýle ýüregi çykaryp zyňmak gerek...
– Sen meniň kararsyz kalbyma eýelik et, belki ol köşeşer...
Bi Üpük mergeniň erkinlikde ýaşan kararsyz kalbynyň sözleridi. Men gyz razylyk berer öýtdüm. Ýöne ol öňki sözlerini öňküdenem gaharly gaýtalaýardy. – Parzdepä dolan.
– Haçan «Bagtdan gandyraryn» diýen günüň dolanaryn...
Gyz oňa ne «söýýän», ne-de «söýemok» diýýärdi. Birsyhly hemle bilen şol öňki sözüni gaýtalaýardy.
– Yzyňa dolan...
Bi söz soňam köp gaýtalandy. Zalymyň gyzyň agzyndan söýgi barada ne nuh çykýardy, ne-de nowwam. Ýigidiň ýüregem hiç zadyň pikirini etmän, hiç bir zada düşünmek islemän gürleýärdi.
Şeýdip olar, iki sany güýçli haýwanyň biri-biriniň güýjüne hormat goýup seredişleri ýaly, biri-birine uzak wagtlap seredişip aýrylyşdylar.
Soň gaýdyp Üpük mergen Parzdepä köwlenmedi. Men ol sähranyň iň bir näzik gülünden çemen baglap geler öýtdüm. Ýöne gelmedi...
Bi Parzdepäniň özi ýaly hasratly söýgüdi...
X X X
Ogullanyň Üpük mergene garaşanyny ýa garaşmanyny bilemok. Men oňa kän garaşyp gezdim. Göwnüme bolmasa ol selin tümmekleriniň aňyrsyndan burnuny görkezäýjek ýalydy. Ýöne görünmedi.
Bir günem Parzdepä şeýle habar ýaýrady. Gaýraky obadan Ogullalara sawçy gelýärmişin. Beýle habar ýalan çykmaýar. Hanha, bu günem ony alyp barýarlar. Meniň Ogulla-da nebsim agyrsa agyrýardy, ýöne Üpük mergene gynanýardym. Atbaşçylaň öňünden çykyp: «Bi biziň Ogullamyz, Parzdepäniň Ogullasy, ony Üpük mergen gowy görýär, ol Parzdepeden çykmaly däldir...» diýip, gygyrasym gelýärdi.
Gygyryp bilmedim, ejizlik etdim. Oňa derek uly ilim bilen möňňürip agladym. Hiç kimiň görmänligine begenip ýene agladym. Bi çagalygymdan saýlanamsoň ilkinji ýola aglaşymdy.
Obaňdan gyz göçürilse, namys edilip toýa barylmaýar. Ýöne men bar gahar-gazabymy goňşy obanyň ýigitlerinden çykarmak üçin toý bolýan ýere ugradym.
Barsam göreş gutaryberen eken. Meni geň galdyran göreşiň bahym dagamagy däl-de, şo ýerde Üpük mergeniňem barlygydy. Olam göreşe gijä galyp gelipdir. Özem gaharly. Meniň bilen çalaja ümleşip salamlaşdy-da, märekä ýüzlenip şeýle diýdi:
– Eňegiňe päki degirenler meň bilen, degirmediklerem ho – ol maňa tarap başyny atdy – bilen bil tutluşsyn...
Ol şeý diýip, kimiň bilegi ýogyn bolsa orta çyksyn diýýän ýaly guşagy biline daňdy. Bi äsgermezçilikli göni haýbatdy. Goňşy obanyň tenini bilýän ýigitleri gobsunyşyp ugrady. Iki-ýeke gözüni alardýanlaram bar.
Meniň agzymy şobat gum garbatdylar. Ýöne Üpük mergeni ýykjak bolsalar entejik hupbat ýuwutmaly boljakdyklaryny bilýärdim.
Oba pälwanlarynyň bary uçdantutma uçugyny aldy. Indi olar Üpük mergene öňki öçli garaýyşlary bilen garaman, gorky gatyşykly hormat bilen seredýärdiler.
– Kimäýit, bi garaýüz!..
– Zalywadyň bil-ä sözen agajyny ellän ýaly...
– Näme diýseňizem bil tutuş-a sagdyn...
Ortarada Üpük mergen doňdurylan heýkel ýaly ýüzüni aşak salyp durdy. Indi onuň garşysyna pälwan tapylanok. Bi ýagdaý toý toýlaýan oba üçin göni namysyň özüdi. Şonuň üçin obaň ýigitleri özlerindenem beter, daşlaryny gallap ogrynça seredişýän gyzlaryň utanýanyndan utanýardylar.
Birdenem märeke serpilen ýaly boldy. Orta täze bir pälwan – öýlenýän ýigit çykdy. Onuň bolşy herseňi. Eşigini ýeňletmän guşaga dyzap barýar. Alkymam ymsynan göherdiň alkymy ýaly, göge garaýar. Men şeýle pikir etdim: «Agşam guşak çözdürmegiň deregine, gapyrgany seýikledäýmeli bolaýmasaň»...
Pälwanlar tutluşdylar. Men hä diýmän giýew boljak ýigit guma garylar öýtdüm. Ýöne ýalňyşan ekenim. Üpük mergeniň seri, göreş bilen däl-de, ak öýüň täriminde. Tärimiň gözeneginden, kürtäniň aşagynda Ogullanyň owadan gözleri ýalbaryjylyk bilen delmuryp göreşe seredýär. Bi garamyk ýaly gözleri Üpük mergenem görendir. Ol gözler – gyz gözleri kürtäniň aşagyndan seretse-de, entek Parzdepäniň gyzynyň gözüdi.
Üpük mergen süňňüni gowşadyp, dyzyny epdi. Men ýalt edip Ogulla seretdim. Göwnüme bolmasa gyzyl kürte silkinýän ýaly...
Şowhun töweregi gaplap aldy. Suwumsyzyň biri ylgap baryp ýeňijiniň goluny galdyrdy.
– Oňardyň...
– Eý, näme bollaý...
– Birden onuň süňňi gowşaýdy...
– Özünden ökdäni görendir...
– Ýok, bir syra bar...
Garaşylmadyk ýeňşe başy aýlanan pälwan turşusyny depesine çykardy. – Ýigit ýigit bolanda, awuny kişä aldyran däldir...
Bi sözi eşiden Üpük mergen, hyrra yzyna öwrülip, garşydaşy bilen ýene billeşdi. Soň nämäň, näme bolanyny hiç kim aňşyrmady. Giýew boljak ýigit, synyny kakyp durşuna müýnli gürledi.
– Bu gezekki emeliňi haladym, ýeser eken...
Üpük mergen janyýangyçly gepledi.
– Ol emel öňki gezegem bardy... Minneti ho kürtäň aşagyndan jyklap duran naçardan çek...
Üpük mergen «gelniňden» diýmedi.
Soň ol ýene bir zat diýdi. Bolsa-da ony hiç kim aňşyrmady:
– Durmuşam, göreş ýaly ýene gaýtalap bolýan bolsady... Indi edäýjegim belli-le.
Bi Üpük mergeniň ökünjidi.
X X X
Şeýdip biz aýrylyşdyk. Hatda ol maňa barmysyňam diýmän, gum depeleriniň arasyndaky inçejik düýe ýodalaryna siňip gitdi. Ýol gyýtaklar bir aýlaw edýärdi-de, ýene gönelýärdi. Meniň oý-pikirlerimem çalaja sudur bolup, barha kiçelip barýan garaja nokadyň yzy bilen barýardy.
Soň ol gaýdyp Parzdepede görünmedi. Indi ony ýatlaýanam, ýatlajak bolýanam ýokdy. Diňe Gülsün eje namazynyň soňunda onuň adyny tutup şeýle diýýärdi:
«Sag-gurgun gezip ýören bolsa bolýa...»
Bir adamsyny ýitiren Parzdepe giňelmegiň deregine gaýtam daralan ýaly boldy. Ogulla gidensoň indi onuň öňki görkem öçügsi ýalydy. Dogrusy, başga-da gyz-çymyr gyt däldi. Ýöne olaryň diňe ady gyzdy. Indi Parzdepe ökde nakgaşyň elinden çykan suraty, ýöne Güne birneme salan surata meňzeýärdi.
Her gün, gerekmejek güni – ýaşasyň gelmeýän güni ýaşamaly bolýan ýaly ýaşamaga başladyk. Hiç zat, has möhüm waka-da ýatda galanokdy. Käteler men bahana bolmasa-da, alaçsyzlykdan sähralyga – Üpük mergeniň erkinligine aşyk bolan sährasyna seredýärdim. Onuň entegem şo bolşudy. Bir seretseň gyz nazary ýaly mylaýym, bir seretseňem, zenanyň hyjuwdan gurşan ýüregi ýaly tupanly.
Şeýdip biz ömrüňe goşasyň gelmeýän günleri başdan geçirip ýördük. Öz gezeginde daň atýardy, öz gezeginde gün aýlanýardy. Ýöne olaryň hijisem Üpük mergenli günler ýaly däldi.
Entegem biz şeýdip, takdyra ten berip ýaşasak ýaşar ýörerdik. Bir günem, bir eýýäm gaty köp ýyllar geçenden soňra. Parzdepäniň gaýrasyndaky gädikden bir gara göründi. Biz ilki ony tanamajak bolduk. Haýsydyr bir ötegçidir öýtdük. Parzdepede näme, düşläp geçýän ötegçi gytmy näme.
Saç-sakgaly çuň ak, çala mydar göwre, göni bize tarap yrgyldap gelýär. Men tisginip gitdim. Bi hakyt biziň güman etmedik Üpük mergenimiziň özüdi. Gülsün eje ony gören badyna ýakasyny tutup, onuň ikinji gary görüp bilmejekdigini aýtdy. Bi söz bada-bat ýüregimde howsala döretdi.
Üpük mergenem dolanyp gelenine begenenem bolsak, ol begenç hasratlydy. Sebäp onuň mysalasy gaty garran ene bürgüdiň uly dünýe bilen hoşlaşmak üçin soňky deminde hekemine gaýdyp gelşini ýatladýardy.
Gaty köp wagtlardan bäri gözümden uçansoň, men onuň ähli hereketlerini synlaýardym. Onuň şo öňki bolşudy. Ýöne öte garrapdyr. Diňe ol, öýüň içindäki haýsydyr bir mährem zady ysgap, gözlerini ýuman pursady şol mahal, ol azajyk ýaşaran ýaly bolýardy.
Soňam o, özüne tanyş bolan zatlaryň ählijesini – bir wagtky aşyk torbasyny, köneje sapanyny, gapysynda gögerip oturan ak sözeni sandyrap duran elleri bilen elleşdirdi. Onuňa bi bolşy öz mähribanlary bilen hoşlaşýan ýalydy. Şol pursat men seretmäge gorkýardym, onuň gaşlarynyň aşagyndaky oýtukda uly damjalar görünýärdi...
Käte-de ol, kör ýaly nazaryny bir nokada dikip, ömrüniň eräp tükenen ýerine – sähralyga seredýärdi. Ol şeýdip öz dünýesine duwlanan pursaty, ertekilerdäki kysmy ajaýyp dünýäni görýän ýaly ýylgyrýardy.
Ol şeýdip birnäçe gün ýaşady. Sähel göwresine erk etdigi, oýundan ýadan çopanyň ýüregi ýaly, asuda dem alýan ümsüm sähra diň salýardy. Soňam, hawa soňam öýüň dulunda süýndi...
Indi diňe Üpük mergeniň ýüzüni görýän diýmeseň başga göwün galkynara zat ýokdy. Käte bolsa ol, heniz görülmedik yza bilen çabalanýardy. Şeýle bolanda ýüregiňde ýangynly nebsi agyrmak döreýär. Şu gün ertirki, Gülsün ejäniň pyşyrdysy ony hasam gopdurdy.
– Ol külbesi bilen hoşlaşmaga gelipdir... Molla ýeňillik çykartmaly...
Üpük mergeniň bolup ýatyşyna dözmesemem, mollanyň kyrk ýasyn okamagyny isleýärdim. Sebäp Kuran çykylsa, gaýdyp hiç haçan Üpük mergeni görmerin...
Molla öwrenişen endigi boýunça kitap agdarmaga başlady:
– Eý, biribar Huda...
Doga uzyndy, onda-da men onuň has uzyn bolmagyny isleýärdim. Sebäp ol, häzirjek okap oturan dogasyny soňlasa... Onsoň...
Molla etmelisini edip gitdi. Ýöne Üpük mergen entegem ne aňryk, ne-de bärikdi. Ol şeýdip, ýene bir aýy kösenip geçirdi.
Adam panydan ötmänkä özüniň iň gowy gününi ýatlaýar diýýärler. Üpük mergen gowy günüm diýip, haýsy güni ýatladyka? Aslynda oňa şeýle gün miýesser etdimikä? Ýaşamak – hasrat çekmek ýaly bir zat dälmikä? Onuň iň gowy güni Ogulla sataşan günümikä? Ýa erkinlikde ýaşan günleri...
Hemme zatdan başy çykýan garry diýip, Parzdepäniň gaýra çüňkünde ýalňyz ýaşaýan Jüýten kempiri alyp geldik. Kempir Üpük mergeniň haýy giden mysalasyny görüp, dermanyny salgy berdi.
– Ýürekde agyr dert ýatyr, ony diňe yssy söz köşedip biler, başga hiç zat... Şol söz ony ýa bäri bakdyr ýa-da... Ony dünýeden gidirmän saklaýan, gursagynyň nämedir bir zatdan närazylygy...
Jüýten garry gaty uzaklary tozadýardy. Üpük mergeniň gursagynda nähili heseriň berçigip ýatandygyny kim bilmese-de, Gülsün eje ikimiz bilýärdik. Şonuň üçin Gülsün eje Ogulla aýtmaly sözleriň barysyny agzyna salyp, jikme-jik düşündirdi.
– Sen oňa aýt, gelip Üpük mergen bilen hoşlaşsyn... Öňde-soňda, ýüreginde sähelçe bir zat dörän bolsa, ony gysganmasyn... Ol dünýeden gidip bilmän kösenip ýatyr diý...
Gülsün eje hem-ä şu sözleri aýdýardy hemem maňa görkezmejek bolup, gyňajynyň çowy bilen gözlerini süpürýärdi.
Rehimsiz wagt Ogulla-da öz möhürini basan eken. Meniň bada-bat gözümiň eglenen zady, gyňajyň aşagyndan çykyp duran çuw ak zülplerdi. On iki synada ýalňyz saklanan – garamyk ýaly dideler. Ýöne onuňam töweregi gasyn baglapdyr.
Ogullany wagtyndan ir garradan ýanýoldaşynyň wagtyndan ir gidenligimikä? Ýa-da Üpük mergenden jyda düşüren tekepbir söýgüsi...
Ogulla meni üns bilen diňledi. Göwnüme bolmasa ol çalaja hamsygýanam ýaly... Biz sesimizi çykarman Parzdepä – bir wagtlar Ogullanyň gyz gülküsi bilen bezän Parzdepä paý-pyýada gidip barýarys. Ýol uzak, ýatlamalar ondanam uzak...
Üpük mergendir Ogulla ýaly Parzdepede garrapdyr. Adam onuň içinde gezip ýörkä bilmez eken. Sähel daşlaşdygyň gözüňe yssy görünýär hemem nebsiňi agyrdýar.
Güne agarmakdan ýaňa süňke dönen çarh – guýynyň çarhy henizem öz gamgyn heňi bilen teşneligiňi gandyrmaga çagyrýar...
Üpük mergeniň gapysyndaky ak sözen, entegem öz mähriban dilinde gepleýär...
Bir döwürler ho-ol ýerde, öçügsilenip ýanýan oduň yşgynda, dünýede iň eziz bolan adam garaşardy...
Ogulla-da hiç zat geplemän hasratly dymýar. Onuňam Parzdepä nebsi agyrýandyr. Ýatlamalar arzuwa öwrülende köplenç şeýle bolýar...
X X X
– Ýigit, ýigit bolanda düşekde ýatmaly däldir. Mergen sen ýigitleriň seresidiň... Beýdip ýatmak saňa gelişmeýär...
Ogulla sözi şondan başlady. Bi söz ýene Üpük mergeniň däl, meniňem ýüregimi sarsdyrdy.
– Sen hakyndaky süýji pikirlerim, kalbymyň iň bir gizlin ýerinde ýatyr... Käte men ony özümdenem gysganýaryn... Onuň şeýle ezizdigini başymyň bogulan gününiň ertesi bildim... Arman indi giçdi...
Hamala şeýle söze garaşyp ýatan ýaly, demsiz-üýnsüz ýatan syrkaw çalaja iňledi. Soňam bir zatlar diýjek bolup dodaklaryny müňküldetdi. Men Ogulla naçarlygyny edip, bozular öýtdüm. Ýöne ol aglamady. Oňa derek men agladym, özem kän agladym. Neneň aglamaýyn. O dünýäniň gapysyny kakan adamyň, golundan tutup, ýene ýagty jahana alnyp gelinse. Eger dünýede gudrat diýlen söz bar bolsa, gudratyň özem bolmaly. Bi gudratdy, özem toslanyp tapylan gudrat däldi-de, çyn gudratyň özüdi.
Bir söz, ýekeje söz, gyz ýüreginiň sözi ýetip gelen ajaly saklady. Meniň göwnüme şol gün, dünýedäki gapy kakýan ajallaryň bary saklanan ýalydy. Men zenan arzuwynyň dünýäni saklaýandygy hakynda eşidipdim. Bu gün gyz sözüniň – ýürekden gaýdýan sözüň ajaly saklandygyny öz gözlerim bilen gördüm. Gurrasy duşsa, ç aýkanyp duran dünýede ajaly saklap bilýän güýjem bar eken.
Üpük mergen bäri bakmak bilendi. Ogulla-da haçan eýýämlerden bäri, kalbynyň bir ýerlerinde uklap ýatan, owunjak närseleri ýadyňa salyp, olary süýjülik bilen sypalap oýarýardy.
– Ýadyňa düşýärmi mergen, şo-ol ilkinji ýola guýynyň başynda sataşanymyz. Şonda asmanda bürgüt guş uçup ýördi. Şeýle mert haýwanyň iýjek höregini kösenip tapmaly bolýanyna seniň nebsiň agyrypdy...
Ogulla pyşyrdap gürleýärdi. Ol şeýdip gürsele, ýaňy saçy örüme gelen döwründäki gyz ýüreginiň sesini eşidýän ýaly bolýardy. O sözleri biperwaý diňlemek asla mümkin däldi.
Bir gezek Üpük mergen şeýle sözlerden soň, şeý diýdi. Bi onuň syrkaw ýatanyndan bäri, ilkinji ýola söz açyşydy.
– Şeýle sözlerden soň, dünýe bilen hoşlaşmagam beýle bir gorkunç däl ýaly bolup görünýär...
Men şol gün Üpük mergeniň entejikler ýaşajakdygyny, şeýle zenany dünýede ýeke galdyryp gidip bilmejekdigini bildim.
Üpük mergen mazaly aýak üstüne galdy. Ýöne şeýle uzak syrkaw ýatandygyna garamazdan, henizem öz derdini – erkin ýaşamak arzuwyny unutmandyr. Adamyň sag aýagy ýoldan çyksa, çep aýagyny saklamak kyn bolýan borly.
Erkinlige kalbyny baglan Üpük mergen, obamyzyň tukat durmuşyny hemem Parzdepede tapylan söýgüniň hasratly ýatlamasyny bize galdyryp, ýene sähralyga siňdi. Bi Ogullanyň giden gününiň agşamsy bolupdy.
Ertesi Ogulla ýene geldi. Ol Üpük mergeniň erkin ýaşaýşa gidenini birjigem geňlemän, onuň ak çägeleriň ýüzünde galdyryp giden aýak yzlaryny yzarlap olam gitdi.
Soň men gaýdyp, olary görmedim. Ýöne çopanlar, durnalaryň dolanýan mahaly, alysda iki sany garry görünýär, olar näme üçindir öz syryny aýawly saklap pugta dymýan Parzdepä garşy-garşy seredýär diýýärler.
Öwezmyrat ÝERBENDI.

Комментариев нет
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.