Awgust Landmesser: nasistleriň salamynda elini galdyrmakdan ýüz öwren adamyň hekaýasy.

Siziň köpüňiz internet sahypasynda 1936-njy ýyldaky nasistleriň salamynda elini galdyrmakdan boýun gaçyryp, ellerini atanak şeklinde ýapyp duran işgäriň suratyna gabat gelen bolsaňyz gerek. Şu gün size şol işgäriň, Awgust Landmesseriň hekaýasyny gürrüň bereýin.
1936-njy ýylyň tomsunda Gamburgda “Blohm+Voss” gämi abatlaýyş kärhanasyndaky iň soňky ýelkenli gäminiň suwa göýberiş dabarasy bolup geçýär. 295 metrlik harby-deňiz tälim beriji gämisi 1930-njy ýylda Germaniýanyň Kommunistik partiýasynyň agzasy tarapyndan şahsy dawa wagtynda öldürilen nasist aktiwisti Horst Wessel adyny göterýär. Wesseliň ölümi ýokary derejede syýasatlaşdyrylýar we faşist propagandasy tarapyndan “hakyky şehit” diýip yglan edilýär. Gäminiň suwa göýbermek dabarasyna Adolf Gitler hem gatnaşýar. Wesseliň ejesi däp boýunça täze gämide bir şampan çüýşesini döwenden soň, şol dabara ýygnanan adamlar Horst Wessele raýdaşlyk üçin nasist salamyny berýärler. Ellerini döşüniň üstünde atanak şeklinde ýapyp, diňe bir adam bu çärä goşulmaýar. Ol adamyň ady: Awgust Landmesser.
Şol wagt Awgust Landmesser 26 ýaşynda. Ol 1931-nji ýylda iş tapmak umydy bilen nasistler partiýasyna girýär, ýöne 4 ýyl soňra ýewreý aýal Irma Ekler bilen durmuş gurmagy sebäpli NSDAP-dan çykarylýar.
1935-nji ýylda olaryň gyzy Ingrid dünýä inýär. 1937-nji ýylda Daniýa göçmäne synanyşanlarynda tutulýarlar we ilkibaşda aklansalarda soňra Awgust nesili hapalamakda aýyplanyp tussag edilýär hem-de Börgermoor lagerine iberilýär.
Irma türmede ikinji gyzyny Irenany dünýä getirýär. Irmany birnäçe gezek ol lagerden beýleki lagera geçirýärler we soňra 1942-nji ýylyň başynda Bernburgdaky müňlerçe tussaglar bilen birlikde öldürilýär.
Awgust Börgermoor lagerinde 2.5 ýyl agyr zähmet çekip boşap gelýär we 2 ýyl transport kompaniýasynda işleýär, şondan soňam jeza batalýonyna gulluga çagyrylýar. Awgust Landmesser 1944-nji ýylda Horwatiýada bolan söweşde wepat bolýar.
Ingrid bilen Irena ýetimler öýüne düşýärler we soňra biri-birinden aýrylyşmana mejbur bolýarlar. Ingridi mamasy öz gol astyna alsa, Irena başga maşgala çagalyk edip berilýär. Iki gyz hem uruşdan aman gutulýarlar.
Uruşdan soň “Horst Wessel” ýelkenli gämisi ABŞ kenarýaka goragçylygyna geçirilýär we ady “Bürgüt” diýip üýtgedilýär.

14комментариев
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.