Ýaşagyn

Gözlen oýnamasyn sakla erkini
Din-imana bagla ýürek örküni
Elwan bägüllerden ajap görküni
Ýaman gözlülerden gorap ýaşagyn.

Dost diýip duşmana baglaýma bili
Musulman gyzysyn ýitirme dini
Öljegni bilsende allama ili
Diňe hakykaty sözläp ýaşagyn.

Bir gün gyz başyňa atarlar kürte
Şol gün gyz bolsanda gelinsiň erte
Süýjülik suwuny ýüzüne sürtde
Bagty bir nikadan gözläp ýaşagyn.

Internet sahypasyndan
3 лайков 118 просмотров
7комментариев
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Senyorita.
30 май 2022, 11:11
2-nji kupletini has gowy görýän şu goşgyň. Awtory kimkä?!
Senyorita.
30 май 2022, 11:16
Heýý. Men beýtmek islemändim. Şu internet bara aysenembir
Öwreniji
30 май 2022, 11:35
senyorita.
Heýý. Men beýtmek islemändim. Şu internet bara aysenembir

Radioda aýdylan ýaly boldy, gaty soranjaň ekeniň, sorap soňam internedi günäkärleýäň
Senyorita.
30 май 2022, 11:54
Remezan,
Men çyndanam beýtmek islemändim-ä. Gidenok diýip ýene basaýdym welin...
Öwreniji
30 май 2022, 13:24
Goşgy gowy eken like
ýüreksözi
Автор 30 май 2022, 13:33
senyorita.,
awtoryny bilemok internetde okapdym menem
ýüreksözi
Автор 30 май 2022, 13:33
Remezan,
sag bol