Alysda galan çagalygym

Hany görkez akja dişin
Jykyr- jykyr gül çagajyk
Aýt, bilýänje sözlerini
Biten bolsa dil çagajyk

diýip ýaňlanýan aýdym meni uzaklarda alyslarda galan çagalyk ýyllarma lyp gitdi. Çagalyk ýyllary megerem ynsan durmuşynyň "Ömür" atly kitabyny açanda, hiç haçan unudylmajak iň bagtyýar pursatlary özünde jemleýän sahypa bolsa gerek. Onda-da obada geçen çagalyk diýsene?! Depeden-depä gyzjagazlar oglanjyklar bolup ürgün çägäniň üstünde aýakýalaňaç ylgap oýnan günlerin. Ejeň tamdyrdan çykaran gyzgynja mele-myssyk çöregne suw sepelär-de eline tutdyrar. Hezil edip ejeen mähri siňen çöregi işdämenlik bilen iýersin-de ýene oýnamaga gidersiň.
Çagalyk ýyllarynyň " Gözdandysy" diýjekmi, "Gizlenpeçegi" diýjekmi bar oýunlary gyzykly. Ýöne wagt diýeniň ýyldyrym çaltlygynda geçýär eken. Ýany-ýaňy hem çagajykdyk... Mekdepde "Jüýjeler" tansyny oýnanymyz ýaňy dälmidi?! Seredip otursam, çagalyk bilen bireýýäm hoşlaşyp uly adam bolupdyrys. Indi öňümde oturan garagöz çagalara mugallym bolup bilim berýärin. Bir mahallar özüm "Jüýjeler" tansyny eden bolsam guraýan çärelerimde öz okuwçylarym "Jüýjeler" tansyny oýnaýarlar. Olaryn hereketinde men öz çagalygym görýärin mylaýym owazlarynda geçiren çagalygymy, joralarmy ýatlaýaryn.
Çagalygyň dünýäsi gör nahili ajaýyp hezil! Goý her bir agzybir ojakda çaga gülkisi ýanlansyn! Hemem şahyr Gurbannazar Ezizowyn aýdyşy ýaly:

Söýüň çaganyzy!
Söýmekden arman
Säherler oýanyp öpün bir salym
Eline tutdyryp ullakan alma,
Pata berip uzak ýollara salyn!
4 лайков 223 просмотров
Комментариев нет
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.