BMG-sy duýdurýar
BMG-sy duýdurýar:
Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretary Antonio Guterresiň pikiriçe, Russiýanyň Ukraina çozmagy ýakyn ýyllarda global azyk krizisine sebäp bolup biler.
Resmi işgäriň aýtmagyna görä: urşuň koronowirus pandemiýasynyň soňusyra başlamasy esasynda onlarça million adamlar azyk howpsuzlygy howpuna sezewar bolar we iýmitlenmezlik hem-de köpçülikleýin açlykdan ejir çeker.
Bu zatlar geň däl, sebäbi iki döwletiň, Russiýanyň we Ukrainanyň boýnuna dünýädäki galla üpjünçiliginiň 30% düşýär. Uruşdan öň Ukrainany “dünýäniň çöregi” diýip atlandyrmalaram ýöne-möne ýere däl. Onuň portlaryndan aýda 4.5 million tonna oba hojalyk önümleri geçýärdi.
Şeýle-de bolsa Russiýanyň Ukrain topragyna çozmagy esasynda ýurtdan çykarylýan azyk önümler eksporty pese gaçdy we dünýä azyk bazaryndaky bahalar ýokarlandy. Bu wakanyň yzysüre Hindistanyň bugdaýy eksport etmegi gadagan etmesi bahalary asmana uçurdy.
BMG-nyň habaryna görä, şu gün Ukrainanyň ammarlarynda geçen ýylky hasyldan takmynan 20 million tonna däne saklanýar. Eger-de şol däneleri daşary çykarmak miýesser etse, onda bütindünýä azyk bazaryna edilýän basyşlary ýeňletmek başardar diýip gurama çaklaýar.
Şu wagt Guterres Ukrainadan galla önümlerini alyp çykmak üçin Russiýa bilen gürrüňdeşlige başlandyklaryny we bu tutumy üçin Russiýany ukrain portlaryny baglamazlygyna çagyrdy. Oň ýerinede Moskwadan käbir sanksiýalaryň aýrylmagyna kömek etjekdigini söz berdi. Russiýa hem jogap hökmünde hiç zada päsgelçilik döretmeýänini aýtdy. Şeýle-de bolsa gepleşikleriň jikme-jiklikleri entek resmi taýdan aýan edilmedi.
Gara deňziniň üsti bilen ýönekeý hem kyn ýol.
“Odessanyň portlaryny açmak Ukrainany ýarag bilen üpjün etmek üçinem möhümdir.”
Şeýle pikiri “The Economist” gazetine beren interwýusynda Ukrainanyň iň uly transport terminallarynyň hususy operatorynyň eýesi Andreý Stawnitser aýtdy. Ýene-de onuň sözlerine görä ukrainanyň galla ammarlary häzirki wagtda dolyrylan we öňmüzdäki galla möwsüminiň hasylyny saklamana ýeterlik ýerleri ýok.
Ol “Eger-de biz gallany saklara ýer tapmasak, olar çüýräp başlar” diýýär.
Ýewropa bileleşigi galla önümlerini ukrainadan daşara çykarmak üçin alternatiw demirýol we gara ýollaryň ugurlaryny giňeltmäge synanyşýar. Ýöne olar diňe az sanly ukrain önümlerini eksport etmäge kömek edip biler.
Ukrain gallasyny deňiz üsti bilen çykarmaly. Ýöne nädip? Käbir hünärmenler Odessanyň portundan ýakyndaky portlara gallany çykarmak üçin harby deňiz kerwenlerini gurnamaly diýen ideýany öňe sürýärler. NATO-nyň ýokary bileleşiginiň öňki serkerdesi Jeýms Stawridis 1980-nji ýyllaryň Eýran-Yrak söweşinde Pars aýlagynda nebit tankerlerini goramak üçin ABŞ-nyň we onuň ýaranlarynyň alyp baran işinden görelde almagy teklip etdi. Ortaýer deňzininde NATO güýçleriniň öňki serkerdesi Jeýms Foggo şeýle paraleli çyzmaklyk uly ýalňyşlyk boljakdygyna ynanýanlygyny aýtdy. Ol tapawudy şunda görýär: “Ol wagtlar Eýran ýadro kuwwatly ýurt däldi, Russiýa bolsa beýle güýje eýe. Russiýanyň harby kuwwaty ol wagtky Eýranyň harby kuwwatyndan agdyklyk edýär bu bolsa beýle operasiýa gurnamaklygy uly riske atýar” diýýär. “The Economist” gazetiniň habar bermegine görä Gara deňizdäki harby galla kerwenleri gurnamak ideýasy diňe bir harby däl, eýsem kanuny we syýasy çäklendirmeler bilen hem ýüzbe-ýüz garşylaşyp biler diýip çaklaýar. Tä ruslaryň antiflotyndan başlap. Russiýa wagtlaýyn basyp alnan Krymyň çäginde uçarlara, gämä garşy we ýene-de elektron söweş ulgamlarynyň ýüzlerçesini jemledi. Oň üstüne onuň deňiz güýçleriniň howpuny hem ýatdan çykaryp bolmaz. Hünärmenleriň pikiriçe Russiýa kerwenlere çozmakdan ýüz öwürse-de, portdaky gämiler goragsyz galar. Ýene-de Russiýanyň desant hüjüminiň öňüni almak üçin Ukraina kener ýaka suwlaryny minalady. Russiýada Gara deňizde öz minalaryny ýerleşdirdi. Elbetde bularyň hemmesini arassalamak mümkin, ýöne soň basypalyjylara Odessa şäherine aňsat ýol açmak howpyny hem ýatdan çykarmaly däldir. Deňiz gämi kerwenlerini gurnamaklygy synanyşmak köp päsgelçilikler bilen ýüzbe-ýüz etýär. Şeýle-de halkara basyşlar Russiýany bu ugurda bir eglişige iterip biler diýen umyt diýseň gowşak. Günbatar diplomatlarynyň aýtmagyna görä: Ukrain portlaryny iň azyndan geljek 6 aýyň dowamynda işe girizmeklik mümkin däl.
Global kirzisiň sebäpleri we ony ýeňip geçmek.
Durnukly iýmit ulgamlary boýunça halkara guramalarynyň täze hasabatynda belleýşi ýaly, azyk ulgam sistemasyny özgertmezlik we Ukrainadaky söweş sebäpli azyk howpsuzlygy ýokarlandy.
Nebitiň bahasynyň ýokarlanmagy we koronawirus pandemiýasynyň netijesi hökmünde ilkinji rus tanky Ukrainanyň serhedinden geçmänkäde azyk önümleriniň bahasy artyp ugrapdy.
Hünärmenler 2020-nji ýylda 811 million adamyň hroniki taýdan ýeterlik derejede iýmitlenmeýändigini we FAO modellerine görä söweş sebäpli ýeterlik iýmitlenmeýänleriň sanyny ýene 13 million artjakdygy bellenilýär.
Hünärmenler dünýä azyk howpsuzlygynyň kart öýlerini ýada salýanyny we ýekeje kart aýrylsa öýüň ýykylyp biljekdigini ýatlatýarlar.
Näme etmeli?
Hünärmenler topary dünýä jemgyýetçiligini gyssagly çäre görmäne çagyrýar:
- ykdysadyýeti taýdan ejiz ýurtlara maliýe kömegini bermegi we karz sistemasynda ýeňillikleri döretmekligi;
- haryt bahalaryny çakdanaşa oýnamaklaryny duruzmak we bazar aç-açanlygyny ýokarlandyrmak;
- sebit däne ätiýaçlyklaryny emele getirmek;
- azyk önümçiligini diwersifikasiýa etmek we söwda akymlaryny üýtgedip gurmak;
- bio-ýangyjy ulanmaklygy, maldarçylykda we azyk önümçiliginde, dökünlerde gazylyp alynýan energiýa bolan garaşlylygy azaltmak;
Netije
Hünärmenler azyk krizisiniň öňüni almak üçin dürli çözgütleri hödürleýärler. Olar hödürleýän çözgütlerini riskleriň agramyna görä sazlamana çalyşýalar. Riskler bolsa örän köp. Bir zat welin anyk: eger-de rus agressiýasy gysga wagtda bes edilmese, gysga möhletleýin çözgüt çäreleri azyk krizisini birbada togtatsada geljek ýyllardan halas edip bilmez.

13комментариев
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.