Şöhratyň almasy
Ýaş ýigit elinde gyrmyzy, ter almany saklap durdy.
- Ony iý! - diýip, Ruh aýtdy. - Ol durmuşyň almasydyr.
-Durmuşyň almasyny iýmäge wagt taparyn. Maňa şöhrat, baýlyk
gazanmak gerek.
- Onda ýör, gideli, yzyma düş. Men saňa şöhratyň almasyny görkezeýin -
diýip, Ruh aýtdy Olar dag ýodalaryndan ýöräp başladylar. Çarkandakly dag
ýodalarynda ýokaryk galmak olara ýeňil düşmedi. Emma olar ýuwaş-
ýuwaşdan öňe sary ädimläp barýardylar. Ýakyp-ýandyryp barýan Günem,
öl-myžžyk eden ýagyş-da onuň maksadyna ýetmegine böwet bolup
bilmedi. Şol gidip baryşlaryna ýigit wagtyň nähili geçenini-de bilmedi. Olar
baryljak ýere ýetýänçäler ýigidiň saçlary çalardy, gollarynyň güýji gaçdy.
Ahyrsoňy bir belentlige ýetdiler.
- Ine, gelmeli ýerimize-de gelip ýetdik - diýip, Ruh dillendi. Birwagtky ýigit
kanagatlanma bilen uludan dem aldy:
- Hany onda maňa şöhratyň almasyny ber-dä.
Ruh oňa togalak, gyrmyzy, ajaýyp almany uzatdy. Saçy çalaran birwagtky
ýigit almany höwes bilen eline alyp, oňa işdämenlik bilen agyz urdy.
Haçan-da almanyň içiniň çüýrükdigine göz ýetirende ol soragly nazaryny
Ruha dikdi:
- Bu näme?
Sen geňirgenme. Sen ony şol wagt iýmelidiň. Her zat öz wagtynda ýagşy -
diýip, ol jogap berdi.

1комментарий
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.