Türkmenistana maýmyn keselini anyklaýyş testleri gowşurylar

Dünýäniň dürli döwletlerinde maýmyn mamasynyň hasaba alynmagy bilen baglylykda, Russiýa Federasiýasynyň Sarp edijileriň hukuklaryny goramak we adamyň abadançylygy babatda gözegçilik boýunça federal gullugy (Роспотребнадзор) Türkmenistana anyklaýyş testlerini gowşurar.

ТАСС habarlar agentliginiň berýän habaryna görä, bu barada agzalan Federal gullugynyň ýolbaşçysy Anna Popowa bilen Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministri Nurmuhammet Amannepesowyň duşuşygynda aýdyldy. Maýmyn mamasy keselini anyklamaga niýetlenen testler «Вектор» ylmy merkezinde öndürilendir. Şeýle-de hünärmenlere maslahat beriş hyzmatlary ýerine ýetiriler.
2 лайков 105 просмотров
Комментариев нет
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.