Bu nä boluş?! Indem bu kesel üçin maska diýäýseler bolýaram...

SYÝAHATÇYLYK WE SAGLYK
Maýmyn mama keseli 93 ýurtda hasaba alyndy
2022-08-18
1

Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy maýmyn mama keseliniň ýaýramagynyň çaltlaşandygyny we hepdelik keseliň sanynyň dünýäde 20 göterim ýokarlandygyny mälim etdi.

Guramanyň berýän maglumatyna görä, soňky bir hepdede 7 müň 500 sany täze wakanyň ýüze çykandygyny we bu kesel bilen kesellänleriň sany 36 müň 412-ä deň boldy.

BSGG-nyň baş direktory Dr. Tedros Adhanom Gebreýesus guramanyň Ženewadaky ştab-kwartirasynda geçirilen metbugat ýygnagynda eden çykyşynda maýmyn mama keseli bilen baglanyşykly soňky wakalara baha berdi.

Gebreýesus ýylyň başyndan bäri 93 ýurtda maýmyn mama keseliniň ýüze çykandygyny belläp, 16-njy awgustda umumy sanynyň 36 müň 412 bolandygyny we wirus sebäpli 12 adamyň aradan çykandygyny mälim etdi.

Ol bu keseliň soňky hepdede giňden ýaýrandygyny belläp, hepdelik kesellänleriň sany 20 göterim artandygyny belledi.

Gebreýesus maýmyn mama keseline garşy mama keseliniň sanjymlarynyň täsirli bolup biljekdigini belledi.
6 лайков 456 просмотров
37комментариев
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Haydar
Автор 25 авг 2022, 05:59
Soho
25 авг 2022, 06:43
keselin adynam yorite pikirlenip dakyamykalar:ay (shon uchinem biri aylyk alyan bolaysa :-/)
Suleyman
25 авг 2022, 08:42
BSGG-nyň öz işi ol (borjy).
Duýdurýar, habar berýär, ägä edýär, statistika berýär we olardanam statistika alýar, maslahat berýär, öz paýyna düşýän kömegi berýär.

COVID19 gelende hem, bular ýaly panikalar bardy. Barybir millionlap adamlar öldi.

Edil bu kesel kowid ýaly ýokançly dälmikä diýýän. Kowid - kowidly adamyň gapdalyndan geçip gitseňem ýokuşýardy.
#B.S
25 авг 2022, 08:58
Ozalam havar vershimiz yaly bu hem aslynda bolmadyk vir keseldir
Maksat
25 авг 2022, 09:58
Wirus zat bizden gorkýara, ýüzärligimiz bar tütederis...
Haydar
Автор 25 авг 2022, 10:31
Khanture
Ozalam havar vershimiz yaly bu hem aslynda bolmadyk vir keseldir

Şol Ýalan wirusyň ýylnamalary diýen mowzugyňy ýene paýlaşsana, google-de ýitipdirä.
Haydar
Автор 25 авг 2022, 10:38
Bayker
Wirus zat bizden gorkýara, ýüzärligimiz bar tütederis...

Bellik: Üzärlik.
)))
Hiayress
25 авг 2022, 10:39
Geljegiňize hoş geldiňiz. :)
Haydar
Автор 25 авг 2022, 10:41
Soho
keselin adynam yorite pikirlenip dakyamykalar:ay (shon uchinem biri aylyk alyan bolaysa :-/)

Kesellere at dakýan bilen çaý süzüp söhbet edesiň gelýämi)))
Haydar
Автор 25 авг 2022, 10:45
Hiayress,
Indi geljegimiz mydama şeýle bolarmyka?!
Hiayress
25 авг 2022, 11:02
Haýdarofff,
2050-ä çenlä şeýle bolar diýip çaklanýar. Sebäp ýer ýüzüniň ilaty ýyl saýyn artyp barýar we häzirki ösüşde artmagyny dowam etse 2050-nji ýyla çenli 11~12 mlrd töweregi adam bolar diýip garaşylýar. Bu bolsa diňe bir ekosistema uly howp salman (dünýäniň häzirki dolandyrylyşynda), dünýäde ýeter-ýetmezçilik sebäpli dolandyryp bolmajak haus dörär we belki-de bu haus ýeriň tepbedini okar diýip käbir spesialistler çaklaýar we dürli ýokanç keseller arkaly ýer ýüzüniň ilat sanyny belli bir araçäklikde saklamana çalyşýarlar. Ýogsa ýyl-ýyldan täze-täze ýokanç keseller näme üçin döreýändir öýdýäň?! Adamlaryň bakteriologiýa, wirusologiýa, genetika gowy özleşdirenleri üçin.
#B.S
25 авг 2022, 11:06
Haýdarofff,
Aslynda dunyanin ilaty 500 milliondan kop dal milliardada yetenok yer yuzunin ilaty hytayda o,i yuz million adam bar bize ilat baradada yalan sozleyaler wiruslar aslynda goyunlary yagny bizi yatakda saklamak ucin gerek.
Aydan mowzugymy tapamok
#B.S
25 авг 2022, 11:07
Haýdarofff,
Bizin ilatymyzyn ozi iki milyona zordan yetya
Hiayress
25 авг 2022, 11:16
Khanture,
Gel sanaly:
Hytaýda - 100 million.
Hindistanda näçe?!
Amerika näçe?!
Indoneziýada näçe?!
Päkistanda näçe?!
Brazilýada näçe?!
Nigeriýada näçe?!
Bangladeşda näçe?!
Rossiýada?!
Meksikada?!
Ýaponiýada?!
Efiopiýada?!
Flippinde?!
Müsürde?!
Kongoda?!
Weýtnamda?!
Eýranda?!
Türkiýede?!
Germaniýada?!
Taýilanda?!
Fransiýada?!
Angliýada?!
Tanzaniýada?!
Günorta Afrika Respublikasynda?!
Italýada?!

Ýene-de şular 175 döwletde. Ýanlaryna sanlaryny ýazsana göreli näçe çykýar. Iň gyzykly ýerem Türkmenistanda adam ýaşaýarmyka şony bilesim geldi.
Hiayress
25 авг 2022, 11:20
Khanture,
Bizdäki bluçlar iki milliona ýetip gelýälaý. Sen bolsa intäk blujyň kimdigini hem bilýän dälsiň.
Maksat
25 авг 2022, 11:28
Hiayress,
@Khanture sanamaga gitdi öýdýän:).
Khanture
Haýdarofff,
Bizin ilatymyzyn ozi iki milyona zordan yetya

Beterinden beterini tapýañaý inim. Iki milyon gaty azlaý menä on milyona golaylandyrys öýdüp ýördüm.
My life
25 авг 2022, 11:36
Bluclarybir agzamaña.
Hiayress
25 авг 2022, 11:37
My life,
Öňki söýgüliň ýada düşýärmi?! :D
Haydar
Автор 25 авг 2022, 12:11
Hiayress
My life,
Öňki söýgüliň ýada düşýärmi?! :D

:D
Kerbaba
25 авг 2022, 12:15
Hiayress
Khanture,
Bizdäki bluçlar iki milliona ýetip gelýälaý. Sen bolsa intäk blujyň kimdigini hem bilýän dälsiň.

Булучлар дине Байрамалы,Гарагум, Туркмепгала , Елотен, С-абат этрапларында яшаяр. Шол этрапларда ики миллион бардырмы?( инже биялср?)
Hiayress
25 авг 2022, 12:20
kwadrat kelle,
Serhetabat, Tagtabazar, Baýramaly, Garagum, Ýolöten, Türkmengala, Murgap we beýleki etraplarda-da az-az bar. 2017-nji (ýa-da 16) ýylda bluçlar sanymyz milliondan geçdi diýip uly sadaka berdiler. Iki ýoklaý, ýöne million töweregi bardyr. Million bolan bolsalar ertirem (2030-njy ýylda) iki million bolduklary borda. Köpelilerine özüňiz beletsiňizlaý. :)
Shahan
25 авг 2022, 15:06
Khanture,
aslynda dunyanin ilaty 5 mln kop dal? oyan oyan indi senem, ocurin sun vpnini
#B.S
25 авг 2022, 15:09
Audit1,
5 mln diyemok 500 mln
menembiri
25 авг 2022, 15:55
Khanture, adamlaryň içini ýakmaga dowam etýär...)))
#B.S
25 авг 2022, 16:03
menembiri,
No problemo
Goklors
25 авг 2022, 17:05
@Khanture hakykatdan-da kelläňizde problema bar.
#B.S
25 авг 2022, 17:17
Goklors
@Khanture hakykatdan-da kelläňizde problema bar.

Problema kellede bolsa hic durmushymda bolmasa boldy :)
Goklors
25 авг 2022, 17:25
@Khanture ýer tekiz, kosmos suw, planetada adam az. Nirden alýaň sulary?
#B.S
25 авг 2022, 17:28
Goklors,
Dini ýazgylardan :)
#B.S
25 авг 2022, 17:35
Goklors,
Biz Dünýä barada bize öwredilenden artyk hiç zat bilemizok...
The Truman show (1998) filminden...