Maýmyn mama keseli 70 ýurtda ýüze çykdy

Tutuş dünýäde 70-den gowrak ýurtda 14 müňe golaý maýmyn mama keseli hasaba alyndy. Bu barada Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň ýolbaşçysy Tedros Adhanom Gebreýesus metbugat ýygnagynda mälim etdi.

– Maýmyn mama keseli barada aýdylanda, BSGG 70-den gowrak ýurtda 14 müňe golaý wirus wakasy hasaba alnandygy bellenildi. Häzirki wagtda bu keselden 5 adam ýogaldy we olaryň ählisi Afrikada yklymyndandyr – diýip, Gebreýesus belledi.

BSGG-niň ýolbaşçysynyň bellemegine görä, Ýewropa sebitinde ep-esli maýmyn mama keseli hasaba alyndy. Bu keseliň agramly bölegi erkeklerde duş gelýändigini belläp geçdi.

Gebreýesusyň bellemegine görä, 21-nji iýulda BSSG-niň Halkara lukmançylyk-sanitar kadalary boýunça adatdan daşary komitetiň ýygnagy geçirilip, şol ýygnakda maýmyn mama keseli babatda adatdan daşary ýagdaýlaryň göz öňünde tutulyp-tutulmajakdygy barada degişli çözgütler kabul ediler.

Maýmyn mama keseli – seýrek duş gelýän wirus ýokanjydyr. Esasan hem, ol Afrika yklymynda ýüze çykýar. Keseliň alamatlaryna gyzzyrma, myşsa agyrylary, sowuklama, limfa düwünleri çişmek ýaly alamatlar degişlidir. Adamlaryň köpüsi birnäçe hepdäniň içinde sagalýarlar, ýöne käbirleri kynçylyklara duçar bolup bilerler.
4 лайков 224 просмотров
5комментариев
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Hiayress
26 июл 2022, 17:20
Wirusyňam täze-täze görnüşleri telefonyň täze görnüşleri ýaly her aý birnäçe çykýar öýdýän. Nähili ýol bilen ýaýraýarka?!
Suleyman
26 июл 2022, 17:30
Şu wiruslar gelmänkäde, biziň aramyzda müň dürli wirus ýaşap ýördi. Ýöne olar ýokançly däldi.
.Resul.
26 июл 2022, 17:39
Hiayress,
Ilki tanyşdyrylyş,reklama soñra halk köpçüligine
Jeni
26 июл 2022, 17:45
Awgustyn 1 den karantin edilipdir diyyaler shun un mika
Goklors
26 июл 2022, 21:23
Özleri wirus ýasasyn, soň derman reklama etsin. Haram kaptalistler