Üstünlikli geljegin açary öz elimizde.
Ömür nähili gysga ýaňy ýalydy gujagynda jägildäp ýatanym, kakamy hemmeden güýçli supermen hasaplaýanym, özüm çaga welin özümden kiçi sallançakda ýatan jigime "aglama" diýip öz iýýäm almamdan berişim. Ýaňy ýalydy günde "gitmäýindä" diýip ýalbaryp ýenede ejemiň elinden tutup çagalar bagyna gidişim, kakam işden gelende ýaňy dil biten çaga bolsamam "Kaka mana näme getirdin" soraýşym. Ýany ýalydy "Eý mekdebim jana-jan" diýip ak mekdebe gidişim. Ine bu gün welin şol mekdepde şatlykly, gaýgyly, dawaly 11 ýylymyz geçip gitdi. Hiç gutarmajak ýaly okalan bu 11 ýyl hem suw ýaly akyp gitdi. Indi bize täze durmuş garaşýar. Biz indi öz geljegmizi özümiz gurmaly, öz durmuşymyzyň aladasyny özümiz etmeli. Biz indi uly adamlar boldyk indi biz ene-atalarmyzyn bize sindiren azabyny yhlasyny ödemeli. Üstünlikli geçmişimiz bar, üstünlikli geljegin açary bolsa öz elimizde!
Aýna Amangeldiýewa
Aýna Amangeldiýewa
1комментарий
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.