K.Gurbannepesowdan owadan setirler
Diňe
özi üçin ýöränokdy ol,
onuň her ädimi inni şärikli.
Ýuwaşja ädimlap çatryga ýetdi,
Bir maşyny gördi. Saçy düýrükdi.
Ätledi yzyna allaniçiksi,
Elleri ýuwaşşa degdi bykynna.
Ýüpeksi altynsow saçlaryn sypap,
Azajyk oýlandy bir zat hakynda.
Meger oýlanandyr, häzir özüniň,
Diňe bir özüne degişli dälde,
Heniz ynsanyýete mälim bolmadyk,
Beýik pynhanlygy göterip bilde,
Belli bir menzile eltmelidigniň
Iň tämiz, mukaddes borjy hakynda...
Ýene täze çatryk, ýene-de maşyn
Ýene-de elleri ýetdi bykynna.
Yz ýanyndan çykdy ýene bir maşyn,
Ony hem goýberdi seretdi çepe.
Inni bäri-bärde maşyn görnenok.
"Geçiberin gelin!" Ýol açdy köçe
Gyzyl ýüpek ýaly süýnüp barýar ol,
Nazary mylaýym ädimi ýumşak.
Oýlandym: Has irräk gelin wagtynda
Roluny oňatja oýnapdyr ýaşmak.
Ýüzleri melemtil, alkymy duw-ak
Henizem öňünden çyksa bir goja
Endigi boýunça (özi hem duýman)
Elin ýaglygyna
Eltýar çalaja
Kä kişi gaňrylyp yzyna bakýar,
Kä suwjyk gözüne seredar dogry.
Haýsy bolanda-da uly parhy ýok,
Onuň öz ugry bar,
Olaň öz ugry.
Geçildi üçünji,
Dördünji çatryk,
Her gezek bykynna ýetirdi elin
Säher açylmaly bägüle meňzäp,
Köçe bilen barýar göwreli gelin
K.Gurbannepesow
özi üçin ýöränokdy ol,
onuň her ädimi inni şärikli.
Ýuwaşja ädimlap çatryga ýetdi,
Bir maşyny gördi. Saçy düýrükdi.
Ätledi yzyna allaniçiksi,
Elleri ýuwaşşa degdi bykynna.
Ýüpeksi altynsow saçlaryn sypap,
Azajyk oýlandy bir zat hakynda.
Meger oýlanandyr, häzir özüniň,
Diňe bir özüne degişli dälde,
Heniz ynsanyýete mälim bolmadyk,
Beýik pynhanlygy göterip bilde,
Belli bir menzile eltmelidigniň
Iň tämiz, mukaddes borjy hakynda...
Ýene täze çatryk, ýene-de maşyn
Ýene-de elleri ýetdi bykynna.
Yz ýanyndan çykdy ýene bir maşyn,
Ony hem goýberdi seretdi çepe.
Inni bäri-bärde maşyn görnenok.
"Geçiberin gelin!" Ýol açdy köçe
Gyzyl ýüpek ýaly süýnüp barýar ol,
Nazary mylaýym ädimi ýumşak.
Oýlandym: Has irräk gelin wagtynda
Roluny oňatja oýnapdyr ýaşmak.
Ýüzleri melemtil, alkymy duw-ak
Henizem öňünden çyksa bir goja
Endigi boýunça (özi hem duýman)
Elin ýaglygyna
Eltýar çalaja
Kä kişi gaňrylyp yzyna bakýar,
Kä suwjyk gözüne seredar dogry.
Haýsy bolanda-da uly parhy ýok,
Onuň öz ugry bar,
Olaň öz ugry.
Geçildi üçünji,
Dördünji çatryk,
Her gezek bykynna ýetirdi elin
Säher açylmaly bägüle meňzäp,
Köçe bilen barýar göwreli gelin
K.Gurbannepesow
Комментариев нет
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.