AL MENI O ÝANA
Öwüs, ýel, gel, göwün derde
dilinmeýän ýere äkit!
Gam nämedir, gaýgy nedir,
Bilinmeýän ýere äkit.
Goýma…
Göter, meni alyp,
Göge galyp, galyp, galyp.
Soň yzyňa ýüzüň salyp
gelinmeýän ýere äkit.
Besdir…
Bihuda çisňedim,
Ýagyp-ýagyplar diňsedim.
Aglaşan bolşup, ýeňseden
gülünmeýän ýere äkit.
Al, o ýana,
Apar meni,
Gereklänler tapar meni.
Sanalmaýan puluň, demiň –
ölünmeýän ýere äkit.
Meger dogry. Mümkin telek,
Ýör gideli! Ýör, ýa, pelek!
Ýüregim bolup ot-elek,
elenmeýän ýere äkit.
Baş aýlansyn. Bat al sen, bat,
Barybir men etmerin dat.
Hakdan gaýrysyndan hiç zat
dilenmeýän ýere äkit.
****
Saña hat ýazýaryn..
"Sensiz ne sag men, ne hassa,
Ýõne sen muny añmaýañ.
Gijeler ýüregim gyssa,
Aglaýan, sessiz aglaýan..
Sesim ýeter rakyplara,
A sen daş eşiderden meni.
Ýollaryña baka baka,
Garaşýaryn günüñ güni.
Diýip ýollaýan hatymy
Bu gün ýene batyp gama.
...men agladym ýazan wagtym
Sen ony okap aglama.
"Ýel hem ses edýär daşarda
Çekýän dek bir zadyñ zaryn
...bir yşarat et, yşarat
Bararyn taşlap baryny...
Ýa menden birmahal dänip
Ýõmüsiñ? Kim bar ýanyñda?!
..umytlam ýaprak dek tänip
Gaçýarlar kõñül bagymdan..."
Diyip ýollaýan hatymy
Bu gün ýene batyp gama
...men agladym ýazan wagtym
Sen ony okap aglama...
Annamuhammet Kirşenow
dilinmeýän ýere äkit!
Gam nämedir, gaýgy nedir,
Bilinmeýän ýere äkit.
Goýma…
Göter, meni alyp,
Göge galyp, galyp, galyp.
Soň yzyňa ýüzüň salyp
gelinmeýän ýere äkit.
Besdir…
Bihuda çisňedim,
Ýagyp-ýagyplar diňsedim.
Aglaşan bolşup, ýeňseden
gülünmeýän ýere äkit.
Al, o ýana,
Apar meni,
Gereklänler tapar meni.
Sanalmaýan puluň, demiň –
ölünmeýän ýere äkit.
Meger dogry. Mümkin telek,
Ýör gideli! Ýör, ýa, pelek!
Ýüregim bolup ot-elek,
elenmeýän ýere äkit.
Baş aýlansyn. Bat al sen, bat,
Barybir men etmerin dat.
Hakdan gaýrysyndan hiç zat
dilenmeýän ýere äkit.
****
Saña hat ýazýaryn..
"Sensiz ne sag men, ne hassa,
Ýõne sen muny añmaýañ.
Gijeler ýüregim gyssa,
Aglaýan, sessiz aglaýan..
Sesim ýeter rakyplara,
A sen daş eşiderden meni.
Ýollaryña baka baka,
Garaşýaryn günüñ güni.
Diýip ýollaýan hatymy
Bu gün ýene batyp gama.
...men agladym ýazan wagtym
Sen ony okap aglama.
"Ýel hem ses edýär daşarda
Çekýän dek bir zadyñ zaryn
...bir yşarat et, yşarat
Bararyn taşlap baryny...
Ýa menden birmahal dänip
Ýõmüsiñ? Kim bar ýanyñda?!
..umytlam ýaprak dek tänip
Gaçýarlar kõñül bagymdan..."
Diyip ýollaýan hatymy
Bu gün ýene batyp gama
...men agladym ýazan wagtym
Sen ony okap aglama...
Annamuhammet Kirşenow
1комментарий
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.