Puç bolan söýgim/bolan waka

Durmuşda bolup geçýän zatlaryň gözüň ýumup açynçaň bolup geçýär.Käwagtlar özümi şeýle bir ýeke duýýan,käwagtlaram senden bagtly ynsan ýok ýaly dünýäde gysgajyk dünýämi beýan edeýin 95.ýylda doguldym orta mekdebi tamamladym arzuwym Türkmenistanda okamakdy ýöne nesibäm ýok eken,şeýdip daşar ýurta okuwa gaýtdym.Elbetde enem atam meni gabanýardylar şonuň üçinem meni garndaş oglan bilen ugratdylar.
Şeýdip özbaşdak durmuşa gadam basdym,göräýmäge hemme zat aňsat ýalydy ýöne ýekelikde ýaşamak,ejeň kakaňsyz jigiňi doganyňy görmän ýaşamak maňa diýseň agyr degdi.Ilkibaşda kösendim dil bilmänim üçin soň gaty kösendim,ahyry öwrenişip gitdim.Kiçidim 16 ýaşymda daşary ýutda ýeke okamak agyr degýärdi kösenýädim maslahatlara mätäçdim,ýöne indi maslahat berer ýaly ne eje bady ne kaka şeýdip gyzlar bilen ýaşap alşyp gitdim,men aralarynda iň kiçisidim şonuň üçinem olar meni jigileri ýaly görýärdiler.Şu wagt ýaly ýadymda köp zat öwretdiler.
Men internedede baranymdan soň girip başladym elbetde öýdäkiler bilen ýazyşyp gürleşmek üçindi ýöne internetde dostlarym köpelip başlady.Käbirleri söz aýdan bolýady menem gülküm gelýädi men nire olar nire diýip.Soňra bir ýerden duýdansyz oglan peýda boldy olam biziň ýurdumyzda başga şäherde okaýady,ol ikinji kursdy ilki ol meni jigisi ýaly görýärdi soňra bilemok nädip dostlaşanymyzy,ol oglan köp zat öwretdi ugrum bank bolansoň mesele köpeliberdi olam kömek etýädi şeýdip biri birimize ysnyşyp 6 aýyň nädip bolanyny bilmändiris.Bir gün ol oglan maňa bir söz aýtdy men näme diýjegimi bilemokdym,söýüşmek islämokdym söýüşseň abraýyň peselýä diýen düşünje bardy ýogsam menem ol oglany gowy görýärdim.Şeýdip ilki jogapsyz goýdum soň tomus kanikulda öýe geldim.Öýdäkileri görenime diýseň begendim ejeme aýtmak isledim ol oglan barada ýöne men agzymy açmakam ejem maňa bir zat aýtdy:”Gyzym biz seniň bagtly bolmagyňy isleýäris senem bilýänsiň bizde özüňkilere bermegi kakaň bilen maslahatlaşdyk seni garyndaş oglana bersek nätýär”diýdi……



dowamy bar..
3 лайков 1 629 просмотров
6комментариев
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Babahanowa_g
14 июн 2022, 20:41
Dowamyna garasyan seyle bolum bolum goyulyan hekayalary halayan gyzykly bolyar
Şagyzy Şazada
Автор 14 июн 2022, 20:52
Babahanowa_g
Dowamyna garasyan seyle bolum bolum goyulyan hekayalary halayan gyzykly bolyar

Elbetde sps sagbolun
Annadursun
14 июн 2022, 21:34
like)
- Dani
14 июн 2022, 21:40
öňem okapdym
-durdyyeva
15 июн 2022, 09:09
yzyny goysana gayrat et
Şagyzy Şazada
Автор 15 июн 2022, 10:31
goýdum-durdyyeva,