Puç bolan söýgüm/dowamy hakyky bolan waka

Asyl görüp otursaň meni ugradanlarynda meň kakam bilen oň kakasy gürleşip ugradypdyrlar,doňup galdym men garşydym men 17 ýaşymda men okasym gelýä entek durmuş gurmak islämok diýdim,ejem şonda bizi razy etjek bolsaň şondan başgasyna barmarsyň kakaň sözünem ýykmarsyň diýdi nämäň näme dzşünmän men diňe okajak diýýädim,käşgä öz söýen ýigidime derek kömek eden bolsady,daje meni soramanda gelenokdy,käwagt görýädim kösenýän günlerimde maňa garyndaşlarym dälde joralarm dostlarm kömek etýärdi,ejeme düşündirmek isledim hemme zady ýöne ejem ýarawsyzdy ony agladasym gynandyrasym gelenokdy,şeýdip okuw başlady okuwa gaýtdym ol oglana bolan zatlary bolşy ýaly aýtdym olam men inniki kanikulda ejemi ugratjak diýdi,şeýdip ýenede bir ýyl geçdi,men öýe gidesim gelýärdi ýöne gorkýardym barsam toý edäýseler näderin diýip şeýdip ahyry soň öýe gaýtdym.Diýşim ýaly bardym welin toý sähedem bellenipdir.Hemme zat gözüm açyp ýumunçam bolup geçen ýalydy ejeme aýtdym kakama ýalbardym.
Bizi razy etjek bolsaň bararsyň diýdiler.Ol oglanam köp ýalbardy ýör gideli diýip ýöne mende iki ýol galypdy.Birinjisi öz garyndaşymyza barmak, ikinjisi ol oglan bilen gaçmakdy,men başarmadym birinji ýoly saýladym,mende başga alajam ýokdy,men nädip meni iýdiren,geýdiren,şu ýaşyma çenli maňa sereden maşgalanyň üstünden ätläýin nädip olaň sözüni ýykaýyn şeýdip ikinji kurskam ýany 18 ýaşymda toýum boldy. Meniň adym öňki ýaly……..diýip tutulanokdy indi gelinejedim. Hawwa toý etdim kem zadym ýok Hudaýa Şükür,ýöne käwagt ilkinji söýgüm ýadyma düşende gözümden ýaşlaň nädip akýanyny duýman galýadym. Biz bagtly! Adamym bilenem ýaşap ýörün. Garaşmaýan zadym bolup dur muňa maňlaý diýiler.


Her kimi öz söýgüli ýaryna ýetmegi arzuw etýän!!!
3 лайков 309 просмотров
5комментариев
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
matematik
15 июн 2022, 12:18
10 bölümlük hekaýa garaşýadym welin bu gaty gysga boldy .
Şagyzy Şazada
Автор 15 июн 2022, 12:26
matematik
10 bölümlük hekaýa garaşýadym welin bu gaty gysga boldy .

10 bölülügem bolar fenli
the_end
15 июн 2022, 15:53
огонёк журналны окапсын ойдян)
Şagyzy Şazada
Автор 15 июн 2022, 16:09
the_end
огонёк журналны окапсын ойдян)

Yok zurnala okamadym Nexttm. com saytdan gördüm
Babahanowa_g
15 июн 2022, 19:15
+++++++++++