Süýt bedene nähili täsir edýär?
Süýt çaganyň gündelik iýmitinde aýratyn orny eýeleýär. Çaga doglandan, tä 6 aýlyk bolýança diňe ene süýdi bilen iýmitlenýär. Şondan soň hem emmegini dowam etdirse-de, onuň iýmitinde sygyr süýdi hem-de ondan bişirilýän manna, tüwi, greçka, dary şüleleri peýda bolýar. Diňe bir kiçi ýaşly çagalar däl-de, eýsem, mekdep okuwçylarynyň, ýetginjek ýaşlaryň aglabasy azda-kände sygyr süýdüni içýär. Ýöne olar ulaldygysaýyn süýdi azaldyp, çaý, kofe, limonad, kola, gök önüm we ir-iýmişdir miwe şireleri ýaly içgilere ürç edip ugraýarlar. Uly ýaşly, gartaşan, garran adamlaryň hem köpüsi süýde derek aýran, düýe çalyny, gatyk içenini gowy görýär.
Lukmanlaryň käbiri süýdi diňe çaganyň iýmiti hasaplaýar. Olar öz pikirini şeýle delillendirýär:
1). Süýtde ösüp gelýän çaga bedenjiginiň doly kemala gelmegi, kadaly ösmegi, bekemegi üçin zerur maddalar saklanýar.
2). Süýt, hususan-da sygyr süýdi kyn özleşýär. Adamyň ýaşy geçdigisaýyn maddalaryň alyş-çalşynyň bozulmagy onuň siňmegini has-da kynlaşdyrýar.
Bu pikir şeýle bir dogru-da däldir. Süýtde, şol sanda sygyr süýdünde-de islendik ýaşda bedene zerur gerek bolan maddalar saklanýar. Olara daýanç-hereket, aşgazan-içege ulgamlaryna, damarlara, derä oňyn täsir edýän: süňkleri, dişleri pugtalandyrýan, nerwleri rahatlandyrýan, ukyny kadalaşdyrýan, sary gaýnamany aýyrýan, damarlaryň diwarjyklaryny berkidýän, deriniň ýagdaýyny gowulandyrýan kalsiý, fosfor, organiki duzlar, magniý, B1, B2, PP, C, A witaminleri, karotin, laktoftawin, süýt ýagy degişlidir. Bu önümiň düzümine girýän aminokislotalaryň sekizisi ornuny tutup bolmaýan maddalardyr. Sygyr süýdüniň kyn özleşýändigi hakynda aýdylanda bolsa, muňa onuň düzüminde käbir adamlarda süýdi kabul edip bilmezligiň ýüze çykmagyna getirip bilýän maddalaryň saklanýandygy sebäp bolýar. Munuň özi bir tarapdan, sygryň süýdünde ony özleşdirýän fermentleriň — laktozanyň ýeterlik mukdarda saklanmazlygy (laktoza ýetmezçiligi), beýleki bir tarapdan, allergiki täsir döredip bilýän (aýratyn hem, allergenlere ýokary duýgurlykly adamlarda) beloklaryň bardygy bilen baglanyşyklydyr. Munuň netijesinde ajama hadysasy ýüze çykyp, süýt we onuň önümleri siňmeýär. Sygyr süýdündäki beloklar — albumin babatynda-da şeýle. Albumin beloklary örän kiçi bolup, içegä aralaşandan soň bölünmezden, dargamazdan gana geçýär. Bedende olara jogap täsiri hökmünde asgyrma, üsgülewük, burun dykylma, deriniň gijemegi, örgünleriň örmegi ýaly alamatlar peýda bolýar. Allergiýaly näsaglarda bronhial demgysma ýüze çykyp bilýär.
Süýdi kabul edip bilmezlik uly ýaşly adamlarda-da duş gelýär welin, şeýle ýagdaý çagalara has mahsusdyr. Bu näsazlyk içegeleriň jugurdamagy, ýellenmegi, käte içiň geçmegi ýaly alamatlar bilen ýüze çykýar. Iýmit siňdiriş agzalarynyň, peşew çykaryş ýollarynyň, böwrekleriň keselleri, madda çalşygynyň bozulmalary anyklanan näsaglara sygyr süýdüniň ýaramaz täsir edip bilýändigini hem ýeri gelende bellemeli.
Geçi süýdünde, sygryňkydan tapawutlylykda, allergiýa döredýän maddalar ýokdur. Şoňa görä, ol bedende ýeňil özleşýär. Galyberse- de, onuň düzüminde peýdaly maddalaryň köp görnüşleri ýeterlik mukdarda saklanýar. Geçi süýdi kalsiý, fosfor, magniý, ýod, molibden, natriý, marganes, mis, ftor, selen ýaly makro-mikroelementleriň, D, K, B3, B2, B9, A witaminleriniň egsilmez çeşmesi bolup durýar. Geçi süýdüniň düzüminde holin, lesitin, globulin, biotin bardyr. Bu biologiki işjeň maddalar deriniň maýyşgaklygyny (elastiklik) saklamaga, onuň wagtyndan öň ýygyrt atmagynyň, düwürtikleriň döremeginiň öňüni almaga kömek edýär. Geçi süýdi bedeni gurplandyrýar, kuwwatlandyrýar, güýjüňi dikeldýär, immunitetiňi pugtalandyrýar, allergiýa döretmeýär, bedende ýeňil özleşýär. Şeýle sebäplere görä, ony çaganyň, haýsydyr bir kesele duçar bolan ýa-da agyr keseli, operasiýany geçiren näsagyň iýmitinde yzygiderli ulanmak maslahat berilýär.
Gatyk iýmit siňdiriş ýollarynyň işini kadalaşdyrýar, aşgazan şiresiniň bölünip çykmagyna itergi berýär, işdäňi açýar, ganazlykda peýdaly. Onuň düzümindäki süýt turşusy mikroblara garşy täsire eýe bolup durýar. Gatyk içegäniň mikroflorasyny gowulandyrýan peýdaly bakteriýalara baýdyr. Şoňa görä, ony aşgazan-içege keselleriniň öňüni almak, olaryň bejergisiniň netijeliligini ýokarlandyrmak maksady bilen yzygiderli ulanmak maslahat berilýär.
Dorag süňkleriň we dişleriň emele gelmegine, pugtalanmagyna ýardam edýän, osteoporozdan goraýan, agyr metallaryň duzlaryny, toksiki maddalary bedenden daşary çykarýan, ganyň lagtalanmagyny işjeňleşdirýän, myşsalaryň ýygrylmagyny, pulsy, arterial gan basyşyny, iýmit siňdirişi kadalaşdyrýan, sowuklama, allergiýa garşy täsire eýe bolan kalsiý, kaliý, fosfor, magniý, sink, marganes, kremniý elementlerine, karotine, B witaminler toplumyna baýdyr. Munuň özi doragy aterosklerozyň, gipertoniýanyň, aşgazanyň we on iki barmak içegäniň, öthaltanyň, aşgazanasty mäziň dowamly keselleriniň öňüni almakda, kesel dörän ýagdaýlarynda bejerginiň täsirini artdyrýan berhizlik iýmitlenişde ulanmaga mümkinçilik berýär.
Soňky ylmy barlaglaryň netijesinde alnan görkezijiler kalsiniň öýjügara aragatnaşygy pugtalandyrmak bilen howply täze döremeleriň öňüni almaga ýardam edýändigine güwä geçýär. Dorag bu elementiň egsizlmez çeşmesi bolup durýan önümleriň arasynda öňdäki orunlaryň birini eýeleýär.
Düýe çaly (edil düýäniň süýdi ýaly) örän arassa önüm bolup, onuň düzüminde kesel dörediji mikroorganizmleriň, çüýrediji bakteriýalaryň ösüşini duruzýan kömür we süýt turşusynyň we spirtiň aşgazan-içege ýollarynda iýmitiniň çalt siňmegine ýardam berýändigi mälimdir. Bedene belli bir mukdardaky spirt gerekdir. Ýöne ony alkogolly içgilerden almaga zerurlyk ýokdur. Düýe çalynda spirt ýeterlik mukdarda saklanýar. Düýe çaly bedene gyjyndyryjy täsir edip, iýmitiň, aýratyn hem, ýaglaryň çalt özleşmegine ýardam edýän maddalaryň işlenilip çykarylmagyna itergi berýär. Onuň düzümindäki aminokislotalar garrama hadysasyny yza tesdirýän, adamyň ömrüni gysgaldýan holesterini, zyýanly ýaglary dargadýar.
Mälim bolşuna görä, düýe süýdi ýoda, A, C, witaminlerine, B witaminler toplumyna baý bolup, ondan çal taýýarlananda bu witaminler ýitirilmeýär. Tersine, olaryň mukdary artýar. Bu peýdaly maddalar ödüň işlenilip çykarylyşyny güýçlendirýär, çişleri gaýtarýar, ýaralaryň bitmegini tizleşdirýär, arterial gan basyşyny kadalaşdyrýar. Düýe çaly içgeçmäniň, guragyrynyň, gepatitiň, holesistitiň, pankreatitiň, aşgazanyň we on iki barmak içegäniň, gyzylödegiň başly ýaralarynyň döremeginiň öňüni almaga, bu keselleriň bejergisiniň täsirini artdyrmaga ýardam edýär. Iýmitiň siňmegini kadalaşdyrmakda, ganyň düzümini gowulandyrmakda, immuniteti pugtalandyrmakda, bedeni berkitmekde, agyr keselden soň saglygy dikeltmekde düýe çalynyň deňi-taýy ýokdur. Inçekeselde, iglilikde bu önüm bahasyna ýetip bolmajak derejede kömek edýär. Bu kesellere duçar bolan syrkawlara 1-2 gün saklanan, turşulyk derejesi onçakly ýokary bolmadyk düýe çalyny günde 3 gezek 300-400 millilitrden (günüň dowamynda 900-1200 ml) içmek maslahat berilýär.
Peýnir edil süýt önümleriniň beýleki görnüşleri ýaly, süňkleriň we dişleriň pugta bolmagyny üpjün etmek, kariesiň (diş çüýreme), osteoporozyň öňüni almak üçin zerur gerek bolan kalsiý, fosfor elementlerine baýdyr. Onuň düzüminde bulardan başga-da, adamyň keýpine oňyn täsir edýän gormonlaryň işlenilip çykarylmagyna gatnaşýan triptofon aminoturşusy, içegäniň mikroflorasyny gowulandyrýan, iýmitiň siňmegini ýeňilleşdirýän, aşgazan-içege agzalarynyň işine itergi berýän fermentler, süýtturşy bakteriýalar, galkan şekilli mäziň kesellerinde peýdaly turamin saklanýar. Aşgazanyň, on iki barmak içegäniň, gyzylödegiň başly ýaralary, dowamly gastrit, kolit, öthaltanyň, bagryň keselleri anyklanan syrkawlara her gün irden bir bölek peýnir (ýiti tagamly bolmadyk görnüşlerini) iýmek maslahat berilýär.
Näçe peýdaly bolsa-da, iýmitiňde peýniri çäklendirmegi talap edýän ýagdaýlar hem bardyr.
1. Peýnirde semizligiň, aterosklerozyň ýüze çykmagyna getirip bilýän doýgun ýaglar köpdür. Dogry, ýaglaryň bu görnüşi hem, edil doýgun däl ýag turşulary ýaly, bedene zerur gerek. Olary mesge, ýagly et arkaly däl-de, peýnir arkaly kabul etmek peýdalydyr. Sebäbi, peýnirde diňe bir doýgun ýaglar däl-de, eýsem, nerw, ýürek-damar ulgamlaryna, myşsalara onuň täsir edýän Omega-3 polidoýgun däl ýag turşulary-da bardyr. Şeýle-de bolsa, artykmaç agramly adamlar, aterosklerozly näsaglar peýniri çäkli mukdarda iýmelidir.
2. Bu önem köp mukdarda yzygiderli ulanylanda kellagyrynyň döremegine, çakyza tutgaýynyň tutmagyna itergi berip bilýär. Şol sebäpden, çakyzaly näsaglara, kellesi köp agyrýan syrkawlara peýniri köp iýmek maslahat berilmeýär.
Maýsa ÝALKAPOWA
Ýokanç keselleri merkezleri müdiriýetiniň Milli AIDS-iň öňüni alyş merkeziniň lukmany.

5комментариев
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.