DYKMA SERDAR
Dykma serdar 19-njy asyrda, aýratynam
Türkmenistanyň Russiýa imperiýasy tarapyndan basylyp
alnan döwründe türkmen halkynyň harby hem syýasy
durmuşynda esasy rol oýnan taryhy şahslaryň biridir.
N. I. Grodekowyň berýän maglumatyna göra, ol 1825-
nji ýylda börmeli baý Mämmetnazaryň maşgalasyida
eneden bolupdyr. Onuň çyn ady Öwezmyratdyr.
Bir gezek ýomutlar alaman edip, Memmetnazar
baýyň malyny talapdyrlar. Mämmetnazar baý olardan
aryny aljak bolup öwezalamana gidende öldürilipdir.
Şol wagtlar Dykma serdar ýedi ýaşynda eken.
Doganlary Atamyrat bilen Öwezdurdy atasynyň zadyny
paýlaşanda, Dykma serdara diňe bir paý ýer bilen suw
goýupdyrlar.
Dykma serdar on üç ýaşyndan alamana gidip
başlapdyr. Büjnürt kürtleriniň üstüne alamana
gidilende, ýesir düşüpdir we Muhammetrahym hanyň
türmesinde alty aýlap oturypdyr. Börmeliler müň
tümen pul töläp, ony ýesirlikden satyn alypdyrlar.
Ol ýesirlikden boşandan soň, ýene alamana gidip
başlapdyr. Bary-ýogy iki aýyň içinde obadaşlaryna ähli
bergisini beripdir.
Dykma serdar gaty ýatkeş hem yzçy adam bolupdyr.
Gije geçip giden ýerlerinem soňra ýalňyşman tapýan
eken. Eýranyň köp ýerlerine bäş barmagy ýaly belet
eken. Ol on ýedi ýaşyndaka daşyna ýüz adam üýşürip
alamana gidipdir, kyrk müň goýun sürüp getiripdir.
Basym ony serdar hökmünde ykrar edipdirler. Ol uruş
tälimini kemsiz öwrenipdir.
1843-nji ýylda Dykma serdar ýanyna bäş ýüz adam
alyp, Tähran–Maşat ýoluna çykýar. Tährandan Maşada
zyýarata barýan we ol ýerden yzyna gaýdyp gelýän
kerwenleriň üstüne çozupdyr. Zyýaratçylaryň daşyny
köp atly goraýan eken. Güýçli çaknyşykdan soň, Dykma
serdar üç ýüz ýesir bilen dokuz ýüz sany ýükli düýäni
olja alypdyr.
Nardynyň üsti bilen gelýärkäler, Dykma serdar
dagy Nardynyň eýesi Mämmethasan hanyň bukuda
goýan goşunlarynyň üstünden gelýärler. Söweş bäş
gije-gündize çekipdir. Mämmethasan han az sanly
atlysy bilen gaçyp gutulýar. Onuň iki mun adamdan
ybarat pyýada nökerini bolsa Dykma serdaryň atlylary
gylyçdan geçiripdir. Dykma serdar uly olja bilen Ahala
dolanyp gelýär. Şol gezekki alamanda Dykma serdar
altmyş adamyny ýitiripdir.
Dykma serdar Büjnürdiň hany Haýdarguly han
bilen oňat gatnaşyk saklaýar eken. Büjnürde alamana
gitmeýän eken. Ýöne bir gezek Dykma serdar Hywa
gidende, Haýdarguly han Börmä çozupdyr. Obany alyp
bilmese-de, köp mal olja äkidipdir, alty sany adamyny
hem ýesir alypdyr.
1867-nji ýylda Dykma serdar bu alamana jogap
edip, Haýdarabadyň üstüne şowly çozuş edipdir. Säher
bilen ýekeje ok atman, gala duýdansyz giripdirler, ähli
erkek gebeklini gyryp, aýallary, oglan-uşaklary ýesir
alypdyrlar. Şonda Dykma serdaryň ýanynda 450 atly
bar eken. Haýdarguly han Haýdarabada gelende, ýekeje
adamam tapmandyr, ýöne Dykma serdaryň yzyndap
kowmaga-da gaýra- ty çatmandyr.
Bir ýyldan soň Haýdarguly han Dykma serdara jogap
edip, Bama çozupdyr. Alty ýüz adamy ýesir äkidipdir,
köp mal sürüpdir. N. I. Grodekow Gökdepe alnandan
soňam şol ýesir äkidilen adamlaryň 150-siniň Eýranda
bardygyny ýazýar. Spolatbog bolsa şol 150 ýesiriň aýalgyzlardygyny belleýär.
Dykma serdar ýanyna müň atly alyp, Büjnürde
Haýdarguly hanyň üstüne ugraýar. Ýöne han gaty ägä
bolup, Büjnürde barýan ýollara garawullar goýan eken.
Şonuň üçinem Dykma serdar Goçanda sowulýar.
Merdiwanlarys kömegi bilen Piri hem Halwaçeşme
galalaryny alýar, diri galanlaryň baryny ýesir sürüp
gaýdýar.
1870-nji ýylda Haýdarguly han ölüp, onuň ýerine
ýaşajyk ogly han bolýar. Dykma serdar ýanyna alty
ýüz atly alyp, Isfaraýna şowly alaman edýär. Köp ýesir,
olja alýar. Ol Çilgüzer jülgesi bilen gelýärkä, Similgan
atly goşunynyň serdary Ýarmuhammet han duýdansyz
onuň üstüne çozupdyr. Ýüz ýigrimi tekäniň kellesini
alypdyrlar, ýüz segsen teke hem ýesir düşüpdir. Munuň
üçin Nasretdin şa Ýarmuhammet hany Haýdarguly
hanyň ýaş oglunyň deregine Büjnürde han belläpdir.
Şondan soň Dykma serdar dolanyp Büjnürde alaman
etmejekdigine kasam edipdir, ölýänçä-de şol sözünde
durupdyr.
1874-nji ýylda Tähran hökümeti Şuja ed-Döwläni
tussag edip, ýerine täze hökümdar iberende, onuň ogly
Abdylhasan tekelere gelip kömek soraýar. Gorjawda
maslahat geçirilýär. Goçanda alamana gitmäge bir müň
iki ýüz atly ýygnanýar. Saýyk galasyna ýetenlerinde
Goçandyň naýyby Gahryman han Dykmanyň üstüne
çozýar. Söweş birnäçe sagada çekýär. Gahryman han
ýeňilýär. Dykma serdar dagy bir müň bäş ýüz ýaby olja
alypdyr. Abdylhasanam wagtlaýynça Keletä – Nurberdi
hanyň ýanyna göçüp gelipdir.
Ruslar 1869-njy ýylda Krasnowodskini eýelän
wagtlaryndan beýläk Dykma serdaryň adyny eşidip
başlapdyrlar. 1870-nji ýylda tekeler Mihaýlow aýlagyna
çozanlarynda, oňa Dykma serdar hem gatnaşypdyr.
M. D. Skobelew Türkmenistana gelende bolsa Dykma
serdaryň ady şeýle bir meşhur eken welin, M. D.
Skobelew munuň soldatlaryna erbet täsir etmeginden
gorkup, goşunda Dykma serdaryň adyny tutmazlyk
barada ýörite buýruk çykarmaga mejbur bolupdyr.
1879-njy ýylda Lazarew Türkmenistana gelende,
Çekişlerde Dykma serdaryň ýesir çalyşmaga baran ogly
Akberdi han bilen duşuşýar. Teke ýesirlerini boşadýar.
Akberdi handan Dykma serdara hat iberýär. Metal pul
bilen Dykma serdaryň özüne ýüz manat, Akberdi hana
hem elli manat aýlyk belleýär.
Lazarewiň haty Aşgabatda bolan maslahatda okalýar.
Tekeler uruşmaly diýen karara gelýärler.
Lazarew 1879-njy ýylyň awgustynda ölýär we onuň
ýerine general Lomakin bellenýär. Dykma serdar
Gyzylarbadyň hany Sopy han bilen ilat Gwkdepe galasyna
ýygnanýança ruslary saklamak maksady bilen, olaryň
arasyna barýar. Ruslar Dykma serdary göz tussagy edip
saklapdyrlar. N. I. Grodekowyň tassyklamagyna görä,
Dykma serdar ruslara peýdaly maslahatlar beripdir.
Gökdepe galasy boýun egmänsoň, ruslar galany topa
tutup başlapdyrlar. Şonda Dykma serdar özüniň gala
iberilmegini haýyş edipdir, galadakylara uruşmaň diýip
töwella etmekçidigini aýdypdyr. Emma ruslar onuň
ýaragyny hem elinden alyp, tussag edipdirler. Galany
alyp bilmän, yzlaryna barýarkalar bolsa Ýakubow diýen
dagystanly bir dilmaç Dykma serdaryň sakgalyndan
tutup silkipdir. Öň ruslar bilen uruşmazlygyň,
parahatçylykly gatnaşyk etmegiň tarapynda bolan
Dykma serdar şondan soň olaryň ganym duşmanyna
öwrülipdir. Ruslar Bendesene ýetenlerinde ol ýanynyň
adamlary bilen ruslaryň arasyndan gaçypdyr.
Dykma serdaryň ruslaryň arasynda bolmagy ony
ynamdan gaçyrypdyr. Oňa dönük hökmünde garap,
obasyny talapdyrlar, Dykma serdar aman sorap,
Nurberdi hanyň ýanyna barypdyr. Nurberdi han
Garaganda maslahat geçirip, Dtkma serdary dönük
hasaplamaly däl diýen karara gelýär. Oňa ruslaryň
üstüne çozup, ynjalyk bermezlik tabşyrylypdyr. Dykma
serdar ruslaryň üstüne telim gezek şowly çozuşlar
edipdir, olara köp maddy zyýanlar ýetiripdir, ençeme
soldatlaryny ýok edipdir.
Nurberdi han ölenden soň, Dykma serdaryň täsiri has
güýçlenýär. M. D. Skobelewiň 1880-81-nji ýyllardaky
ikinji Ahalteke ekspedisiýasy döwründe tekelere, esasan,
Dykma serdar ýolbaşçylyk edipdir. Resmi taýdan şeýle
diýlip yglan edilmedigem bolsa, hakykat ýüzünde
Dykma serdar tekeleriň baş komanduýuşisi bolupdyr.
Maslahatlara köplenç Dykma serdar ýolbaşçylyk
edipdir we esasan, onuň pikirine gulak asypdyrlar. Ähli
söweş hereketlerine hem şol ýolbaşçylyk edipdir.
1881-nji ýylyň 12-nji ýanwarynda Gökdepe galasy
alnandan soňam Dykma serdar esli wagtlap ruslara
boýun egmän gezipdir. Diňe rus goşunlary Kaka
etraplaryna barandan soň, M. D. Skobelewiň ýanyna
baryp, atyny-ýaragyny tabşyrypdyr.
Dykma serdar tekeleriň şol ýyl Peterburga giden
ilkinji wekillerine (deputasiýasyna) ýolbaşçylyk edipdir.
Dykma serdar iň batyr, is edenli serdar hasaplanypdyr.
Ýöne juda öz diýenlidigi, käte adyllygy goldan berýändigi
üçin ony beýle bir halamandyrlar.
Dykma serdar gaty uly hem çylşyrymly şahsyýet
bolupdyr. Onuň taryhy roluna birtaraply baha bermek
mümkin däl. Häzir taryhçylaryň hem edebiýatçylarys
arasynda Dykma serdaryň dönüklik edendigi ýa-da
etmändigi hakda jedel dowam edýär. Käbiri onuň
ruslaryň arasyna barmagyny dönüklik hasaplaýar, käbiri
bolsa ol öz ygtyýaryna barmandyr, ony ruslar tussag
edip äkidipdir diýýär. Dykma serdaryň bu hereketine
hatda onuň öz döwründe hem şunuň ýaly gapmagarşylykly garapdyrlar. Ýöne bir zat aýdyň. Birinji rus
ekspedisiýasy döwründe Dykma serdaryň hereketine
birmanyly baha bermek mümkin bolmasa-da, M. D.
Skobelewiň ekspedisiýasy döwründe onuň uruşmagyň
tarapdary bolup çykyş edendigine, tä iň sosuna çenli
söweşendigine şübhe ýok.
Her niçigem bolsa, Dykma serdaryň şahsyýetine
her taraplaýyn, adalatly baha bermek, onuň
terjimehalyndaky ähli pursatlary nazarda tutmak gerek.

Комментариев нет
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.