BERDIMYRAT HAN
Berdimyrat han Nurberdi hanyň birinji aýaly
Nurgözelden bolan ogludyr. Ol juda ýaşka wepat
bolupdyr we onuň terjimehaly, bitiren işleri barada
saklanyp galan ullakan ýazuw ýadygärlikleri ýok.
1879-njy ýylda Nurberdi han Marydaky hanlygyna
maslahata gidende, wagtlaýynça Berdimyrat hany ýerine
Ahala han saýlapdyrlar. Ýöne ol entek ýaş bolansoň,
Nurberdi hana ýakyn iki adam – Orazmämmet han
bilen Gurbanmyrat işan oňa geňeşdarlyk edipdir.
Berdimyrat hanyň hanlyk eden döwri rus
goşunlarynyň generallary Lazarewiň hem Lomakiniň
baştutanlygyndaky ilkinji Ahal-teke ekspedisiýasyna
gabat gelýär. Ekspedisiýany taýýarlan hem oňa
baştutanlyk eden general Lazarew bolupdyr. Emma ol
1879-njy ýylyň 14-nji awgustynda, Gökdepe galasyna
hüjüm edilmezinden bary-ýogy ýarym aý ozal aradan
çykypdyr. Onuň deregine çini boýunça general Lomakin
wagtlaýyn komanduýuşiý bellenipdir. Ekspedisiýa hem
Lomakiniň ekspedisiýasy diýen at galypdyr.
Ruslaryň gelýändigini eşidip, tekeler Aşgabatda
maslahat geçirýärler. Şol maslahatda hem general
Lazarewiň Dykma serdaryň adyna iberen haty okalýar.
Tekeler «ruslary Ahala goýbermeli däl, uruşmaly» diýen
karara gelýärler.
Gökdepe galasyny gurmaly, ilaty şol ýere ýygnamaly
edýärler. Galanyň gurluşygyna hemme kişi meýletin
gatnaşypdyr. Her on maşgala aýratyn paý bölünip
berlipdir.
Şonuň bilen bir wagtda ruslary Ahala goýbermezlik
üçin söweş operasiýalaryny hem geçirmek bellenýär.
Berdimyrat han Orazmämmet handyr Gurbanmyrat
işany ýanyna alyp, dört müň atly, iki müň hem pyýada
goşun bilen Bendesen geçelgesine tarap ugraýar. Soňra
bolsa pyýada goşuny Bendesende galdyryp, Berdimyrat
han bilen Dykma serdar rus goşunlarynyň öňünden
çykmak üçin Hojagala gidýär.
Olar orta ýolda rus kazaklaryna gabat gelýärler.
Olara tarap ot açýarlar. Emma aralyk ok ýeterden
daş bolansoň, olara hiç hili zeper ýetirip bilmeýärler.
Ruslar bolsa uzaga atýan ýarag bilen iki adamy öldürip,
dokuzysyny hem ýaralaýarlar.
Berdimyrat han bilen Dykma serdar yzyna –
Bendesene dolanýar. Gaty çalt hereket etmek bilen
Bendesendäki pyýada goşuny hem alyp, şol gijäniň
özünde Börmä yza çekilýärler.
Börmede maslahat bolýar. Ähli ilaty Gökdepe
galasyna ýygnanmaly edýärler. Ilatyň ol ýere göçmegine
wagt berer ýaly, tekeleriň goşuny iki günläp şol ýerde
saklanýar. Mundanam başga şol maslahatda ilatyň gala
ýygnanmagyna wagt utmak maksady bilen Dykma
serdary hem Gyzylarbadyň hany Sopy hany boýun egip
barýan adam hökmünde ruslaryň arasyna ibermeli
edýärler.
Söweşe ýolbaşçylyk etmäge Berdimyrat hana doly
hukuk berilýär. Ol 1879-njy ýylyň 28-nji awgustynda
Lomakiniň goşunlarynyň hüjüme geçmeziniň
öňüsyrasynda ýigitleriň arasyna aýlanyp, olary söweşe
ruhlandyrýar.
Şol günki söweşde Berdimyrat hanyň öýüniň üstüne
ruslaryň top oky düşýär. Onuň aýaly, çagalary heläk
bolýar. Top okunyň bölegi Berdimyrat hanyň kakasynyň
dogany Gurbanyň hem kellesini alýar.
Berdimyrat hanyň özi hem şol günki söweşde agyr
ýaralanýar we üç günden soň şol ýaradan wepat bolýar.
Ony Gökdepe galasynyň içindäki Diňlidepäniň ileri
ýapysynda jaýlaýarlar. Onuň mazary şu günlere çenli
saklanyp galypdyr.
Ruslaryň galanyň üstüne çozanyny eşidip, Nurberdi
han hem Marydan gelýär. Nurberdi han ogly Berdimyrat
hanyň ölümini mertlik bilen boýun alypdyr. Ol şeýle
diýenmiş:
– Men oglumyň ölenine şükür edýärin. Sebäbi iliň
başyna şunuň ýaly agyr gün düşüp, ýurt üçin gan
dökülende, meniň maşgalamdan gan çykmadyk bolsa
gynanardym.
Berdimyrat han ýaşlygynda wepat bolanam bolsa,
ol Gökdepe urşunyň taryhynda öçmez yz galdyrypdyr.
Onuň il arasyndaky at-abraýy uly bolupdyr. Ony
parasatlylygy, batyrlygy üçin sylapdyrlar.

Комментариев нет
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.