Eziz Han

1919-njy ýylyň ýazynda akgwardiýaçylar Eziz han
Çapyk ogluny atmak üçin Krasnowodskiniň gyrak çetine
çykarýarlar. «Ýüregimden atyň! – ol barmagy bilen
kükregini görkezýär hem-de: – Ýöne musulmançylyga
laýyk edip jaýlaň!» diýip, han olardan towakga edýär.
Eziz hanyň özüni şeýle mert alyp barşyna hatda onuň
jellatlary-da haýran galýarlar.
Eziz han kim bolupdyr? Ol okuw kitaplarynda,152
edebi eserlerde, kinoda, teatrda häzirki döwre
çenli «galtaman», «milletçi», öz halkynyň duşmany
hökmünde düşündirilip gelindi. Dogry, ol öz ýaşan
zamanasy ýaly gapma-garşylykly şahsyýetdi. «Kim biziň
bilen bolmasa, onda ol bize garşydyr» diýen ýörelgä
eýerilýän ýowuz döwrüň perzendidi.
Çapyk (Gurbanmämmet) serdaryň ogly Eziz 1887-
nji ýylda Ahalyň Herrikgala obasynda dogulýar. Çapyk
serdar utamyş tiresiniň bagşy-miriş taýpasyndan bolup,
alamançylaryň ýolbaşçysy hökmünde tanalypdyr. Eziz
hanyň atasy Nepes Kuwwat hem ýaşlyk döwründe
alamançylyk edipdir. Hatda ol üç ýyllap gyzylbaşlarda
ýesirlikde hem bolupdyr. Eziz hanyň kakasy bilen atasy
Gökdepe galasynyň goralyşyna işjeň gatnaşypdyrlar.
Çapyk serdar kellesindäki we ýüzündäki alty sany ýara
yzynyň ikisini Gökdepe urşunda alypdyr.
G’aryp düşen Çapyk serdar 1917-nji ýylda aýaly
Ogulgerek, ogullary Salyh, Kasymguly hem-de Eziz
bilen biledikde Ahaldan Tejeniň Agalaň obasyna göçüp
barýar we daýhançylyk bilen meşgul bolýar.
Birinji jahan urşunda türkmenleri goşuna
çagyrmadyk patyşa hökümeti birdenkä erkek adamlary
tyl işlerine çekmek barada perman berýär. Tejeniň
daýhanlary mirap Eziz Çapygyň başda durmagynda
päleçilik üçin toplanylan adamlaryň ugradylmagyna
päsgelçilik beripdirler, ýaragly topalaň turzupdyrlar.
Hökümet topalaňy basyp ýatyrmak üçin olaryň üstüne
jeza beriji otrýady sürýär. Eziz han özüniň has wepaly
adamlary bilen birlikde ilki Tejeniň aşak taraplarynda
gizlenýär, soň bolsa Eýrana, ondan hem Owganystana
gidýär. Fewral rewolýusiýasyndan soň Eziz han Tejene
gaýdyp gelýär. Türküstanyň ähli ýerinde bolşy ýaly
bu ýerde hem iki häkimiýetlilik höküm sürýärdi,
garakçylyk, ogrulyk barha artýardy, açlyk abanyp
gelýärdi.
Tire aksakgallary, mollalar, baýlar, daýhanlar Tejen
ilatynyň geňeşinde Eziz handan nökerlere ýolbaşçylyk
etmegi haýyş edýärler. Jemi elli sany atly nöker oňa
tabşyrylýar. Eziz han tiz wagtda talaňçylygyň tepbedini
okap, baýlaryň artykmaç gallasyny elinden alyp,
daýhanlara paýlaýar. Garamaýak halk şundan soň Eziz
hanyň töweregine has pugta jebisleşip başlaýar. Halk Eziz
hamy Tejen deputatlar Soweti bilen goşulyşan wolost
ispolnitel komitetinin başlyklygyna hem saýlaýar.
Oktýabrdan soň Eziz han Sowetleriň tarapyna geçýär.
Sowetler Eziz hanyň nökerlerini ýaraglandyrandan
soň olaryd bir bölegi Türküstan hökümetini goramak üçin Daşkende, beýleki bölegi bolsa A. I. Dutowyň
ak kazaklaryna garşy söweşmek üçin fronta iberilýär.
1918-nji ýylyň iýulynda Zakaspide es-erleriň we
menşewikleriň pitnesi bolup, ol Sowet häkimiýetiniň
ýykylmagyna we Türkmenistanyň iňlis interwentleri
tarapyndan eýelenilmegine getiripdir. Şol iýul günlerinde
Eziz hanyň fronta we Daşkende iberilen nökerleri
ýaragsyzlandyrylypdyr. Komissarlarda ynamsyzlyk hem
şübhe döreden pitne türkmen jigitleriniň Türküstan
hökümetiniň gullugynda bolup-bolmazlygynyň-da
ykbalyny çözen bolmaga çemeli. Özüne edilen bu
ynamsyzlygyň Eziz hanyň Sowet häkimiýetine bolan
gatnaşygyna täsir etmän durmajakdygy tebigy zatdyr.
Şeýlelikde, Eziz han pitneçileriň tarapyna geçýär we
milli akgwardiýaçy güýçleriň komanduýuşisi bolan
Oraz serdaryň ýolbaşçylygynda gulluk edýär. Ýöne
ol hiç kimiň buýrugyny ýerine ýetirmeýär, hiç kime
boýun synmaýar.
Oraz serdaryň ilatyň elinden gallasyny hem
beýleki azyk önümlerini alýandygyna göz ýetirenden
soň, Eziz han onuň bilen tersleşip, ol nökerlerini
akgwardiýaçylaryň bolýan ýerinden aýyrýar we Agalaňa
çekilýär. Şol ýerde onuň öňden tygşytlap goýan ep-esli
bugdaýy bar eken.
Bu iki serdaryň arasyndaky jetligiň soňunyň
duşmançylyga ýazmagynyň düýp sebäbi häkimiýet
ugrundaky göreşdi. Tejen hem Merw oazisinde öz
hanlygyny döretmäge çalyşýan Eziz han türkmen
topragyna özüniň hökümdar bolmagyny arzuw edip
ýören Oraz serdaryň garamagynda gulluk etmek
islemändir.
Eziz han Tejen oazisinde öz häkimiýetini
berkarar edenden soň, häkimiýetleriň buýruklaryna
garamazdan, Tejenden galla äkidilmegini gadagan
edipdir, salgyt hem gümrük ýygymyny ýygnadypdyr,
geljekki hasylyň aladasyny edip, ekiş, gazy-haşar
işleri bilen meşgullanypdyr. Tejenlileriň adamçylyk
mertebesini özüçe goramagy başarypdyr, gerek bolanda
juda zabun daramakdan hem gaýtmandyr. Eziz han
ýerli baýlardan bolan duşmanlarynyň köpüsini tussag
edipdir. Olaryň birnäçesini öldüripdir, birnäçesiniň
hununy talap edipdir. Tejen hanynyň «eden-etdiligi»
hökümetiň we aklar armiýasynyň komandowaniýesiniň
gaty gaharyny getiripdir. Emma Eziz han her näme-de
bolsa öz ýolundan dänmändir. Ol gallany öz halky üçin
gorap saklamakda örän tutanýerlilik görkezipdir. Hatda
Agalaňy basyp almak üçin ilki gyzyllaryň, soňra aklaryň
çozuşyndaky ýaly gandöküşikler hem ony raýyndan156
gaýtaryp bilmändir.
Daýhanlaryň serdary hökmünde ykrar edilen Eziz
hanyň kakabaşlygyna, hüý-häsiýetine düşünmek
hem-de onuň edýän hereketlerini düşündirmek üçin
türkmen halkynyň geçmiş taryhyny oňat bilmek gerek.
Onuň ýaşan döwründe heniz patyşa goşunlarynyň
basybalyjylykly çozuşlary netijesinde Gökdepede
dökülen nähak ganlar halkyň aňyndan çykyşmandy.
Eziz han türkmenleriň 1916-njy ýyldaky gozgalaňyny
patyşa goşunlarynyň gana gark edenini gözi bilen
görüpdi. Kolonial süteme sezewar edilen türkmen
daýhanlarynyň aňynda ruslaryň hemmesine bolan
ynamsyzlyk pugta ornaşypdy, her bir rus adamsyna
eziji hökmünde garalýardy. Eziz hanyň esasan,
öňki patyşa çinowniklerinden, ofserlerinden, köne
administrasiýanyň baştutanlaryndan ybarat bolan
Aşgabat hökümeti bilen gatnaşygy hem şeýle ruhda
ýola goýlupdy. Şonuň bilen birlikde wekilleriniň
agramly bölegi köne endik boýunça türkmenlere
ynam etmeýän ýa-da olara ulumsylyk bilen garaýan
ruslardan ybarat bolan Sowet häkimiýetine hem Eziz
hanyň nä derejede ynanandygyny aýtmak kyn. Eziz han
bir zada anyk göz ýetiripdir: Sowetleriň barlygynda,
oňa hanlyk ýetdirjek däldi. Dogry, Aşgabat hökümeti
Eziz hanyň halk arasyndaky abraýynyň uludygyny
göz öňünde tutup, ilkibadalar oňa päsgel bermän,
gaýtam ýalynjaňlyk hem edipdi. Elbetde, «ýeke-täk we
bitewi Russiýanyň» dikeldilmegi hakyndaky monarhik
ideýany kalbynda besleýän A. I. Denikin hem
Zakaspiniň «özbaşdaklygyna» ýol berip biljek däldi. Bu
ýagdaýlara göz ýetirenden soň, Eziz han her näme-de
bolsa Sowetleriň tarapyna geçmegi dogry tapýar we öz
maksadyny Sowet häkimiýetine ýetirmek üçin ýörite
adam iberýär. Ýöne ol gijä galtpdy – Eziz hanyň takdyry
eýýäm çözülipdi. Akgwardiýaçylar iňlisleriň ýakyndan
kömek etmekleri netijesinde Eziz hany tussag edýärler
hem-de ony «galtaman» hökmünde garalap atýarlar.
Eziz han şahsy durmuşynda nähili adam bolupdyr?
Ol dine ynanýan adam hökmünde ähli dini däpdessurlary pugta berjaý edipdir, arakdan, neşeden
arassa bolupdyr. Onuň dört sany aýaly bolup, şolardan
başga göz gyzdyrmandyr. Birinji aýaly Orazdursun
Hajymuhammet atly ogluny dogrup, ýaş üstünden
ýogalypdyr. Ikinji aýaly Ogulnäzik bolsa agasy Kasymguly
ölenden soň oňa dakylypdyr. Ondan Ogulabat
atly gyz we Eziz han ýogalandan dört aý geçensoň,
Döwranmuhammet atly ogul bolýar. Daýhanlar serdary
nähak atylyp öldürilenden ýarym ýyl geçensoň bolsa üçünji aýaly Aýnabatdan Amanmuhammet (Hommat)
dünýä inýär. Tussag edilmeziniň öň ýanynda öýlenen,
asly maryly iň ýaş dördünji aýaly Aknäzikden bolsa
nesil galmandyr. Serdar ölenden soň Eziz hanyň agasy
Salyh Aknäzigi Mara – atasy öýüne äkidipdir.
37-nji ýylyň tutha-tutlygy Eziz hanyň çagalaryndan,
hatda onuň doganlarynyň agtyklaryndan hem sowlup
geçmändir. Serdaryň ogullarynyň üçüsi-de, ýedi
ýaşyndaka gören kakasynyň keşbi çala ýadyna düşýän
Hajymuhammet-de, hatda kakasyny görmedik, ol
ýogalandan soň dünýä inen Döwranmuhammetdir
Amanmuhammet-de (Hommat) gözenegiň aňyrsyna
düşmeli boldy. Hajymuhammet bilen Amanmuhammet
on ýyla ýakyn tussaglykda bolup, sag-aman öýlerine
dolanyp gelipdirler, Döwranmuhammet bolsa şol ýerde
aradan çykypdyr. Eziz hanyň agasy Salyh Çapyk hem öz
gyzy Amangözel (ýazyjy Baba Japarowyň aýaly) bilen
birlikde sürgün edilýär we şol ýerde ýogalýar.
Takdyr diňe Eziz hanyň ýaňy-ýaňylara çenli Aşgabat
etrabynyň «Akdaşaýak» (öňki «Sosializm») kolhozynda
ýaşan ýalňyz gyzy Ogulabady tutha-tutluklardan aman
saklapdyr, Muňa-da onuň durmuşa çykyp, familiýasyny
üýtgetmegi sebäp bolupdyr. Eziz hanyň iň kiçi ogly
Amanmuhammet (Hommat) häzir Owadandepede
sag-aman ýaşap ýör. Häzir Eziz hanyň agtyk-çowluklary
dogduk obasy Herrikgalada, Ýasmansalyk obasynda,
Aşgabatda we Türkmenistanyň beýleki ýerlerinde
ýaşaýarlar.
1 лайков 168 просмотров
Комментариев нет
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.