Ölüp-Direlen
Gazel sürýän tanşym bar. Şol gürrüň berdi. Bir gün şeýle waka bolupdyr.
Bilýänsiňiz, köplenç şäher ýerlerinde gölegçiler tabydy Gazel maşyna ýükläp äkidýäler. Bir gün meni hem öwlüýä gölegçi bolup gitmäne hakyna tutdylar diýdi.
Hemme däp-dessurlar edildi.
Jynaza okaldy.
Tabyt ýüklendi.
Ugradyk.
Gitmeli ýer uzagam däl. Hemmeler gamgyn. Ortaky linýadan orta tizlik gidip barýardym.
Ine, birden arka tarapda güpürdi, tapyrdy eşdilip ugrady... Maşyn silkelendi... Bakawoýdan yzyma seretdim (gözlerime ynanamok), tabydyň gapdalyndaky adamlar maşyndan böküp başladylar (ýöräp barýan maşyndan)...
Goh-galmagal... Maşyn signallary... Ýoldan gyra sowulyp durdym. Düşip yzyna geçip seretsem, hiç kim galmandyr... Hool törde bir ýaşuly iki eli bilen ýüzüni tutyp otyr. Oda bökjek bolupdyr, görgüliň aýagy agyrýan ekeni, böküp bilmändir... Näme üçin böküpdirler diýýäňizmi??? Ynanýaňyzmy, hakyt tabyt gymyldaýa.... Tabyt däl, içindäki kepenli ýatan gymyldaýa...
Aldygyna urunýar...
Hemme zat düşnükli... Gudrat boldy öýdýän.
Jan giripdir...
Birki sany ýürekliräkler, belki tabytdakyň doganlary öýdýän, dözen däldirlerdä...(ýogsa hiç kim baryp bilmäne gorkup dur).
Tabydy söküp, kepeni sypyrdylar. Içindäki demigip, çygynyp göm-gök bolupdyr. Ukudan oýanan ýaly gözüni mölerdip otyr.
Her kim aňk-taňk. Hossarlary begenjeginem bilenok, haýran galjagynam...
Suw diläpdir, suw içirdiler....
Boldy. Şol durşyna yzymyza gaýtdyk.
Göz öňüne getiriň. Aýaly, çagalary agysyna bogulyp, bütin mähelläni üýşürip jynaza okalan adamy ýene yzyna diriligine getirseň nähili bolar??!
Tabytda ýalaňaç ýatansoň, adam şekilli eşik geýdirdiler. Aýaly we başga aýallar wägirdiler.... ýene perzent başgaça-da... başda tisginip dursalaram, soňra "Kakajan" diýip gujagyna ylgadylar...
Bu duýguny başgaça teswirläp bolonok. Asyl, ol adam näme üçin beýle bolup bildikä diýsek, obaň ady belli elektrigi ekeni... Ýagyşly güni iş üstünde mahaly kabeliň açygrak ýerini elläpdir... tok urýa, wagty bilenem göýbermeýä... Gözüniň hanasy garalyp gidipdir. Endamy saňňyldap durmyş. Puls'yny barlasalar uranok. Elbetde belli wagta çenli endamynda tok galýandyrda... Bagty garany ölendir öýdübem "öldi habar" ýaýradýalar. Yzynam an-ha ýokarda okadyňyz.
Menem köp eşidýärdim. Tok uran adama ilkinji kömegi berip ýetişseň, diri galmak ähtimallygy bar diýip. Göni äkidip çägä gömmeli diýýärdiler, ýa-da ökjesini deşip, syksaň, tok gök suw bolup, ökjeden çykyp gidýär diýýäler.
Togyň wat'y ýokary bolup, duýdansyz ursa, az wagtlyk ýüregiňi stuk berdirip bilýär ekeni.
Umuman, şeýle gudrat bilen şol adam diri galýar we häzirem ýaşap ýör.
Bir güni dossum ýörüte şol adamy saňa görkezeýin diýip, öýlerine äkidip görkezdi. Şol wakany öz agzyndanam eştdik. Özümiz ýaly adaty adam ekeni))) iň geň ýeri, entägem öňki elektrik kärini dowam edip ýör....)))

29комментариев
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.