Türkmenistanda hepdelik howa maglumaty (27.06-03.07)

Indiki hepde Türkmenistanyň aglaba welaýatlarynda adatdan daşary yssy bolmagyna garaşylýar. Howa maglumaty gullugy käbir sebitlerde howanyň +47 derejä çenli gyzmagy mümkin diýip habar berýär. Emma hepdäniň dynç günlerine golaý yssy biraz düşüşip ugrar.

Aşgabatda we Ahal welaýatynda duşenbe we sişenbe günleri termometriň sütünjigi +45 - +46 derejä ýeter. Çarşenbe güni howa +42 dereje bolar diýip çaklanylýar. Penşenbede aňrybaş temperatura +39 derejä çenli aşaklar, anna güni bolsa ýene +40 derejä galar. Dynç günleri temperaturanyň +33 derejä çenli aşaklamagy mümkin.

Balkan welaýatynda duşenbe we sişenbe günleri temperaturanyň derejesi +39 - +38-de saklanar. Çarşenbe güni aňryçäk temperaturanyň +35 derejä çenli aşaklamagyna garaşylýar. Penşenbe güni howa ýene gyzyp, temperatura +39 derejä galar. Anna gününden başlap, hepdäniň ahyryna çenli termometriň sütünjigi +35 derejäni görkezer.

Daşoguz welaýatynda duşenbe güni howa +43 derejä çenli gyzar. Sişenbede howanyň aňrybaş gyzgynlygy +45 derejä ýeter. Çarşenbe güni termometriň sütünjigi +40 derejä düşer. Penşenbe we anna günleri howanyň gyzgynlygy biraz düşüşip, +35 - +35 dereje bolar. Dynç günleri termometriň sütünjigi +30 derejäni görkezer.

Mary welaýatynda duşenbe we çarşenbe günleri aralygynda aňrybaş temperatura +46 derejede saklanar. Penşenbede termometriň sütünjiginiň +42 derejä çenli aşaklamagyna garaşylýar. Anna we şenbe günleri +41 dereje yssy bolar. Ýekşenbe güni howanyň +34 dereje bolmagy mümkin we tizligi sekuntda 16 metre ýetýän şemalyň öwüsmegine garaşylýar.

Lebap welaýatynda duşenbe we sişenbe günleri howanyň gyzgynlygy +45 dereje bolar diýip garaşylýar. Çarşenbe güni özi bilen +47 dereje yssy howany getirer. Penşenbe güni aňrybaş yssylygyň +40 derejä çenli peselmegi mümkin we termometriň sütünjigi tä şenbe gününe çenli şol derejäni görkezer. Ýekşenbe güni yssynyň +33 derejä çenli biraz düşüşmegi mümkin. Şeýle-de, dynç günleri şemal güýçlenip, tizligi sekuntda 16 metre ýeter.


@tmcars.info
4 лайков 300 просмотров
26комментариев
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Öwreniji
27 июн 2022, 07:42
29 na 48 gradus sag 21:00-da 41 gradusa düşýär. şo gün näme işlemeli bilmedim
Gauzen
Автор 27 июн 2022, 07:44
Remezan,
Haladilnige girip otyrmaly 1 sutka ufff
Maksat
27 июн 2022, 07:46
Şu günler yssy bolýa. Kondisionerem çekenok, tok pes.
Gauzen
Автор 27 июн 2022, 07:49
Bayker,
Çekende-de işlemeýän ýaly biziňkiler-ä
Biohimik
27 июн 2022, 07:50
Obaly gardaşlar gynanar sebabi obada tok gaty pes ozem bir peseleip bir beygelip dur kondinsioneri koydurup berya ol tok!
Biohimik
27 июн 2022, 07:51
Oyden cykman yataymasan yatan beryan bolsañ mañada bereweri allajan diyip?
-durdyyeva
27 июн 2022, 07:52
buuuu yssy yykyare
Gauzen
Автор 27 июн 2022, 07:52
biohimik.,
Dileg etde ýatyber diýýäňmi ;))
Gauzen
Автор 27 июн 2022, 07:54
-durdyyeva,
Gaýrat et, gaýrat et, gaýrat eeeet hihi
Ahmet
27 июн 2022, 08:47
Tok diňe bizde pesmikä diýsem başga ýerde-de pes ýerler bar ekenä...
Bizdä toguň naprýaženiýesi režim boýunça üýtgeýän ýaly. Her gün şol bir wagtda şol bir naprýaženiýe. Tanyş bolaryn diýseňiz:
Irdenden abede çenli kadaly, 210-230V, abet eýýäm haýallap başlaýar, 210V naprýaženiýe sagatda 10V haýallaýar. Meselem, 12-lerde toguň naprýaženiýesi 210V bolsa, 13-de eýýäm 200 sagat 2de 190V 3-de 180V. Onsaň şu 180V wolt naprýaženiýe agşama çenli saklanýar. Öýlän 18 töweregi örän çalt pese gaçýar, 19-da 160V, 20:00-dan ýary-gijä çenli ortaça naprýaženiýe 135V. Bu wagtda toguň naprýaženiýesi 125-150V aralygynda oýnaýar. Heýem bir şundanam bir tok bolarmy? Arz-şikaýat edip jaň etseňem, bizede düýpden haýal gelýär, nätjek, oňuşyk etmeli bolýar diýýärler. Hökümet gözegçilik edenokmyka bu zatlara?! Subutnamalar bar, wideo aldym, surata aldym. Tutuş köçe şol toga kaýyl bolup otyr, ýeke özüm saýlanyp çykyp oturmaýyn diýýändä. Ýogsa degişli ýerlerine subutnamasy bilen bilelikde ýazmaça iş geçirseň düzetjeklerini bilýänle welin, aý bor-da, ýene men günäkär bolmaly bir giden başlyklaryň gözünde.
Lil Pro
27 июн 2022, 09:04
Duyna 52 gradus gorkezip durdy achyk howada yene bilmedim gradusy dushurip aytyalarmy namemi
Ahmet
27 июн 2022, 09:07
Nakal lampalar şem ýaly bolup ýanýar (işleýär, ýagtylyk saçýar), tok iýmeýän (LED) lampalar margat edýär, işläp bilenok. Kondisioner, holodilnik (sowadyjy) barada gürrüňem ýok. Olary öçürip goýaýýas. Işläbilmän titräp dur.
Öwreniji
27 июн 2022, 09:08
Gauzen,
He he düýnem Holadilnikden çykardylar,
Ahmet
27 июн 2022, 09:09
Remezan,
Senimi:)
Öwreniji
27 июн 2022, 09:14
Ahmedik_97,
Hawa Günde obede golaýlaýa, holodilnige dykýalar, öldürmejek bolup. ( menem gerek ekenim)
Ahmet
27 июн 2022, 09:15
Remezan,
:D
Siz tarapda holodilnik işleýärmi?
Maksat
27 июн 2022, 10:10
Ahmedik_97,
Tok gaty pesaý, geçen ýyl ýene gowudy.
Maksat
27 июн 2022, 10:15
Remezan,
Yssy bolsa holadilnige giräýýäňmi, göz öňüme getirdim şuwagt:)). Sygýan bolsaň bolýala, men ýaly ýüzkilelik sygmazam:). Kynaý özä gaty yssy bolýa.
Soho
27 июн 2022, 10:26
peselip-gatalyan tok dine bizin obamyzda dal eken:ow, tok pes, suw akanok, men:a oydakilere "gazdan bir hakynyzy gidirman, yakyp goyun, gyshda olam peseler" diyyan...
noname
27 июн 2022, 10:36
Soho,
Biza gyşda gaz hayal bolsa miras kanaly acyp goyyas. Gije ot yanyp durandyr şonda
Ahmet
27 июн 2022, 10:50
Soho,
danger,
Gülüp içim gyryldy, sagboluň hehehe
#B.S
27 июн 2022, 11:27
Biziň obada ýaman doňaklyk bolup dur :))))
Öwreniji
27 июн 2022, 12:00
Ýoklaý biz yssyny gorkuzmalylaý, gyžda maýkaly, buz gaýmak iýip, sowuk suwa düşmeli, üşeýäniňi bildirmeli däl, tomusda bolsa, peji ýakyp, possun, ädik geýinmeli şonda kär edip bilmeýä
Soho
27 июн 2022, 12:44
Remezan,
onune-de gyzgynjak chay alyp diyyanmi
Gauzen
Автор 27 июн 2022, 13:45
Soho
Remezan,
onune-de gyzgynjak chay alyp diyyanmi

Gowaa gider tüp yssyda çaý içseň güpbüli zatly yegipt
SmartLider
27 июн 2022, 14:50
Soho,
Remezan,
Yssy heşelle kakaýmasa beýtseň :)