Türkmenistanda geljek hepdäniň howa maglumaty (19.09 — 25.09)
Türkmenistanda sentýabr aýy yssy bolup gelýär. Geçen hepde bilen deňeşdirilende, ýurt boýunça ortaça aňrybaş temperatura 4 dereje diýen ýaly ýokary bolup, +35 dereje bolar.
Aşgabatda we Ahal welaýatynda ortaça temperatura, geçen hepde bilen deňeşdirilende, dört dereje ýokary bolup, +34 derejäni görkezer. Howa maglumaty gullugy duşenbe we sişenbe günleri howa +33 dereje bolar diýip çaklaýar. Çarşenbeden anna gününe çenli termometriň sütünjigi +35 derejäni görkezer.
Şenbe güni howanyň +37 derejä çenli gyzmagy mümkin, ýekşenbe güni bolsa aňrybaş temperaturanyň +34 derejä çenli aşaklamagyna garaşylýar.
Balkan welaýatynda ortaça temperatura, geçen hepde bilen deňeşdirilende, üç dereje ýokary bolup, +35 derejäni görkezer. Duşenbe güni +34 , sişenbe güni bolsa +35 derejä çenli yssy bolmagyna garaşylýar. Çarşenbe we penşenbe günleri özi bilen +36 dereje yssyny getirer. Anna we şenbe günleri howanyň +38 derejä çenli gyzmagy mümkin, emma ýekşenbede welin temperaturanyň birden aşaklap, +33 derejä düşmegine garaşylýar .
Daşoguz welaýatynda hepdäniň ortaça temperaturasy, geçen hepde bilen deňeşdirilende, birbada bäş dereje ýokarlanyp, +33 dereje bolar. Duşenbe güni howanyň +31 dereje bolmagyna garaşylýar. Sişenbe we çarşenbe günleri özi bilen +32 dereje yssyny getirer. Penşenbede termometriň sütünjigi +33 derejä çenli galar. Anna güni +34 derejä çenli, şenbe we ýekşenbe günleri bolsa +35 derejä çenli yssy howanyň bolmagyna garaşylýar.
Mary welaýatynda ortaça temperatura, geçen hepdäniňki bilen deňeşdirilende, üç dereje ýokary bolup, +35 derejäni görkezer. Duşenbe güni howanyň +33 derejä çenli yssy bolmagyna garaşylýar. Sişenbeden anna çenli gündizine aňrybaş temperatura +35 dereje töwereginde saklanar. Şenbede termometriň sütünjigi +36, ýekşenbe güni bolsa +37 derejä ýeter.
Lebap welaýatynda ortaça temperatura, geçen hepde bilen deňeşdirilende, dört dereje ýokary bolup, +35 derejäni görkezer. Duşenbe gününden anna çenli termometriň sütünjigi sebitde +35 derejede saklanar. Dynç günleri howanyň +36 derejä çenli gyzmagy mümkin.
Çeşme: TmCars .info/news

Комментариев нет
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.