Şalynyň bägül ysly görnüşi döredildi
ABŞ-nyň Arkanzas oba hojalyk tejribe ulgamynyň amerikan alymlary şalynyň «19AR231» atly görnüşini döretdiler. Bu şalydan alnan tüwiniň bägüliň yzyna meňzeş ysy bar. Häzirki wagtda şeýle hoşboý ysly şaly Tailanddan ösdürilip ýetişdirilýär we ABŞ-na eksport edilýär. Şalynyň bu görnüşiniň ortaça hasyly her gektardan 8,5 tonnadan gowrakdyr. Arkanzasda geçirilen synaglar bu şalydan öndürilen tüwiniň saglyk üçin hem peýdalydygy bellenilýär. Şalynyň saglyga peýdasy geçirilen tejribeler arkaly anyklandy.
ABŞ-nyň Oba hojalygy ministrliginiň Ykdysady gözleg gullugynyň habaryna görä, soňky döwürde ýurduň içerki bazarynda tüwä bolan islegiň ýokarlanmagy netijesinde, bu önümiň importy ep-esli artdy. Hut şu maksat bilen, bilermenler topary ýurduň howa şertlerine laýyklykda, şalynyň täze görnüşlerini döretdiler. Arkanzas uniwersitetiniň oba hojalygy ykdysadyýetiniň dosenti, bu sorty taýýarlamaga gatnaşan alymlaryň biri bolan Alwaro Duran-Morata bu täze görnüşiň ABŞ-dan däne eksportynyň geljegi üçin hem ähmiýetlidigini belleýär. Şalynyň bu sorty indi Arkanzasda ösdürip ýetişdirmek üçin resmi ýagdaýda tassyklandy. Şeýle hem tüwi gözlemek we ösdürmek boýunça Döwlet geňeşi bilen maslahatlaşylandan soň, köpçülige hödürlenildi. Oňa laýyklykda, alyjylar tohum satyn almazdan öň degişli ygtyýarnama gol çekýärler. Geljekde şalynyň bu görnüşiniň eksport edilmegi meýilleşdirilýär.
Zaman Türkmenistan gazeti,
30.04.2022ý.

4комментария
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.