Maýa goýumynyň mukdaryny artdyrar
Tehnologiýanyň ösmegi çiplere bolan islegi görnetin ýokarlandyrýar. Şeýle bolansoň ýarymgeçiriji öndürýän kompaniýalar maýa goýumlaryny artdyryp, täze desgalary gurýarlar. Bu ugurda dünýäniň öňdebaryjy kompaniýalarynyň arasyndaky bäsdeşlik gyzyşýar. Taýwanyň TSMC kompaniýasy umumy mukdary 120 milliard dollar bolan täze maýa goýum taslamasyny taýýarlady. Taslamanyň çäklerinde Taýwanda her biriniň bahasy 10 milliard dollar bolan dört sany önümçilik desgasy gurlar. «Nikkei Asia» neşiriniň habaryna görä, bu desgalaryň ählisinde ösen 3nm çipler öndüriler.
Golaýda «Samsung» kompaniýasy bu pudaga 355 milliard dollar maýa goýum gönükdirjekdigini mälim edipdi. Bu iki kompaniýa hem şu ýylyň dowamynda 3nm çipleriň önümçiligine başlamagy maksat edinýär. 2025-nji ýylda bolsa 2nm çipleriň önümçiligi ýola goýlar. «Samsung»-yň 3nm GAA tehnologiýasy arkaly öndürilen çipiň ölçegi 35 göterim kiçi bolup, ozalky nesle degişli çipden 30 göterim güýçli bolar.
Häzirki wagtda bu iki kompaniýa öz enjamlarynda 4nm çipleri ulanýan AMD, «Apple», «Nvidia», «Qualcomm» we «MediaTek» ýaly tehnologiýa kompaniýalary bilen hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmaga çalyşýar.
Ýeri gelende bellesek, soňky wagtlarda ABŞ, Ýaponiýa we Ýewropa ýurtlary ýarymgeçiriji bazaryndan has köp paý almak üçin hususy kompaniýalar üçin hödürleýän ýeňilliklerini artdyrdylar. Ispaniýada we Germaniýada täze zawodlaryň guruljakdygy mälim edilen bolsa, Ýaponiýa bilen ABŞ 2nm çipleriň önümçiligini ýola goýmak üçin taslama taýýarlaýar.
Zaman Türkmenistan gazeti,
23.06.2022ý.

3комментария
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.