Iň be­ýik myh­man­ha­na açyl­dy

Dün­ýä­niň iň be­lent myh­man­ha­na­sy «J Ho­tel Shang­hai To­wer» 19-njy iýun­da Şan­haý­da res­mi taý­dan açyl­dy we il­kin­ji myh­man­la­ry­ny ka­bul edip baş­la­dy. Ka­şaň myh­man­ha­na «Shang­hai To­wer» gök­di­rä­nin­de ýer­le­şip, ol Du­ba­ýyň 828 met­re ýet­ýän «Burj Ha­li­fa» gök­di­rä­nin­den soň, dün­ýä­dä­ki iň be­lent ikin­ji bi­na (632 metr) ha­sap­lan­ýar. Myh­man­ha­na­nyň soň­ky 120-nji ga­tyn­da res­to­ran ýerleşip, ol ýer­de 557 metr be­ýik­lik­den şä­he­ri syn­lap bol­ýar. Res­to­ra­nyň has ýo­kar­da ýer­leş­ýän­di­gi üçin Gin­ne­siň re­kord­lar ki­ta­by­na gir­me­gi­ne ga­ra­şyl­ýar.
Myh­man­ha­na­nyň ka­bul­ha­na­sy 101-nji gat­da, 474 metr be­lent­lik­de ýer­leş­ýär. Myh­man otag­la­ry 86-njy we 98-nji ga­tyň ara­syn­da ýer­leş­ýär. Şeý­le hem myh­man­ha­na­da 393 metr­den gow­rak be­lent­lik­de 84-nji gat­da ho­wuz bar.
Umu­man ala­nyň­da, myh­man­ha­na­da 165 otag bo­lup, ola­ryň 34-si iň ýo­ka­ry de­re­je­li­si­dir. Gök­di­rä­niň gur­lu­şy­gy­na 15 mil­liard ýu­an (2,3 mil­liard dol­lar) harç­la­nyl­dy. Şeý­le hem bi­na­da ofis otag­la­ry, dü­kan­lar, res­to­ran­lar we 118-nji gat­da Hy­taý­da iň be­ýik gö­zeg­çi­lik meý­dan­ça­sy ýer­leş­ýär.
1 лайков 113 просмотров
Комментариев нет
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.