Windows 11 tanyşdyryldy
“Microsoft” kompaniýasy amaly ulgamynyň 11-nji neslini tanyşdyrdy. Programma üpjünçilik kompaniýasynyň “Windows 11” amaly ulgamynda täze “Başla” menýusy bolar. “Microsoft Teams” integrasiýasy we täze “Windows” dükany arkaly täzelenip durmagy üçin “widget” bilen üpjün ediler. Şeýle hem täze amaly ulgam “Android” programmalaryny hem işledip biler.
Güýz aýlarynda çykmagyna garaşylýan “Windows 11”-i “Windows 10”-lara tölegsiz geçirip biler. “windows.com” saýtyna girip, “PC Health Check” programmasyny göçürip alyp, kompýuteriňiziň täze amaly ulgama almak üçin amatlydygyny ýa-da däldigini anyklap bilersiňiz!
“Windows 11” has özüne çekiji, şol birwagtyň özünde ulanmak üçin has amatly bolar. “Başla” düwmesi ekranyň çep, aşagynda däl-de, ortasynda ýerleşer. Bu ýerden iň soňky ulanan papkalaryňyzy, resminamalaryňyzy we programmalaryňyzy görüp bilersiňiz.
Şeýle hem “Windows 11” programmalaryň has täze görünmegini gazanmak üçin tegelek burçlar we akgynly işleýän “gönükme paneli” bilen üpjün edilipdir. Täze reňkler papkanyň mazmunyny bilmäge ýardam eder. Täze “widget”-ler bolsa, senenama, howanyň ýagdaýy, täzelikler, ediljek işleriň sanawy, suratlar we beýleki el-ýüzde duraly zatlary aňsatlyk bilen görmäge mümkinçilik berer.
Şeýle hem ses ýazgysyny tekste geçirýär we punktuasiýasyny awtomat ýagdaýda has dürs ýerine ýetirip bilýär. Tekst ýazylýan wagty “şuny öçür” ýaly buýruklary hem ýerine ýetirýär.
“Microsoft Store” hem täzeden dizaýn edilipdir. Şeýlelikde ulanyjylar gerekli applikasiýalary aňsatlyk bilen tapyp bilerler.

4комментария
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.